Merkezi Aziýa sebitiniň bäş döwletiniň we Koreýa Respublikasyny wekiliýetleri «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlyk boýunça 10-njy forumyň dowamynda köptaraplaýyn ölçegde özara gatnaşyklar meselelerini maslahatlaşarlar. Forum daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde 2016-njy ýylyň 15-16-njy noýabrynda Seulda geçiriler.
Özbegistanyň DIM-niň maglumatlaryna görä, forumyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň we bäş sany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň wekilleri köptaraplaýyn özara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini, şol sanda temalaýyn mejlisleriň çäklerinde «elektron hökümet» ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.
«Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlyk forumy Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny berkitmek we mundan beýläk hem giňeltmek maksady bilen 2007-nji ýylda döredildi. Her ýyl geçirilýän formyň mejlislerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar.