13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Milli Liderimiziň Daşary Syýasat Başlangyçlarynyň Ugry Bilen

Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen, “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar, ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi – daşary ýurtlar, şeýle hem iri halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýärler. Şu ýylyň aprel aýynda geçirilen köpsanly duşuşyklar, işewürler forumlary, giň möçberli medeni çäreler we pudaklaýyn sergiler muny aýdyňlyk bilen görkezdi. Bu çäreler özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüldi.

Şeýlelikde, aprel aýynyň başynda “Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly halkara maslahat hem-de 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmäge bagyşlanan Halkara sport media-forumy ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sport ulgamyndaky hünärmenlerini, bilermenleri, sport guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet, Sport baradaky döwlet komiteti we Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan foruma Aziýanyň we Ýewropanyň köp ýurtlaryndan wekiliýetler gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde geçirilen çäreler Türkmenistanyň   köpsanly myhmanlaryna  türkmen Lideriniň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şol syýasat bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge we ösdürmäge, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 

1-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary jenap Andreý Wasiliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda ykdysadyýet, ulag, söwda, şeýle hem suw we energetika serişdeleri ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň geljegine üns berildi. 

BMG-niň  Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Suw syýasaty baradaky milli  gepleşikleriniň Utgaşdyryjy geňeşiniň suw serişdelerini sazlaşykly dolandyrmak meseleleri boýunça bäşinji mejlisiniň işine hem gatnaşdy. 

“Suw mowzugy” her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän “Suw damjasy—altyn dänesi”  ählihalk baýramçylygynyň öňüsyrasynda has aýdyň ýüze çykdy. Şu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzda iri çärleriň birnäçesi, şol sanda “Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri”  atly halkara suw maslahaty geçirildi. Bu maslahat dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler bilen giňden tanyşdyrmakda möhüm orun eýeledi. 

Türkmenistanyň  Suw hojalygy ministrligi we Tebigaty gormak minitsrligi tarapyndan guralan wekilçilikli forum ýurdumyzyň we daşary ýurtly alymlaryň hem-de dünýäniň köp döwletlerinden bilermenleriň 150-den gowragyny jemledi. Maslahata gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň täze neşiri – “Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi”  atly kitaby hödürlenildi. 

4-nji aprelde türkmen paýtagtynda Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň (DSHUT)  66-njy mejlisi geçirildi. Oňa Orta Aziýa ýurtlarynyň –Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralrynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.        

Duşuşygyň barşynda toparyň agzalary dostlukly goňşy ýurtlaryň gazanan netijeli gatnaşyklarynyň derejesine kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar tutuş sebit üçin möhüm bolan suw serişdelerini netijeli we tygşytly peýdalanmak ýaly meseläni çözmäge bolan çemeleşmelri ylalaşmaga gönükdirilendir. 

2-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň  we Demirgazyk Irlandýianyň Birleşen Patyşalygynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Wekiliýete Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistanda söwda boýunça wekili, Parlamentiň agzasy jenap Çarlz Hendri ýolbaşçylyk etdi. Söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, energetika we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada özara gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Şeýle hem Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC)  nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

3-nji aprelde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Şol ýerde Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Şol hyzmatdaşlyk bolsa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýär. 

6-njy aprelde  ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde şertnamalaýyn-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmek üçin Türkmenistanyň we Moldowanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Şol gün Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-moldowa toparynyň birinji mejlisi hem iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. 

8-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň  Daşary işler ministrlikleriň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň, şeýle hem Söwda, ykdysady, ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparynyň bäşinji mejlisiniň çäklerinde ileri tutulýan ugurlarda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar Türkmenistan –Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisini  gurmagyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns  berdiler. Bu gaz geçirijisi Aziýa sebitiniň döwletleriniň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine saldamly goşant goşmalydyr we umuman,  ählmumumy energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmelidir. 

“Elektrik energiýasynyň halkara söwdasy we elektrik energiýasyny satyn almak we satmak”  atly okuw maslahatynyň çäklerinde elektrik energetikasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu okuw maslahaty ABŞ-nyň Halkara ösüş baradaky  agentligi (ÝUSAID) tarapyndan guraldy.  Maslahatda bellenilişi ýaly,  ygtybarly elektroenergetika ulgamyny döreden we ony giňeltmegi dowam edýän Türkmenistan halkara energiýa howpsuzlygynyň täze arhitektuarsyny döretmäge işjeň gatnaşmak bilen, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga taýýardygyny beýan edýär. 

