Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda Magtymgulynyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp kitap sergisi açyldy.
Medeni- köpçülikleýin bölüminde görkezilýän eksponatlar okyjylary Magtymguly Pyragynyň öňki we soňky çap edilen goşgylary, türkmen ýazyjylarynyň Magtymguly barada ýazan çeper eserleri, ajaýyp söz ussadynyň döredijiligi baradaky gözlegler we ylmy makalalar bilen tanyşdyrýar.
Sungat bölüminde guralan sergi okyjylary Magtymgulynyň sözlerine döredilen saz eserleri bilen tanyşdyrýar. Daşary ýurt edebiýaty bölüminiň diwarlyklarynda bolsa daşary ýurt çaphalarynda dürli ýyllarda çap edilen türkmen şahyrynyň goşgular ýygyndysy ýerleşdirilipdir. Olaryň ýaýrawy bolsa örän giňdir. Bu ýerde Magtymgulynyň dünýä halkarynyň 20-den gowrak dillerine terjime edilen eserleri saklanylýar.
Seýrek duş gelýän eserler okyjylarda aýratyn gyzyklanma döredýär. Olar bilen Gymmatly we seýrek duş gelýän kitaplar bölüminde tanşyp bolar. Bu ýerdäki her bir nusga gadymy wagtlaryň möhürini özünde saklaýar. Bu ХIХ asyryň ahyrlarynda ХХ asyryň başlarynda çap edilen galyň kitaplaryň grafikasynda, harpynda we bezelşinde aýdyň duýulýar. Meselem, serginiň eksponatlarynyň arasynda şeýle seýrek duş gelýän kitaplardan 1907-nji ýyldan başlap 1917-nji ýyla çenli on sapar çap edilen Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy bolup durýar. Bu ýygyndynyň goşgulary ilkibaşda 1904-nji ýylda türkmen dilinde çykýan Türkmenistan we;aýatynyň gazetiniň her bir sanynda çap edilipdir. Berdi Kerbabaýew tarapyndan çapa taýýarlanan we 1926-njy ýylda neşir edilen Magtymgulynyň goşgularynyň ýygyndysy hem bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döredýär.