Maryda 365 orunlyk täze sport mekdebi açyldy. Bu täze mekdep şäheriň merkezi köçesi bolan Mollanepesiň adyny göterýän köçede ýerleşýär.
Bu sport mekdebi Altyn akaba hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Binanyň meýilleşdirilişi bu ýerde bir wagtyň özünde hem türgenleşikleri geçirmäge, hem sportuň köp görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Mekdepde tomaşaçylar üçin oňaýly ýerli 25 metrlik ýüzüş howzy, müň inedördül metrlik sport zaly, her biriniň meýdany 260 м2 bolan türgenleşik zallarynyň ikisi, şeýle hem meýdany 150 м2 bolan trenažor zaly bardyr.
Bu täze gurluşykda türgenler, tälimçiler we eminler düzümleri üçin gerek bolan şertleriň ählisi döredilendir. Lukmançylyk nokady, üstüňden suw akydylýan ýer bardyr. Häzirki zaman enjamlar ýylyň islendik paslynda jaýlaryň içiniň gerek bolan howasyny üpjün eder. Mekdebiň örän tertipli tekizlenen we gök ot ekilen çäklerinde açyk asmanyň astynda sport meýdançalary, kortlar, ylgaw ýodajyklary guruldy.
Bu täze desganyň açylyş dabarasyny uly sport baýramçylygy bezedi. Marynyň türgenleri we goňşy etraplaryň myhmanlary görkezme çykyşlaryny we bäsleşikleri geçirdiler. Şeýle hem bu şatlykly waka mynasybetli konsert taýýarlanyldy. Oňa welaýatyň medeniýet müdürliginiň döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Bu dabaraly çäräniň barşynda iň gowy gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.