4.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna zyýarat

Türkmenistanyň döredijilik işgärlerinden düzülen wekiliýet beýik türkmen nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna zyýarat etmek maksady bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna ugrady. 70 adamdan ybarat bolan wekiliýetiň hatarynda medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, ýokary okuw mekdeplerniň mugallymlary, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Mälim bolşy ýaly, her ýylda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk geçirilýän döwürde Türkmenistanyň döredijilik işgärleri türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary we atlary dünýäniň beýik şahyrlary bilen bir hatarda durýan Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna zyýarat etmek üçin Eýran Yslam Respublikasyna gidýärler. Bu ussatlarynyň eserlerinde ýiti zehin, çuňňur many hem-de duýgur ýürek ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Olaryň şygyrlary ölmez-ýitmezdir. Asyrlar aşyp, mähriban topraga çuňňur söýgi, öz halkyna wepalylyk, we milletiň döredijilik güýjüne bolan ynam hem-de beýik many häzirki döwürde dünýäniň millionlarça adamlarynyň ýüreklerinde ymykly orun tutdy. Magtymgulynyň eden arzuwlary we ündewleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelerde öz beýanyny tapdy.

Eýran Yslam Respublikasynda beýik türkmen şahyrlarynyň aram tapan ýerine barýan ýoluň ugrunda, Serdar etrabynda, Etrek etrabynyň Çat we Magtymguly etrabynyň Gerkez obalarynda wekiliýetiň agzalary mähirli garşylanyldy. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiliniň Watany zyýarata barýanlarda uly täsir galdyrdy. Zyýaratçylar ol ýerde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdular we şahyryň muzeýine baryp gördüler.

Ertir türkmen wekiliýetiniň agzalary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň hormatyna guraljak dabaraly çärelere gatnaşarlar, Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasyndaky nusgawy şahyrlaryň guburlaryna baryp görerler we türkmen halkynyň beýik ogullaryny hatyralarlar. Günüň ikinji ýarymynda zyýaratçylar Marawadepe şäherinden Watanymyza tarap ugrarlar.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Sagdyn Nesil Kemala Gelýär

Astrahanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy Bellenildi

syrach

Türkmen-Ermeni Hyzmatdaşlygynyň Hukuk Binýady Giňeldildi