9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

MAKSATMYRAT ŞAMYRADOW: «BIZ MUNY HÖKMAN BAŞARMALY»

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogyny almak ugrundaky yklym bäsleşigini dowam etdirýär. Bu ýaryşda iki oýun geçiren ýygyndymyzyň öňünde ýene bir aýgytlaýjy oýun bar. Şol oýun hem türkmen futbolçylarynyň ýaryşdaky ykbalyny kesgitlär.

Biz hem 17-nji ýanwarda Omanyň milli ýygyndysyna garşy aýgytlaýjy oýnuň öňüsyrasynda milli ýygyndymyzyň derwezesini ençeme ýyllar goran, häzirki wagtda derwezeban tälimçi wezipesini ýerine ýetirýän Maksatmyrat Şamyradow bilen söhbetdeş bolduk.

– Halypa, toparçadan çykmak mümkinçiligimiz barada aýdaýsaňyz?!

– Mümkinçiligimiz bar. Özi-de bu soňky mümkinçiligimiz. 6 toparçadan 4 sany iň gowy, 3-nji ýerde tamamlan ýygyndylar toparçadan çykmaga we ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar. Ony başarmagymyz üçin bize 3 utuk gerek we ýaponlara salan iki golumyz kömek eder. Biz muny hökman başarmaly…

– Soňky oýun barada näme aýdyp bilersiňiz?!

– Soňky oýunda özbeklerden jogapsyz 4 gol iýmegimiz ýagdaýy biraz kynlaşdyrdy. Tejribe! Özbegistanyň milli ýygyndysy ozal bu ýaryşa 7 gezek gatnaşyp, 4-nji ýer eýelän gezegi hem bar. Bu babatda olaryň derejesi ýokary. Galyberse-de, bu bir oýun. Biziňki çüwmedi diýip bileris.

– Omanly futbolçylaram ýaryşda erbet netije görkezenok…

– Hawa, olar iki güýçli garşydaşyndanam ujypsyzja aratapawut bilen utuldy. Barybir biz olary utup, öz ýalňyşlyklarymyzy düzetmekçi we ýaryşy dowam etdirmekçi. Ýaponlara garşy görkezen oýnumyzy orta goýup bilsek, bu bolmajak iş däl. Munuň üçin milli ýygyndymyz ýeterlik taýýarlyklary gördi.

– Milli ýygyndymyzyň esasy hüjümçisi Wahyt Orazsähedow özünden garaşylan netijäni berip bilmedi, muňa näme diýersiňiz?

– Wahyt gowy oýunçy. Üstesine-de, ol häzirki wagtda Tatarystanyň «Rubin» toparynyň türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň elinden çykan oýunçy. Mundan başga-da ol dürli ýurtlaryň dürli toparlarynda oýnap, ýokary tejribä eýe boldy. Ol bu ýaryşda hem erbet oýnamady, diňe şowlulyk ýetmedi diýip bileris.

– Biziň oýunçylarymyz bilen bagly transfer teklipleri barmy?!

– Häzirlikçe resmi teklip ýok. Ýöne biz heniz ýaryşyň başynda. Öňdäki oýunlardan soň, täzeliklere garaşybermeli.

– Sag gyraky hüjümçimiz we ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanowyň Ýaponiýanyň derwezesinden geçiren pökgüsi «ýaryşyň iň owadan goly» diýlip saýlanyp bilermi?!

– Gowy ýatlatdyňyz. Elbetde, häzire çenli geçirilen gollaryň içinde Arslanyňky iň owadany, meniň pikirimçe. Soňam näme, owadan geçirilen gollaryň tertibi düzülende garşydaşyň näderejede güýçlidigi hem nazara alynýar. Ýaponiýanyň milli ýygyndysy bolsa, ýaryşyň iň güýçli toparlarynyň biri.

– Halypa, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sagboluň! Milli ýygyndymyzyň aýgytlaýjy oýunda hem ýeňiş gazanyp, ildeşlerimizi begendirjekdiklerine ynanýarys!

– Sagboluň! Ynam – ähli zatdan ýokarda durýan güýçdür. Ynamyňyzy ödemek üçin elimizde baryny ederis!

Söhbetdeş bolan

«Milli goşun»

milligosun.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Şagryýet Güni Mynasybetli Gutlaglary Kabul Etdi

syrach

Türkmenistan Dünýä Bazarlarynda Önümleriniň Bäsdeşlige Ukyplylygyny Ýokarlandyrýar

turkmenhabargullugy

T.C. Aşkabat Büyükelçiliği Konsolosluk Şubesinin Işleyişinde Yapılan Düzenlemeler