Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete MHG-niň Günorta – Gündogar Ýewropa, Gündogar-Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Wena şäherindäki wekilhanasynyň sebitleýin direktory hanym Renata Held ýolbaşçylyk edýär.
Abraýly halkara guramasynyň wekilleri türkmen döwletiniň oňyn içeri syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ulgamynda Türkmenistanyň strategiki ugurlary we esasy garaýyşlary bilen tanşyp, halkymyzyň durmuş-ykdysady taýdan abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň okgunly durmuşa geçirilýändigine haýran galýandyklaryny bellediler.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynyň deňhukukly agzasy bolmak bilen, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine, demokratik ösüşiň hem-de häzirkizaman hukuk jemgyýetiniň ugurlaryna ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz ileri tutulýan halkara wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýar we häzirkizaman dünýäsiniň derwaýys meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär.
Türkmenistan iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip we adam hukuklary ulgamynda esasy konwensiýalara we protokollara goşulyp, şeýle hem Migrasiýa boýunça halkara guramasyna synçy hökmünde gatnaşýan ýurt bolmak bilen, özüni global halkara çärelerine işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.
Gyzyklanma bildirilip geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde MHM-niň wekilýetiniň agzalary ozal kabul edilen halkara ylalaşyklarynyd urmuşa geçirmek işinde ýurdumyz tarapyndan ädilýän ädimler we anyk işler bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda milli kanunçylyk-hukuk binýadyna, ýurdumyzyň milli parlamenti tarapyndan geçirilýän netijeli kanun çykaryjylyk işine aýratyn orun degişlidigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda “Migrasiýa hakyndaky” täze kanun güýje girdi. Bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ýurdumyza gelmegiň, onuň çäginde bolmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň gitmeginiň tertibini kadalaşdyrýar, migrasion ulgamynda hukuk gatnaşyklaryny we bu işi utgaşdyrmak boýunça döwlet edaralarynyň wezipesini kesgitleýär.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan – MHG ugry bounça oňyn hyzmatdaşylgy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meýildigiklerini beýan etdiler we ählumumy ösüşiň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki wezipelerini bellediler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm