Adatça bolşy ýaly, paýtagtyň Ýetginjekler we ýaşlar köşgünde Türkmenistanyň Bilim minstrliginiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň ýardam bermeginde ösüp gelýän ýaş nesli ylmy gözleglere höweslendirýän her ýyl geçirilýän bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige etraplarda ýeňiş gazananlar gatnaşdylar.
Üç ugur boýunça – takyk, gumanitar we tegbigy predmetler boýunça taýýarlanan ylmy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna biziň ýurdumyzyň dürli sebitleriniň umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen orta okuw mekdepleriniň ýokary synplarynda okaýan okuwçylaryň 120-den gowragy gatnaşdy. Umumylykda şahsy we bilelikdäki ylmy taslamalaryň ýüz töweregi görkezildi. Bu taslamalara ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan ybarat bolan emin agzalary baha berdiler.
Işleriň 22-si iň gowy işler diýlip ykrar edildi. Olaryň awtorlary olimpiadanyň baýrakçylary boldular. Aýratyn zehinli çagalar Döwlet mekdep-internatynyň topary gazanan ýeňişleri boýunça gürrüňsiz ýeňiji boldy. Bu okuw mekdebiniň okuwçylary olimpiadanyň guramaçylyk komitetine taslamalaryň on iki sanysyny hödürledi. Olaryň sekizisi baýrakly orunlary eýeledi.
Okuwçylar seksiýalaryň diňe biriniň jemi boýunça sekiz ýeňşiň dördüsini gazanmagy başardylar. Mekdep-internatynyň okuwçylary Süleýman Ylýasow we Allamyrat Işangulyýew elektronika ulgamy boýunça bilelikde hödürlän taslamalary üçin birinji orny eýelemegi başardylar. Olar ykjam telefon arkaly “özara hereket etmek” bilen ajaýyp elektron mikroskopyň awtory boldular. Adaty web-kameranyň kömegi bilen kompýuteriň monitorynda gerek bolan “suratlary” alyp görkezip bolýar.
Ikinji orna Guwanç Saparow we Şamuhammet Annaberdiýew, üsünji orna Wepa Hekimow we Hoşgeldi Paşyýew, şeýle hem Artykgül Aýtgulyýewa we Ymamberdi Gurbanow ýaly jübütler mynasyp boldular.
Biziň ýurdumyzyň arhitektura taýdan gözel ýerleri – Orta asyr ýadigärlikleri we häzirki zaman şäher gurluşyk desgalary aýratyn zehinli çagalar Döwlet mekdep-internatynyň wekilleriniň ylmy işleriniň üns merkezinde bolupdyr. Olar öz işlerinde nagyş bezeglerini öwrenmeklige, milii gurluşygyň dessurlarynyň aýratynlyklaryna garap geçipdirler.
Şeýle hem bu mekdebiň okuwçylaryna Parfiýa patyşalygy eýýamynyň saz sungatynyň eserlerine degişli ylmy işleri hem özüne çekijidir.
Taslamalaryň sergisi diňe bir oňa gatnaşyjylarda gyzyklanma döretmän, eýsem onuň köp sanly myhmanlarynda – umumy bilim berýän orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynda we mugallymlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynda we mugallymlarynda hem uly gyzyklanma döretdi. Bu kanuna laýykdyr. Sebäbi ekspozisiýalaryň her biri ylmy gyzyklanmalary amala aşyrmak, gelejegi nazarlaýan netijeli alyş-çalyş işlerini amala aşyrmak üçin oňaýly şertler bolup durýar.
Mekdep okuwçylarynytň birnäçe ylmy işläp taýýarlamalaryna garap geçeliň.
Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň on birinji synp okuwçylary Oguljennet Nasyrowa we Ýusup Amangeldiýew dagy bilelikde ylmy taslama taýýarlapdyrlar. Ol köprüniň maketi bolup, okuwçylar ony Awazadan Gyzylsuw adasyna çenli gurmagy teklip edýärler. Ol taryhy-medeni gymmatlyklar nukdaýnazaryndan Milli syýahatçylyk zolagynyň çäkleriniň ajaýyp dowamy bolup durýar.
