8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Mejlisden çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi.

Aşgabat şäheriniň 7-nji, Ahal welaýatynyň 25-nji, Lebap welaýatynyň 83-nji we 89-njy, Mary welaýatynyň 103-nji saýlaw okruglarynda çykyp giden partamentarileriň ýerine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Mälim bolşy ýaly, saýlaw okruglarynda möhletinden öň saýlawlar Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, milli parlamentiň käbir wekilleriniň jogapkärli wezipelere bellenilmegi hem-de olaryň deputatlaryň düzüminden çykmagy bilen baglylykda geçirildi. 

Saýlaw okruglarynyň her biri boýunça deputatlyga ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň ikisi we şondan köpüsi dalaş etdiler. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen jemgyýetini has-da demokratiýalaşdyrmak babatda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Milli parlamentde öz ildeşlerine wekilçilik etmek hukugyna watandaşlarymyzyň uly hormatyna we ynamyna mynasyp bolan adamlar dalaş etdiler. Deputatlyga dalaşgärleriň arasynda döwlet edaralarynyň wekilleri, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň esasy hünärmenleri bar. 

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, ses bermek üçin bellenilen wagta çenli saýlaw okruglarynyň bäşisiniň çäginde bir wagtyň özünde saýlaw uçastoklarynyň 109-sy — 15-si Aşgabat şäherinde, 34-si Ahal welaýatynda, 44-si Lebap welaýatynda we 16-sy Mary welaýatynda açyldy. Bu okruglaryň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň 94 müňe golaýynyň gatnaşan saýlawlary açyklyk we ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda geçirildi. 

Ýerlerde saýlawlaryň barşyna gözegçilik eden milli synçylaryň baha bermegine görä, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary bäşdeşlik we demokratik esasda geçirildi we ilatyň işjeň gatnaşmagy hasaba alyndy. Munuň şeýledigine Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň TDH-a beren maglumatlary aýdyň şaýatlyk edýär. Şol maglumatlara görä, saýlawlara gatnaşan saýlawçylaryň sany 81 göterimden geçdi. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Ses bermegiň gutarnykly jemleri ýakyn wagtda metbugatda çap ediler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen Halkyna Täze Ýyl Gutlagy

turkmenhabargullugy

Atavatan Türkmenistan Žurnaly

syrach