Türkmen tebigatynyň gözel özboluşlylygy hemişe syýahatçylaryň, şol sanda ajaýyp pursatlary öz duýgy äleminden geçirip beýan edýän nakgaşlaryň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň Çeperçilik sungaty muzeýinde ýurdumyzy ň owadan ýerleriniň manzarlary şekillendirilen, keramatly saýylýan taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan eserleriň ençemesi saklanylýar. Mäti Orazberdiýewiň „Magtymyň aramgähi“ suraty-da şolaryň biri.
Nakgaş taryhy-medeni ýadygärligiň ruhy şekiline tomaşaçylaryň ünsüni çekýän göwrümleýin-giňişlik tilsimini ulanypdyr. Aramgäh al-elwan gülälekleriň arasynda şekillendirilipdir. Dag gaýalarynyň owadan görnüşidir päkize asmandaky näzkden-gülgüne bulutlat rahatlyk duýgusyny döredýär.
Nakgaşlaryň eserlerindäki binagärlik ýadygärlikleriniň gymmatly aýratynlygy -ol tomaşaçylaryň aňynda ol kime bagyşlanan, haçan bina edilen, nirede ýerleşýär diýen sowallar döredýär. Diýarynyňdyr halkynyň taryhy bilen gyzyklanma milli aňyň özenidir, ruhy dowamatlyk bolsa milli özboluşlylygyň esasydyr.
Aramgäh kimiň hatyrasyna guruldyka? Munuň jogabyny ХV asyryň senenamalaryndan agtarmaly. Şol döwürde türkmenleriň ykbalynyň agyr döwri bolupdyr-daşky duşmanlara garşy göreş iliň egnine agyr labyr bolup inipdir. Tire-taýpalaryň birleşmegi zerur bolupdyr. Gürgen düzlerinde ýaşan Magtym muazzem („magtym“-arapça „hojaýyn, jenap“, muazzem bolsa-„tanymal, şan-şöhratly“ many berýär) dagynyk taýpalaryň öňüne düşen kearamtly kişi bolupdyr.
Rowaýatlarda aýdylşyna görä „ ol on ýyllap öz welaýatyna adalatlyk bilen häkimlik edipdir“. Ýöne gürrüň onuň dünýewi edara edişi däl-de, dini baştutanlygy barada bolsa gerek. Ulama ýogalandan soň onuň müritleri takmynan 1494-1495-nji ýyllarda ulamanyň wesýeti bilen piriň jesedini akmaýa atarypdyrlar, düýe janawer nirde çökse, şol ýerde-de ony jaýlamaly ekeni. Akmaýa Sumbar derýasynyň owadan künjegindäki gadymy Magtym galanyň golaýynda çöküpdir.
1507-1508-nji ýyllarda keramatly piriň guburynyň üstünde orta asyr binägärligine mahsus usulda goşa gümmezli we girelgeli aramgäh gurlupdyr. Onuň içki diwarlary toýun panelli bolup, oňa arapça ýazgylar we manzarly bezegler salnypdyr.
Asyrlar aşyp, aramgähiň köp ýerine zeper ýetenem bolsa, ol häzirem kaşaň görküni saklap galypdyr. Ýurdumyzyň çar künjeginden zyýaratçylar keramatly pirden kimse nesil, kise saglyk, beýlekileri rysgal-döwlet diläp gelýärler. Her kim bu ýerden ruhy rahatlyk tapýar. Magtym-muazzem diýarymyzyň taryhynda ýitmejek yz galdyrypdyr, oňa minnetdar nesilleriň sarpalaýan äramgähi bolsa türkmen ruhynyň we dowamat-dowamlygyň aýdyň subutnamasy bolup galypdyr.