Aşgabat şäheriniň 57-nji orta ýöriteleşdirilen mekdebinden doganlar Durdygylyç we Orazgylyç Gurbangulyýewlere ajaýyp tehnologiýalaryň kömegi bilen kagyz galyndylaryny gaýtadan işläp, agajy almak ideýa degişlidir. Onuň esasynda – sellýulozany eretmek üçin ekologiki taýdan arassa maddalary, meselem süýt çüýrüntgisi, ulanmak ýatyr.
Alynan garyndyny 10-15 günüň dowamynda günüň aşagynda goýy madda bolýança goýulýar. Soňra ol gerek bolan şekilli galyba guýulýar we guradylýar. Ýaş oýlap täpyjylaryň we olaryň ylmy ýolbaşçysy himiýa mugallymy Tagan Taganowyň ynandyryşlary ýaly, netijede berk, gaty, ekologiki taýdan arassa material alynýar. Olary gurluşyk konstruksiýalaryny taýýarlamak, islendik gaplaýjy gaby, hususan-da, elektrotehniki harytlary, keramika, çagalar oýnawaçlaryny, gap-gaçlar üçin niýetlenen gaplary taýýarlamakda ulanyp bolar.
Bu oýlap tapmanyň eýýäm Türkmenistanyň döwlet patenti we Türkmenistanyň Gurluşyk minstrliginiň Seýsmologiýa gurluşyk ylmy-barlag institutynyň ýörite jemnamasy bardyr. Bu resminama laýyklykda “fizika-mehaniki synaglaryň netijeleri boýunça bu material agaç-süýmli we agaç-ýonuşka plitalaryň talaplaryna laýyk gelýär we gurluşykda, mebel önümçiliginde, neçjarçylyk we beýleki önümleri taýýarlamakda, şeýle hem gaplary öndürmekde ulanylyp biliner”.
Beýleki bir oýlap tapma – kagyz konstruksiýalarynyň uly gabaralyny berkitmekde ulanyp bolýan innowasion skrepkalar taslamasy hem Döwlet patenti bilen belgilenendir.
Mekdep okuwçylarynyň gürrüň berişleri ýaly, olar iki ýyl mundan ozal öz oýlap tapmalary üçin “WIPO OMPI” – Intellektual eýeçiligiň halkara guramasynyň ýörite medalyna mynasyp boldular. Bu sylag Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelkide Aşgabatda guralan Halkara ylmy-amaly sinpoziumynyň çäklerinde gowşuryldy.
Elektrobeketleriň ulanyş şertlerinde antropogen gazlaryny biologiki taýdan arassalamk boýunça taslama hem gyzyklanma döretdi. Onuň awtory Daşoguz şäheriniň 21-nji ýörite orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Süleýman Baýlakow bolup durýar. Bu işi ýaş oýlap tapyjynyň ylmy ýolbaşçysy Aýsa Söýünowanyň düşündirişi ýaly, ekologiýa zyýan edýän parnik gazlaryny emele getirýän birnäçe aýry-aýry konstruksiýalary arassalamagyň esasynda hlorella – suw otlarynyň bir görnaşi hereket edýär. Ýörite trubkalaryň kömegi bilen gaz hlorellaly gaba guýulýar. Onuň bolsa topragyň parnik netijeliligini gazanýan ugleturşy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bardyr.
Taslama olimpiadasynda görkezilen gurluşyk maşyn-roboty hem gürrüňsiz özüne çekiji boldy. Ol ýörite sensorlaryň kömegi bilen ýeriň astyndaky dürli peýdaly gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň, meselem kömrüň, ýerleşýän ýerlerini kesgitläp bolýär. Bu ylmy oýlap tapmanyň awtorlary – Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň 97-nji mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Kirill Boýarkin we Daňatar Öwezgulyýew dagylardyr. Olaryň ylmy ýolbaşçysy bolsa olaryň mugallymy Berdimyrat Ýazhanowdyr.
Bu taslama geçen ýyl Gruziýada geçirilen mekdep okuwçylarynyň halkara taslama olimpiadasynda görkezilip, birinji orna we altyn medala mynasyp boldy.
Bu ýaş oýlap tapyjylary amaly ylmy gözleg oýlap tapmalaryna höweslendirmäge gönükdirilen mekdep okuwçylarynyň Döwlet taslama olimpiadasynda görkezilen işläp taýýarlamalaryň bir bölegidir. Bäsleşigiň jemleri boýunça iň gowy taslamalary ýerine ýetiren awtorlar sylaglara we höweslendiriji orunlara mynasyp boldular.