6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Mahmud Abbas Hytaýda resmi saparda bolýar.

Paýtagat Pekindäki Beýik halk zalynyň howlusynda geçirilen resmi garşylama dabarasyndan soň Sinping bilen duşuşan Palestinanyň lideri Abbas Ysraýyl we Palestina arasynda başdan geçirilýän düşnüşmezlik, özara gatnaşyklar, sebitleýin we halkara meseleler barasynda pikir alyşdy.

Hytaýyň Başlygy Şi Sinping Mahmud Abbasyň özüniň iş başyndan gelmeginden soň Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan Hytaýa sapar guran ilkinji prezident bolmagyna hoşallyk bildirdi.

Palestinanyň Prezidenti Abbasyň parahatçylykly strategiýasyny goldaýandyklaryny aýdan Sinping palestin halkynyň ýurduň öwrülşik etabynda eýe bolan ygtyýaryna ünsi çekip, Palestinanyň Hytaýdan hem-de halkara jemgyýetçiliginden uly goldaw tapýandygyny nygtady.

Sinping Mahmud Abbasyň saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze döwürde köp ugurly ösüşine goşant goşjakdygyny ynanýandygyny belledi.

Palestinanyň Prezidenti Mamud Abbas bolsa Hytaý bilen 1960-njy ýyllardan bäri dowam edip gelýän gatnaşyklaryň birsydyrgyn dowam edýändigini nygtap “sebitleýin we halkara meselelerde Hytaý bilen pikirdeşdiklerini” aýtdy.

Abbas saparynyň iki ýurduň çuňňur dostlukly gatnaşyklarynyň subutnamasydygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Taraplar toparara gepleşiklerden soň medeniýet we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek barasynda ylalaşyklara gol çekişdi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu şu gün Şanhaý şäherine baryp, 10-njy maýa çenli dowam etjek Hytaý saparyna başlar.

Ysraýylyň we Palestinanyň liderleri 20 ýyldan bäri ilkinji gezek üçünji bir ýurda şol bir wagtda resmi sapar guraýarlar.

Degişli makalalar

Olimpiýa Şäherçesinde “Aşgabat 2017” Oýunlaryna Gatnaşyjy Ýurtlaryň Otuzysynyň Baýdaklary Galdyrdy

turkmenhabargullugy

Daşary Ýurtlaryň Esasy Ýokary Okuw Mekdeplerinde Okamaga Dalaşgärler Saýlanylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

syrach