«Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» Müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň birinji çärýegi boýunça ýokary netijeler gazandylar. Daşoguz welaýatynyň ilatyny, şeýle hem, edara-kärhanalaryny «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek maksady bilen «Daşoguzgazüpjünçilik» Müdirliginiň baş potratçy bölümleriniň işgärleri şu ýylyň birinji üç aýy boýunça 2 million 429 müň manatlyk işleri ýerine ýetirdiler. Bu bolsa, bellenilen meýilnamadan 1,9 esse artykdyr.
Ýanwar-mart aýlarynda müdirligiň gazçylarynyň dyngysyz zähmeti netijesinde dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 105 kilometrden gowragy ulanyşa berildi.
Häzirki wagtda gazçylar welaýatyň şäherlerinde we obalarynda umumy uzynlygy 12 müň 443 kilometre barabar bolan bütewi gaz ulgamynda hyzmatlary ýerine ýetirmek işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Şol bütewi ulgamyň düzümine 4300 töweregi gaz ýaýradyjy we sazlaýjy enjamlar girýär.
Gazçylaryň arassa ahlakly zähmeti netijesinde welaýatyň 160 müň hojalygy ýylyň islendik wagtynda «mawy ýangyç» bilen üpjün edilýär.