Şu günler eziz Diýarymyzda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy giň gerimde bellenilip geçilýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty “Makul Sözlük” atly türkmen we iňlis dilindäki ilkinji sesli we sanly sözlügini taýýarlady.
Mälim bolşy ýaly, “Google” sözlüginiň “Türkmen dilindäki” nusgasynyň durmuşa geçendigini we az sanly bolsa hem, türkmen-iňlis dillerinde beýleki sözlükleriň bardygyny belläp geçeliň. “Makul sözlügiň” beýleki sözlüklerden tapawutly tarapy sanly sözlük bolmagydyr.
Sözlügiň iň esasy aýratynlygy bolsa “Sesli Sözlük” bolmagyndadyr. Ýagny, “Makul Sözlük” türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji sözlükdir. Bu sözlük arkaly türkmen dilindäki we iňlis dilindäki sözleriniň diňe ýazmaça görnüşini däl-de eýsem, ol sözleri sesli hem diňlemäge mümkinçilikler döredildi.
“SESLI GÖZLEG”: “MAKUL SÖZLÜK” GÖZLEÝÄR
“Makul Sözlük” sözlüginiň ýene bir aýratynlygy bolsa, sözleri “sesli gözleg” bilen tapmak mümkinçiliginiň bolmagydyr. Ýagny, isleýän we gözleýän sözleriňizi diňe ýazyp tapmak däl, eýsem, sözlükdäki ýörite programmanyň üsti bilen “sesli gözleg” arkaly hem tapmak bolýar. Mysal üçin siz “neutrality” sözüni eşitdiňiz we bu söziň manysy bilmek isleýän bolsaňyz, onda, “Makul Sözlüge” “neutrality” diýip, aýtmagyňyz ýeterlik, sözlük bu sözüň türkmen dilindäki “bitaraplyk” terjimesini aýdyp berer. Ýagny, “Makul Sözlükde” sanly ulgamyň ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp, “eşidýän” we eşiden sözüni tapyp berýän “akylly” sözlük bolmagy bilen tapawutlanýar.
“Makul Sözlükden” peýdalanmak isleýän bolsaňyz, onda, “www.makulsozluk.com” saýtyna girip bilersiňiz. Ýakyn wagtda sözlügiň “Android” ulgamynda işleýän goşundysyny (applikasiýasy) ulanmagy bermek göz öňünde tutulýar.
Sözlükde “Iň köp gözlenen sözler” we “Iň soňky gözlenen sözler” bölümleri hem hereket edýär. Şeýle hem, täze sözler öwrenmek isleýänler üçin, her gün 5 sany söz, türkmen we iňlis dillerinde esasy sahypada öz ornuny tapýar. Bu ýerde “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna ýerleşdirilen iň täze habarlary hem okamak bolar.
Sahypany ulanyjylar, eger gerek bolsa, Aşgabat şäherinde terjime hyzmatlaryny amala aşyrýan “Makul Hyzmat” terjime merkezine öz terjimelerini sanly ulgamyň üsti bilen iberip, amatly bahadan ýokary hilli terjime hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.
Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli eserleri, şeýle hem, beýleki habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!
Çeşme: Atavatan Türkmenistan