6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Maglumatlar-telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň sergisi.

Türkmenistanyň paýtagtynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2012» atly VI halkara sergisi öz işini tamamlady, sergi Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. 

Däp boýunça her ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda guralýan pudaklaýyn gözden geçiriliş oňa gatnaşan köp sanly adamlarda, myhmanlarda we bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi, üç günüň dowamynda olara ýurdumyzyň aragatnaşyk, teleradioýaýradyş we maglumatlar tehnologiýalaryna degişli hyzmatlar boýunça gazananlary, şeýle hem dünýäniň telekommunikasion industriýasynyň täzelikleri, häzirki döwürdäki ýagdaýlar we bu ulgamy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri bilen jikme-jik tanyşmyga oňaýly şertler döredildi. 

Bazaryň örän uly mümkinçiliklere eýe bolup, batly depginler bilen ösmegi, milli ykdysadyýetiň kämilleşýän infrastrukturasy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň ählisi, şol sanda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen ysnyşykly bagly bolan argatnaşyk ulgamy we telekommunikasiýalar boýunça gatnaşyklary giňeltmek üçin, Türkmenistanyň özüne çekiji bolmagyny üpjün edýär. 

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatdaky gözden geçirilişe ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Koreýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Sloweniýanyň, Litwanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň has kämil tehnologiýaly enjamlary öndürijileri, işläp taýýarlaýjylary we getirip berýänleri gatnaşdylar. Öňden bäri ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýänler bilen birlikde, tele we radiokommunikasiýalary, sanly görnüşde ýaýradyş ulgamlaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar, maglumatlaryň gorlarynyň terminaly döredilýär we elektron görnüşdäki resminamalaryň dolanyşygyna degişli ulgam ornaşdyrylýar. Olaryň arasynda Rohde & Schwarz», «THALES», «Gilat Satellite Networks», «Nokia Siemens Networks», «Hermes», «Eurasiatrans», «HUAWEI Technologies», «SICKO», «AMD Telecom», «Prima Telekom» « ýaly kompaniýalar, «Gazprom Kosmiçeskiýe sistemy» açyk paýdarlar jemgyýeti, «Polimeks», «MMI bisiness servises», «Iskratel», «Motorola Solutions Germany», «Doglogiх» ýaly kompaniýalar bar. Hünärmenleriň-menejerleriň pikirine görä, şu pudaga içerki we daşarky maýa goýumlarynyň gönükdirilmegine esaslanýan syýasatyň üstünlikli ýöredilmegi dünýäniň birgiden ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine hem-de geljegine uly umyt baglanýan türkmen bazarynda maglumatlar we kommunikasion tehnologiýalary öndürijileriň we bulary ýetirijileriň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyň artdyrylmagynyň höweslendirilmegine ýardam berdi. Litwanyň öz ornuny tapmak we berkitmek babatda gyzyklanma bildirýän «InfoBalt» atly birleşen assosiasiýasynyň düzümindäki «NRD», «CID», «Informacine raida», «TARK GRUNTE SUTKIENE», «Alna», «Rittal», «BGM» ýapyk paýdarlar jemgyýetleri şu ugurlara degişli teklipleriniň toplumyny, netijeli işläp taýýarlamalary we innowasiýalary, şeýle hem-de gözegçilik etmek boýunça maglumatlar ulgamlary we döwlet registrlerini döretmek, ol sanda deňiz ulgamyy bilen bagly toplumlaýyn çözgütleri hödürlediler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini we döwlet dolandyrylyşyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda, bu ugurlar has-da derwaýys ähmiýete eýe bolýar. 

Ýurdumyzyň hususy telekeçiliginiň wekilleri döwlet edaralary we pudaklaýyn kärhanalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly üstünlikli işleýärler, olar maglumatlar we kompýuter tehnologiýalarynyň we hyzmatlaryň bazarynda, şol sanda ulgama tehniki taýdan hyzmat etmek, tele we radio ýaýlymlaryny ýaýratmak, wideo arkaly gözegçilik etmek we howpsuzlyk boýunça daşyry ýurtly hyzmatdaşlar bilen arkalaşykly hereket edýärler. «ADVIS», «Sypaýy», «Imdat Elektronika», «Sitkom», «Türkmen akaba», «Nurseçme», «Niýet-optik», «Sony-Nur», «Hasabat», «Ak Sim», «Guwan», «Gujurly inžener», «Asuda asman» hojalyk jemgyýetiniň, «Alt», «Intek», «Wiwatek» açyk paýdarlar jemgyýetleriniň 30-dan gowragynyň ekspozisiýalary telekeçileriň ýurdumyzyň telekommunikasiýalarynyň, öýjükli we mobil aragatnaşyk ulgamlarynyň we Internet-ulgamynyň ösdürilmegine we öňde baryjy orunlara çykarylmagyna önjeýli goşant goşýandygyny aýdyň görkezdi.

