Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen iş duşuşygynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri hem-de mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine çykdy hem-de dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Ýurdumyz halkara maliýe we ykdysady düzümleri, şol sanda ÝTÖB bilen gatnaşyklaryny düýpli giňeltdi, şolar bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi.
Ýewropanyň maliýe toparlarynda döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda milli maliýe-bank ulgamyny berkitmek hem-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän düýpli çärelere ýokary baha berýärler. Şol çäreler ykdysady durnuklylygy saklamaga hem-de giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, döwlete degişli däl ulgamdaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hususy maliýe edaralary, kiçi kärhanalar, ýurdumyzyň orta we iri kompaniýalary üçin maýa goýumlaryny bölüp bermegiň hem-de maslahat hyzmatlaryny hödürlemegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilhanasynyň baştutany türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirip, ÝTÖB-niň maliýe hem-de maslahat beriş hyzmatlary arkaly telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek maksady bilen, ýurdumyzyň hususy pudagy bilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirjekdigini nygtady. Şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň taslamalarynyň tutuş tapgyry maliýeleşdirildi.
Bu gün türkmen telekeçileriniň döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilen şertleri hem-de mümkinçilikleri işjeň peýdalanmak arkaly bäsdeşlige ukyplylygyny iş ýüzünde subut edýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän halk hojalyk toplumyndaky, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça düýpli özgertmeler bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada pikir alşyldy.