13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YKDYSADYÝET

Magtymguly etrabynda täze zawod açyldy.

Magtymguly etraby Şu gün bu ýerde, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň çäginde agyz suwy we alkogolsyz içgileri öndürýän zawodyň ulanylyşa girizilmegi mynasybetli dabaraly çäre boldy. Sözüň doly manysynda kämil tehnologiýalar bilen abzallaşdyrylan bu häzirki zaman kärhananyň gurluşygy Azyk senagaty assosiasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy boýunça ýerine ýetirildi.

Täze zawod dabara gatnaşyjylary we myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylady. Şanly sene mynasybetli bu ýere golaýdaky obalaryň ýaşaýjylary, welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, jemgiýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulylar ýygnandylar. Dabara artistler we aýdym-saz, tans toparlary hem özleriniň döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Olar öz ussatlyklaryny uly konsert maksatnamasynyň dowamynda görkezdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ilaty oňat hilli agyz suwy bilen üpjün etmek türkmen halkynyň abadançylygyny we gülläp ösüşini esasy maksat edinýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Suw üpjünçiligi bilen bagly dürli desgalaryň, şol sanda suwy arassalamak we öndürmek boýunça kärhanalaryň, suw süýjediji desgalaryň gurluşygy “Türkmenistanyň Prezidentiniň, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş – ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň”, şu ýylyň başynda tassyklanan “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň”, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüş boýunça pudaklaýyn we sebitleýin meýilnamalaryň wajyp ugry bolup durýar.

Magtymguly etrabynda türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan “Sumbar” atly täze zawod bu ýerdäki subtropiki ýaýlanyň daglarynyň çeşmelerinden gelýän agyz suwy arassalamaklyga ýöriteleşdirilendir. Şol çeşmeleriň biri hem Sumbar derýasynyň orta akymlarynda ýerleşip, 60 metre golaý ýokardan Köpetdagyň gaýalaryna inýän Gargylydyr. Ol özüniň süýji suwy bilen tapawutlanýar. Hut şol hem taslama kuwwatlylygy ýylda 3 million dekalitr önüm öndürjek kärhananyň çig mal gory hökmünde saýlanyp alyndy.

3 gektar meýdanda ykjam ýerleşen häzirki zaman kärhanasy daşary ýurtlaryň, esasan hem ýewropaly abraýly önüm öndürijileriň iň täze enjamlary bilen abzallaşdyryldy. Bu ýerde tehnologiki ugurlaryň 3-si hereket edip, olaryň 2-si tebigy çeşmelerden arassa agyz suwyny öndürmeklige niýetlenendir. Olar 0,5 hem-de 1,5, şeýle-de 5 litrlik plastiki gaplarda goýberiler. Ýene-de bir tehnologiki ulgam “Sumbar” diýen sowadylan içgiler tapgyryny öndürmek üçin enjamlaşdyryldy.

Ýeri gelende bellesek, kärhananyň önümleriniň oňat hili diňe bir tebigat tarapyndan kepillendirilmän, eýsem köptapgyrly, ultramelewşe we süzüp arassalamak ulgamlarynyň netijeli işiniň miwesidir.Onuň hil babatda ýokary ülňülere laýyk gelmegine ähli zerur enjamlar bilen abzallaşdyrylan barlaghananyň işgärleri gözegçilik ederler. Umumylykda zawodda 170-den gowrak adam işlär. Olaryň zähmet çekmekligi üçin amatly şertler döredilipdir.

“Ýeňiş” daýhan birleşiginde geçirilen dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada yzygiderli alada edýändigi, amala aşyrýan parasatly we oýlanyşykly syýasaty üçin Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu syýasatyň many-mazmuny we ileri tutulýan ugurlary döwlet Baştutanymyzyň “Döwlet-adam üçindir!” diýen şygarynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Zawodyň açylyş dabarasynyň ahyrynda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we milletiň Lideriniň baş saglygyna sadaka berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Daşary Ýurtlardan Getirilýän Harytlaryň Ýurdumyzda Öndürilmegi

turkmenhabargullugy

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk.

syrach

Sement Zawodynda Ýöriteleşdirilen Dükan

syrach