2015-nji ýylyň 6-njy maýynda DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen, Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Ýörite wekili j-p Piter Buriýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda hormatly myhman Türkmenistanyň Bitaraplgynyň 20 ýyllygy bilen gutlap, gysga wagtyň içinde ýurduň ösüşini we gazanan üstünliklerini belledi. Bitarap statusyna gönükdirilen Türkmenistanyň uly we pozitiw syýasy potensialyny belläp, taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler.
Neşe serişdeleriniň dolanşygyna gözegçilik etmek ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gatnaşyjy taraplaryň dokuzynjy duşuşygynyň netijelerine hoşallyk bildirip, taraplar bu ugruň Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin gowy esas boljakdygyny bellediler. BOMKA (Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam etmek boýunça taslamasy) we KADAP (Merkezi Aziýada neşe seişdeleriniň bikanun dolanşygy bilen göreşmek boýunça Çäreleriň meýilnamasy) taslamalarynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirildi.
Täsirli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklara we gazanylan netijelere oňyn baha berip, ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini belläp, taraplar uglewodorod serişdelerini diwersifikasiýa etmek boýunça Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini bellediler.
Şeýle hem taraplar gatnaşyklaryň täze derejä galdyrmak üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak bilen şertnama-hukuk binýadynyň berkidilmeginiň hem-de ylalaşyklaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini bellediler.
Adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda döwletiň syýasaty hakda aýdanymyzda, Türkmenistan halkara şertnamalarynyň hukuk kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça işjeň çäreleri alyp barýandygy bellenildi. Bu çygyrda alnyp barylýan döwlet syýasatyna oňyn baha berip j-p Piter Buriýan, Guramanyň ýurtdaky gender deňligi we çaga hukuklary boýunça syýasatynyň durmuşa geçirmek boýunça tagallalara hoşallyk bilen synlaýandygyny belledi.