14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Milli Liderimiz Saglygy Goraýyş we Bilim Meseleleri Boýunça Maslahat Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirine garşy göreşmek meseleleri we Türkmenistana bu keseliň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, bilimiň, ylymyň hem-de önümçiligiň özara baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak wezipelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz bu howply keseliň Türkmenistanyň çägine mundan hem beýläk ýokuşmaz ýaly degişli işleriň öz wagtynda geçirilendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu çylşyrymly ýagdaýyň dünýäde dowam edýändigini nazara alyp, mundan beýläk hem onuň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ähli tagallalar edilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howply ýokanç keseliň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän zerur çäreleriň yzygiderli
hem-de hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Munuň özi ilatyň saglyk ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda, ýurdumyzda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda aýratyn wajypdyr.

Şu ugurda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklaryny, sport maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmeklerini wagyz edýän degişli çäreleriň ýola goýulmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.

Şunlukda, halkymyzyň baý durmuş tejribesine we häzirki zamanyň ösen ylmynyň gazananlaryna daýanylmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, degişli düzümlerde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýdyp, ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagyna garşy anyk we toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň esasy gymmatlygy bolmak bilen, saglygy goramak işlerine ýokary jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda, bilim ojaklarynda alnyp barylýan işler häzirki zamanyň ýokary talaplaryna we ösen halkara ülňülerine laýyk gelmelidir.

Şunlukda, döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, degişli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Maslahatyň dowamynda bilim ministri M.Geldiniýazow döwlet Baştutanymyzyň ylymly-bilimli sagdyn nesilleri kemala getirmek, täzeçil tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykdy meseleleri işjeňleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, bu ugurda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda häzirki zamanyň ösen mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, dünýäniň ösen tejribesini bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerine zerur ähmiýet bermek babatda ministre tabşyryk berildi.

Döwlet Baştutanymyz çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerde dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzda ýaýramagynyň öňüni almak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi hem-de bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç keselleriň halkymyzyň saglygyna ýaramaz täsirine garşy başy başlanan işi dowam etmegiň zerurdygyny belläp, şu maksat bilen ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny we goşmaça barlag usullaryny öz içine alýan çäreler toplumyny guramagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, etraplarda we şäherlerde öz işini degişli tertipnama boýunça alyp barýan ýörite lukmanlar toparlary döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu işler ilki bilen çagalar baglaryndan, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinden başlansa, maksadalaýyk bolar.

Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ýokary depginler bilen ösýändigini, dünýä ylmynyň gazananlarynyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň yzygiderli täzelenip durýandygyny nazara alyp, halkymyzyň milli däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri ornaşdyrylmalydyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirden başlap, 2020 — 2021-nji täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir.

Häzirki döwürde Türkmenistanda maglumat tehnologiýalaryna we sanly ykdysadyýete geçmek meselesine aýratyn üns berilýändigini nazara alyp, bu ugurdan hünärmenler taýýarlanylmalydyr.

Şeýle hem bilim edaralarynyň hemmesiniň sanly ulgama geçirilmegini dowam etmek, mugallymçylyk ugurly bilim edaralarynda giň dünýä garaýyşly, ýokary hünär derejeli mugallymlary taýýarlamak, hünär biliminiň ähli ugurlarynyň baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, orta hünär bilim ulgamynyň binýadynda ugurdaş hünärler boýunça ýokary okuw mekdepleri üçin hünär bilim maksatnamasyny işläp taýýarlamak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz okgunly ösýän tehnologiýalary hasaba almak bilen, bilim edaralarynda täze hünärleriň yzygiderli girizilmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze gurulýan orta mekdepleriň ýanynda degişli çagalar baglaryny mekdep bilen birleşdirip okuw toplumlaryna öwürmek, bu toplumlara degişli çagalar baglarynda okuwçylary taýýarlamak zerurdyr.

Şeýle hem umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdeplerde çagalaryň we ýaşlaryň täze tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin robot tehnologiýasy ugurly orta mekdepleri açmagyň wajypdygy bellenildi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öz işini 14-den uly ýaşdaky nesillere niýetläp alyp barýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow orta mekdepleriň 7 — 14 ýaşly okuwçylaryny özünde birleşdirýän Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.

Mekdep okuwçylarynyň psihologik aýratynlyklary esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini ýola goýmak maksady bilen, okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde psiholog mugallymyň wezipesini girizmek meselesi öwrenilmelidir.

Okuwda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýan çagalar
altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglanylsa, ýokary synplarda okaýanlara bolsa Prezident okuwçy haky gowşurylsa, çagalaryň zehininiň ösmegine ýardam berýän ugurlara ýöriteleşdirilen döwlet merkezleri döredilse, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam ederdi.

BMG-niň Hökümetimiz tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine laýyklykda, bilimiň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gazanmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň, ýokary okuw mekdepleri üçin ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, häzirki zaman innowasiýa ösüşiniň halkara talaplaryna laýyk gelýän täze döwlet bilim standartlaryny taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym bilen ýokary okuw mekdebiniň baglanyşygyny has-da güýçlendirmegi, talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglary geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmegi, ylmy we ylmy-pedagogik mekdepleri ösdürmek meselesini öwrenmegi talap etdi.

Milli Liderimiz bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekip, bu ulgam üçin häzirki zaman toplumlarynyň gurluşygyny we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet Baştutanymyz howply ýokanç keseliň öňüni almak boýunça işleriň tapgyrlaýyn esasda geçirilmeginiň oňyn netije berýändigini köp ýyllaryň tejribesiniň subut edendigini belledi.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň çagalar baglarynda we bilim ojaklarynda alnyp barylýan işleriň köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de zähmet terbiýesi bilen utgaşdyrylmagynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bilim ulgamyna okatmagyň döwrebap täzeçil usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy wajypdyr.

Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde ýaşlara bilim-terbiýe bermegiň has amatly usullarynyň özleşdirilmegi, halkymyzyň asylly dessurlary bilen bilim ulgamyndaky häzirki zamanyň ösen tejribesiniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy zerurdyr.

Ýaşlaryň sanly tehnologiýalar, häzirki zamanyň ösen usullary arkaly bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ähmiýet berilmelidir, okuw işiniň tejribe, aýratyn-da, zähmet bilen utgaşdyrylmagy wajypdyr. Bu ugurda bar bolan ýörelgeler işjeň öwrenilmelidir. Munuň özi ýaşlaryň hemmetaraplaýyn aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmegini üpjün eder.

Umumy bilim berýän orta we ýokary okuw mekdeplerde okaýan ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, asyrlar aşyp gelýän milli däp-dessurlaryň ähmiýetine, häzirki zamanyň ösen tejribesine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Munuň özi ýaşlaryň bilimli we berk bedenli hem-de sagdyn bolmagyna kömek eder. Bu dünýäde ýaýran ýokanç keseliň ýurdumyzda ýüze çykmagynyň öňüni almakda aýratyn möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň arasynda arassaçylyk işlerini, halkymyzyň bu ugurdaky bar bolan asylly ýörelgelerini wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine gyzyklanmalaryny artdyrmak, şol bir wagtyň özünde bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek meseleleriniň wajypdygyny belledi.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini aýdyp, milli Liderimiz bu işlere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegi berk talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemläp, halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy, ýaş nesiliň bilim-terbiýesi baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün garalan meseleleri üns merkezinde saklamagy hem-de görülýän öňüni alyş çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, maslahata gatnaşyjylara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi. TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Taryhy Maglumatlary Nýu-Ýorkda Görkezildi

syrach

Watanymyz Üçin Ýokary Hünärli Harby Işgärler