Sergide ilkinji gezek telekeçileriň bazardaky täze önümi –Türkmenistanyň Arzuw.net milli maglumatlar-gözleg portaly bilen tanyşdyryldy. 

Ýeri gelende aýtsak, aragatnaşyk ulgamy we telekommunikasiýalar serişdeleri boýunça gazanylanlaryň halkara gözden geçirilişine ulag ulgamynyň düzümleri işjeň ýagdaýda gatnaşdylar, radionawigasiýa, ulaglaryň akymynyň monitoringi, meteostansiýalar we beýlekiler boýunça has duýgur ulgamlar arkaly, bu düzümleriň awialiniýalardaky, demir we awtomobil ýollaryndaky gatnawlary netijeli dolandyrmak bilen bagly işleriniň üstünlikli alnyp barylmagy üpjün edilýär. 

«Türkmentel-2012» atly halkara serginiň çäklerinde «Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa gatnaşanlaryň arasynda iri halkara guramalaryň: Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Aragatnaşyk boýunça sebitdäki arkalaşygyň, Ýewropanyň telekommunikasion standartlar boýunça institutynyň, Merkezi Aziýanyň öýjükli aragatnaşyk forumynyň, şeýle hem Ýaponiýanyň Sony Elektronik, Microsoft Korporasiýasy, Siemens, COLVIR Softgate Solution, Turaya Telekommunication, Eastwind, MTS MITAS Telekom Systems, Avaya Nederland, Comviva Technologies ýaly biznes-kompaniýalarynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary, menejerleri bar. 

Ylmy maslahatyň maksatnamasy boýunça maglumatlar tehnologiýalaryny we aragatnaşygy ösdürmekde hökümetleriň strategiýasy we orny, aragatnaşyk boýunça sebitlerdäki bazarlary ösdürmek we olaryň ähmiýeti, daşary ýurt maýa goýumlary üçin ileri tutulýan ugurlar, hemra arkaly ulanylýan tehnologiýalary, telekommunikasiýalary we teleradioýaýradyşy kämilleşdirmek, Interneti döwrebaplaşdyrmak we programmalar bilen üpjün etmek, maglumatlaryň howpsuzlygy ýaly ählumumy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Iki günüň dowamynda geçirilen mejlisleriň barşynda aragatnaşyk boýunça milli döwlet düzümleriniň hünärmenleri we bilermenleri, işläp taýýarlaýjy tanymal alymlar, programmalary işläp düzüjiler, işewür toparlaryň wekilleri özleriniň täze teklipleri we oý-pukirleri bilen çykyş etdiler. Forumdaky çykyşlar özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegine uly umyt baglanýan ugurlarynyň ýagdaýyny aýdyň göz öňüne getirmäge mümkinçilik döretdi. 

Serginiň işi tamamlanandan soňra, onuň ýapylyş dabarasy bolup geçdi, şonda sergä gatnaşyjylara ýörite diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy. 

«Türkmentel-2012» atly VI halkara sergä we «Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler we şonda döwlet Baştutanymyza Aşgabatda pudagy ösdürmegiň möhüm ähmiýetli meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly mümkinçiligiň döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, geçirilen forumyň özgertmeler boýunça milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna we tutuşlygyna alanyňda, Türkmenistanyň dünýäniň kommunikasion giňişligine üsünlikli goşulyşmagyna ýardam berjekdigini aýtdylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza Boýunça Welosipedli Gezelenç Etdi

Brent Nebitiniň Bahalary 2015-nji Ýyldan Bäri Ilkinji Gezek Barrel Üçin 57 Dollardan Geçdi

Türkmenistanda Geçirilen ÝHHG-niň Seminary

syrach