17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SAGLYK

Maksatnamalaýyn hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar.

Ýakynda Aşgabatda 2016-njy ýyldan başlap 2020-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNISEF-ň arasynda maksatnamalaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemek boýunça maslahat beriji maslahat geçirildi. Maslahatyň işine BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilýetiniň, biziň ýurdumyzyň ÝUNISEF-ň hyzmatdaşlary bolup durýan ministrlikleriň, edaralaryň jemgyýetçylyk guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Hökümetiniň ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky wekilçiliginiň hyzmatdaşlyk maksatnamasy saglyk, bilim, çagalaryň irki ösüşini, şeýle hem durmuş goraglylygyny we ýuwenal adylýeti öz içine alýar. ÝUNISEF-ň işi bilen, meselem, “çagalara dostlukly garaýan mekdebiň” we “çagalara dostlukly garaýan keselhananyň” döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. ÝUNISEF-ň ýardam bermeginde çaganyň irki ösüşi, çagalaryň iýmitlendirilişini gowlandyrmka we beýleki maksatnamalar dördilendir.

– Biziň maslahatymyzyň maksady – täze 2016-2020 ýyllaryň täze maksatnamasyna ÝUNISEF-ň gojandyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak hem-de çagalaryň abadançylygyny öňe sürmekde we olaryň hukuklaryny amala aşyrmakda ÝUNISEF-ň bilimi we tejribesi peýdaly boljagyny kesgitlemekden ybarat bolup durýar, – diýip, ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýobaşçysy hanym Oýunsaýhan Dendewnorow belleýär. Netijeleri ýüze çykaranymyzda biz milli aýratynlyklara, BMG-niň çaganyň hukugy baradaky Konwensiýasyna we ÝUNISEF-ň deňeşdirme artykmaçlyklaryna salgylanarys.

Haçan-da biz bilelikdäki hereketlerimizi işläp taýýarlanymyzda, biz Türkmenistanyň – bu ýurduň girdejisi orta derejeden ýokary, bu maglumat bolsa bizi hyzmatdaşlyga innowasion çemeleşmäge çagyrýar. Aýratyn-da ÝUNISEF çagalara gönükdirilen netijeli durmuş maksatnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça synag-tehniki ýardamy berýär, şeýle ehm halkara ylalaşyklaryny ýerine ýetirmekde institusion mümkinçiligi we monitoringi güýçlendirmäge itergi berýär.

Girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň derejesi bilen baglanyşykly ýene-de bir beýleki möhüm nukdaýnazar döwlet býujetiniň hasabyna maksatnamany maliýeleşdirmek akymynyň barha ýokarlanmagydyr. Bu bolsa ösüşe resmi taýdan ýardam bermekden maliýeleşdirmäge aýdyň geçmekdir. Türkmenistanyň Hökümeti 2014-2015-nji ýyllaryň biziň bileleikdäki iş meýilnamalarymyzda bellenen çykdajylary paýlaşmaga razylaşdy.

Maslahatyň işi toparlar boýunça geçirildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda indiki ulgamlar boýunça: çaganyň hukugy/durmuş goraglylygy; saglygy goraýyş; bilim; gowşak çagalaryň bähbitleri üçin dolandyrmak ýaly hyzmatdaşlagyň geljekki maksatnamasy boýunça garaşylýan esasy netijelerini düzdüler. Iş toparlarynyň esasy ünsi çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny amala aşyrmak babatda milli ýörelgeleriň esasynda 2020-nji ýylda ýetiljek anyk jemleri kesgitlemäge gönükdirilendir.

Degişli makalalar

Saglyk-2015 Halkara Sergisi Açyldy

syrach

Her Derde Melhem

syrach

Sagdyn Durmuş Ýörelgeleriniň Dabaralanmagy