6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
YKDYSADYÝET

Milli bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryna garaldy.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilen maslahatda milli bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna garaldy.

Maslahata ýurdumyzyň döwlet we paýdarlar—täjirçilik banklarynyň we olaryň welaýat, etrap bölümleriniň ählisiniň ýolbaşçylary gatnaşdy we bu pudakdaky işleriň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, şu aýyň ortasynda döwlet Baştutanynyň şu ulgamlaryň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank düzümleriniň öňünde goýan wezipeleri barada pikir alşyldy. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow banklaryň ileri tutulýan maýa goýumly milli meýilnamalaryň maliýeleşdirilmegine, şeýle hem ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryna karz berilmegine has işjeň gatnaşmagyny häzirki tapgyrda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalaryň ählisiniň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezdi.

Onda milli ykdysadyýetiň döwrüň talabyna laýyk gelýän täze modeliniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şu ulgam boýunça bellenilen özgertmeleriň maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy esasan, bank düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işiň çaltlandyrylmagyna, bu düzümleriň işine dolandyryşyň döwrebap görnüşleriniň we usullarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de ýokary hünärli, ökde kadrlaryň taýýarlanylmagyna bagly bolup durýar.

Şu maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanda milletiň Lideriniň baş bolmagynda uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen baglylykda bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler. Milli bank ulgamynyň netijeliligini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, banklaryň maýa goýum fondlaryny artdyrmak, karz berlen serişdeleriň bellenilen möhletlerde üzülmegini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işi geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Bu ulgamyň ýolbaşçy işgärleriniň hünär ussatlygyny we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meselä garalyp, her bir ýolbaşçynyň tabşyrylan işe şahsy jogapkärçilik çekýändigi hem-de onuň iş başarjaňlyk, ussatlyk, jogapkärçilik duýgusy, işeňňirlik babatda bildirilýän talaplary ödemelidigi bellenildi. Türkmenistanyň häzirki wagtda dünýä boýunça hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulyşýandygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň bank ulgamynyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegini üpjün etjek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy öňde goýlan wezipeleriň ählisini üstünlikli berjaý etmegiň, ýurdumyzyň we halkymyzyň mundan beýläk-de ösüşe we rowaçlyga eýe bolmagynyň hatyrasyna yhlasly işlejekdiklerine ynandyrdylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

«Bereketli» HJ Ýörüteleşdirilen Dükanlarynyň Sanyny Artdyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara Gol Çekdi

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2019-njy Ýyl: Söwda Toplumy we Telekeçilik