Ajaýyp bahar baýramçylygynyňHalkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Maslahat köşgünde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Döwlet konserti boldy. Bu döredijilik çäresi Ruhyýet köşgündäki dabaraly maslahatdan soň geçirildi. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz mähriban zenanlarymyzyň adyna mähirli sözleri aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletini we jemgyýetini ösdürmekde ýurdumyzyň zenanlarynyň eýeleýän ägirt uly ornuny, türkmen halkynyň bütin dünýäde şan-şöhratyny artdyrmakda, onuň abraýyny we mertebesini belende galdyrmakda, köpasyrlyk parasatly däp-dessurlary aýawly saklamakda, ata Watanymyzy ýürekden söýýän nesli terbiýelemekde olaryň uly goşandyny aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen zenanlarynyň hormatyna guralan dabara gatnaşmagy, olara ýokary hökümet sylaglaryny gowşurmagy gelin-gyzlarymyza, mähriban enelerimize goýulýan uly hormat-sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen sungatynda zenanyň keşbine aýratyn ähmiýet berilýär, oňa ylham çeşmesi hökmünde garalýar. Munuň şeýledigini Döwlet konsertiniň baýramçylyk maksatnamasy hem aýdyňlyk bilen görkezdi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen zenanlar tomaşa etdiler.
“Dünýäniň ähli gülleri size, ähli şygyrlar we aýdym-sazlar size, mähriban zenanlar!” ajaýyp zalda höküm süren ruhubelentlik ýagdaýyny şeýle atlandyrmak bolar. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylym we bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasy, talyp ýaşlar we elbetde, dabaranyň baş gahrymanlary zenanlar ýygnandylar. Olaryň arasynda zähmet weteranlary, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna wekilçilik edýän önümçiligiň öňdebaryjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneler, şu gün milli Liderimiz tarapyndan “Zenan kalby” diýen täze orden bilen sylaglanan zenanlar, şeýle hem “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň we Halkara zenanlar gününe gabatlanyp geçirilen beýleki döredijilik gözden geçirilişleriniň ýeňijileri hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolanlar bar.
Garaşsyz Watanymyza we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz buýsanç duýgulary beýan edilen “Arkadagyň ýurdunda bagtyýarlyk bahary” atly edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk maksatnamasynyň ajaýyp badalgasy boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Döredijilik toparlary çykyş eden mahaly,Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda eneligiň we çagalygyň meselelerini çözmek, zenanlaryň hukuklaryny goramak, olaryň hünär we intellektual kuwwatyny doly durmuşa geçirmek, döredijilik zehinlerini açmak üçin ähli şertleri döretmek babatda geçirilýän uly hem-de asylly işler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.
Baýramçylyk konsertiniň tutuş maksatnamasyny mähirli we ajaýyp, parasatly we asylly, söýýän we söýülýän zenanlaryň senasy diýip atlandyrmak bolar. Mähirli zenanlaryň hormatyna sahnada ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlary, meşhur aýdym-saz we folklor toparlary, belli aýdymçylar hem-de sazandalar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde milli nusgawy sazlar, zenanlara bagyşlanan meşhur estrada we halk aýdymlary, zenan bagty hem-de wepadarlygy, ene söýgüsi, mähriban topragymyzyň gözelligi we bahar baradaky aýdymlar ýaňlandy.
Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyna beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň gündogaryň gözellerine bagyşlanan ajaýyp goşgularyna döredilen aýdymlar hem girdi. Şu ýyl nusgawy türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýär. Zala ýygnananlar ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen belli dutarçy gyzlaryň, aýdymçylaryň we gyzlaryň tans toparynyň bilelikde ýerine ýetiren “Gelinleriň owazy” atly çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Meşhur wäşileriň çykyşlarynda hem zenanlara bolan uly hormat-sarpa öz beýanyny tapdy. Sahnadan ýaş ýerine ýetirijileriň, şol sanda “Ruhubelent” we “Joşgun” çagalar tans toparlarynyň tolgundyryjy gutlaglary beýan edildi. Paýtagtymyzdaky Modalar öýi tarapyndan taýýarlanylan modalaryň görkezilişinde aýdym-sazyň owazy, zergärçilik sungaty, milli lybaslaryň gözelligi aýratyn sazlaşyk döretdi. Ajaýyp “Bilezik” atly aýdymyň owazynyň astynda gyzlar milli lybaslaryň bahar toplumyny görkezdiler. Şol lybaslaryň her birini sungat eseri bilen deňeşdirip bolar.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlary tarapyndan joşgunly ýerine ýetirilen “Küştdepdi” tansy hem ruhubelentlik bilen garşylandy. Onda gadymy hem-de müdimi juwan Watanymyzy özüniň mähri bilen çoýýan türkmen baharynyň köpöwüşginliligi öz beýanyny tapdy.
Konsertiň “Ene mähri” atly jemleýji aýdymy enelere belent sena bolup ýaňlandy. Bu aýdymy Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň körpe aýdymçylary hem-de konserte gatnaşyjylar ýerine ýetirdiler.
Şu günler paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň iň gowy sahna hem-de konsert meýdançalarynda mähriban zenanlarymyza bagyşlanan baýramçylyk dabaralary geçiriläýr.