13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
DÜNÝÄ

MEDWEDEW TÜRKMENISTANA GURAN IŞ SAPARYNY TAMAMLADY

Russiýanyñ Prezidenti Dimitriý Medwedew Türkmenistana guran iki günlik iş saparyny tamamlady.

İki lider iki çäk we topara duşuşyklarda Russiýa bilen Türkmenistanyñ arasyndaky gatnaşyklar we Hazaryñ statusy barada pikir alyşdy.

Türkmenistanyñ Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow myhman Prezidenti Hazaryñ kenaryndaky Awaza syýahatçylyk sebitinde myhman aldy.

Berdimuhamedow Hazardaky düşnüşmezlikleriñ halkara hukuk kadalary çäginde we kenardaş ýurtlaryñ arasynda çözülmeginiñ gerekdigini aýtdy.

Medwedew hem Türkmenistan bilen birnäçe ugurda bolşy ýaly Hazar meselesinde hem şol bir garaýşy paýlaşýandyklaryny nygtady.

Türkmenistanyñ bilen Russiýanyñ arasyndaky söwda mukdary üstümizdäki ýylyñ 8 aýlyk döwründe 1 milliard 857 million dollara barabar boldy.

Türkmenistan Russiýa tebigy gaz eksport edýär. 138 sany rus firmasy hem Türkmenistanda gurluşyk we energetika pudagynda iş alyp barýar.

Türkmenistanyñ üstümizdäki ýylyñ ahyryna çenli Russiýa 30 milliard kub metrlik tebigy gaz satmagyna garaşylýar.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

SUDANDA ERTIR ÄHLI HALK SESE GOÝULŞYGY GEÇIRLER

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa we Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentlerini Gutlady

turkmenhabargullugy

TÜRKIÝÄNIŇ SAMSUN ŞÄHERINIŇ “ONDOKUZ MAÝ” UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI

turkmenhabargullugy