Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan çykyp giden deputatlaryň ýerine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna geçirilýän saýlawlara çenli iki hepdeden hem az wagyt galdy. Ozal habar berlişi ýaly, saýlawlar Aşgabat şäheriniň 7-nji, Ahal welaýatynyň 25-nji, Lebap welaýatynyň 83-nji we 89-njy, Mary welaýatynyň 103-nji saýlaw okruglary boýunça geçiriler.
Öňde boljak çäre Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetini we döwletini demokratiýalaşdyrmagy yzygiderli ösdürmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň nobatdaky tapgyrydyr.
Türkmenistanda saýlawlar we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-a habar berişleri ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäräniň çäklerinde onuň möhüm tapgyrlarynyň biri, ýagny, dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tammamlandy. Tutuşlygyna alnanda, dalaşgärleriň 13-si hödürlendi. Olar hakyndaky maglumatlar ýerli metbugatda çap edildi.
Bu saýlaw okruglarynyň ählisi boýunça her bir orna birnäçe dalaşgär düşýär, munuň özi saýlaw çäresinde giňişleýin bäsdeşligi we saýlawlaryň aýanlygyny üpjün eder.
Dalaşgärleri hödürlemek saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezmegi ýagdaýynda geçdi, muňa ýerlerde jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri we ähli derejedäki döwlet düzümleriniň wekilleri tarapyndan guralan, ilat bilen alnyp barylýan işler köp babatda ýardam etdi.
Milli kanunçylygymyza laýyklykda dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek, saýlawlaryň öň ýanyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda we habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň şertler döredildi. Ähli raýatlara we jemgyýetçilik birleşiklerine dalaşgärleriň işjeňlik we şahsy hil sypatlaryny erkin hem-de hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak hukugy, şeýle hem ýygnaklarda we habar beriş serişdelerinde wagyz etmek hukugy berildi.
Häzirki wagtda ýerlerde dalaşgärler we olaryň ynanylan adamlary bilen duşuşyklar geçirilýär. Dalaşgärler saýlawçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan özgertmeler ýoly bilen ýurdumyzyň üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen özleriniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň düzgünleri bilen jikme-jik tanyşdyrýarlar.