Mary welaýatynda Mary-Serhetabat awtoulag ýolunyň düzüm bölegi bolup durýan Mary-Murgap awtoulag ýolunyň durkyny täzelemek işelrine başlandy. Ýol gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agazasy bolup durýan Ojar AZIÝA hususy gurluşyk kärhanasy alyp barýar.
Durkuny täzelemek işlerine ýakynda TSTB döredilemginiň bäş ýyllygynyň öňisyrasynda başlanyldy. Durkuny täzelemek işlerine berilen möhlet çäklidir. Ojar AZIÝA hususy kärhanasynyň öz hünärmenelri tarapyndan ýerine ýetirilen taslamasy boýunça işleri tomus paslynyň ortalaryna tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Geljekde ýol herketiniň çalt depginler bilen ösjekdigini nazara almak bilen, öňki bar bolan ýoly 30 metre çenli giňeltmek bilen, ýoluň durkuny täzelemek işleri doly göwrümde alnyp barylýar. Awtoulag ýolunyň gum düşegi gum çägesinden emele getirilýär. Ýol bolsa köp gatlar bilen örtüler. Onuň düýbüne geodokma ornuny üstünlikli ýerine ýetirýän korjyň deformirlenilmedigi goýulýar. Onuň esasy wezipesi gum düşegini we ýapgytlary armirlemek we berkitmek, topraga drenaž geçirmek we suw akymlaryny yzyna gaýtarmak, drenaža gum bölejikleriniň geçmek işelrini gowşatmak, gatlaklaryň bir-biri bilen özara gatyşmagynyň öňüni almak hem-de ýönekeý gidroizolýasiýa – düşelen topraga suwuň barmagynyň öňüni almak bolup durýar.
Ýoluň bütin dowamynda kuwwatly ýokary öndürijilikli ýol gurluşyk tehnikalarynyň köp sanlysynyň toplanandygyny görmek bolýar. Olar awtogreýderlerden, ýük ýükleýjilerden, ekskwatorlardan, ýer tekizleýjilerden, motokatkalardan, ýol gatlaklaryny çyglandyrmak üçin örän uly awtosisternalardan ybaratdyr. Diňe awtoulaglaryň sany elliden hem geçýär hem-de ýakyn günlerde olaryň üsti ýene-de ýetiriler. Işler gije-gündüzleýin alnyp barylýar. Bu ýerde her günde ýüzden gowrak gurluşykçylar, mehanizatorlar zähmet çekýär. Bu ýerden iki-üç kilometr uzaklykda bu kärhananyň hususy asfalt zawody ýerleşýär, bäş görnüşli çagyl öndürýän öwradyjy enjamy netijeli işledilýär.
ýolda awtoulag hereketiniň çaltlygy ýylsaýyn artdy, ondan mundan beýläk ýerleşýän etraplaryň zerurlygy, şeýle hem hallkara ýüklerini elmek üçin üýkler günorta tarapa bu ýol arkaly daşaldy. Aýratyn hem ýurduň günorta bölegini Galkynyş tebigy gaz ýatagynyň özleşdrilmegi netijesinde bu ýoluň gatnawy köp esse artdy. Ýol örtükleri gatnaw hereketiniň birnäçe esse artmagy netijesinde kynçylyga agyr ýükleriň birnäçe esse köp daşalmagyna sezewar boldy, mundan hem başga ýolyň geçirijilik ukyby örän kyn ýagdaýda boldy. Häzirki wagtda bu ýoluň durkunyň täzelenmegi bu meseleleri aradan aýrar.
Ýoluň durkunyň täzelenip başlanan böleginde işler tamamlanadan soňra işler Murgap etrap merkezini kesip geçýän böleginde dowam etdiriler, Ojar AZIÝA hususy kärhanasy geljekde Ýolöten şäherine çenli tiz hereketli ýoluň gurluşygynda we ondan soňra günorta ugur boýunça işleri dowam etrdirmegi meýilleşdirýär. Işler we maksatlar örän uly, şol bir wagtyň özünde hem kuwwatly tehnikalar, ýol gurluşykçylaryň we mehanizatorlaryň baý iş tejribesi netijesinde bellenilen işler öz wagtynda amala aşyrylar.
Ojar AZIÝA hususy kärhanasy durmuş we medeni-durmuş ähmiýetli desgalary gurmak bilen meşgullanýan husuy kärhana hökmünde 2009-njy ýylda döredildi. Bu wezipaniň, hususanda Mary welaýatynyň çäklerinde, aýratyn hem ipoteka karz puly boýunça ýaşaýyş jaý gurluşygy ugrunynda alnyp nbarylaýan işelriň hötdesinden abraý bilen gelýär. Ýol gurluşygyny we durkuny täzelemek işleri bilen bolsa, bu kärhana döredilenden soň, ýagny degişli tehnikalar bilen üpjün edilen ýol-gurluşyk bölümi açylanada, bir ýyl geçenden soňra meşgullanyp ugrady. Şu döwrüň içinde eýýäm içki hojalyk ähmiýetli ýollaryň birnäçesi çekildi, şeýle hem Mary-Aşgabat ulag ýolunyň ilkinji bäş kilometriniň gurluşygy alnyp barylaýr.