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan geçen aýyň birinji ongünlüginde guralan Halkara gurluşyk sergisi we maslahaty türkmen hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň özara tejribe alyşmagy üçin oňat meýdança öwrüldi. Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde geçirilen nobatdaky pudaklaýyn sergide  şu ýyl gatnaşyjylaryň 125-den gowragy özleriniň ekspozisiýalaryny görkezdiler. Şolaryň 107-si Russiýadan, Türkiýeden, Şweýsariýadan, Hindistandan, Eýrandan, BAE-den we dünýäniň beýleki köp döwletlerinden gelen  daşary ýurt kompaniýalarydyr.

8-nji aprelde Nýu-Ýorkda, BMG-niň  ştab-kwartirasynda BMG-niň  Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS)  guramaçylyk mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň birinji gününde Geňeşiň kömekçi guramalaryna saýlawlar geçirildi. EKOSOS-yň agzalary biragyzdan Türkmenistany 2016-2019-njy ýyllar üçin BMG-niň Ilatly ýerler boýunça Maksatnamasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň agzalygyna saýladylar. Türkmenistan şeýle hem 2016-2019-njy ýyllar üçin BMG-niň ilat we ösüş baradaky komissiýasynyň agzalygyna täzeden saýlanyldy. 

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň esasy guramalarynyň biri bolan Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2013-2015-nji ýyllar üçin agzalygyna ýurdumyz 2012-nji ýylyň noýabrynda kabul edilipdi. Munuň özi Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy ykdysady we durmuş wezipelerini çözmegiň oňaýly ýollaryny gözlemekda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge meýillidigini tassyklady. 

10-njy aprelde Türkmenistan 2016-2018-nji ýyllar üçin  BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine  ýetiriji Geňeşine saýlanyldy. 

Şeýle giň goldaw bildirilmegi dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy gazanmaga ýardam edýän BMG bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça maksadalaýyk ädimleri ädýän Garaşsyz Türkmenistanyň abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 

Şol günlerde  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan 2015-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň  tanyşdyryş dabarasynyň bolmagy bellärliklidir. Bu meýilnama BMG-niň Ilat ulgamyndaky gaznasynyň maslahat beriş goldawynda işlenip taýýarlanyldy. 

Ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda çäreleriň 60-dan gowragynyň geçirilmegini göz öňünde tutýan bu resminama zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-gumanitar durmuşyna gatnaşmagyny giňeltmek üçin zerur şertleri döretmek maksadynda kabul edildi. 

10-njy aprelde türkmen paýtagtynda geçirilen “Elektron döwlet hyzmatlary: halkara tejribe we milli tejribe”  mowzugy boýunça “tegelek stoluň”  başyndaky duşuşygyň çäklerinde Amerikanyň, Aziýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň we  GDA-nyň ýurtlarynyň birnäçesiniň mysalynda elektron hökümetiň konsepsiýasynyň çäklerinde ilata döwlet hyzmatlaryny etmegiň ulgamyny işläp taýýarlamagyň we ornaşdyrmagyň nusgalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, elektron hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy döwlet dolandyryşynyň we öz-özüňi dolandyryşyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetde we jemgyýetde bolup geçýän wakalara gözegçilik etmek hem-de şol ýagdaýlary kadalaşdyrmak boýunça  gaýragoýulmasyz çözgütleri kabul etmek üçin düýbünden täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam eder. 

Ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleriniň öňüsyrasynda, 10-njy aprelde Seulda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. 

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak 14-nji aprelde, “tegelek stoluň”  başyndaky duşuşykda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň we Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň —  bütin dünýäde meşhur  kompaniýalaryň, şol sanda “LG International Corp.”, “Hundai Engineering Co.,Ltd”, “Dongil Construction”, “DAEWOO International  Corporation”, “GS Engineering”,        “Halla Corporation”, “Korea Health Industrial Development”  we beýleki kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam etdirildi. 

13-nji aprelde  Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili jenap Terri Marianiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň mejlisinde kabul edildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini belläp, netijeli gatnaşyklary, şol sanda paralment edaralaryny ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar. 

Şol günüň ertesi ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy we Aşgabatdaky Merkezi Türkmenistanyň kanunçykaryjylyk häkimiýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatyny guradylar. Olar Parlament assambleýasynyň işini we onuň amala aşyrýan işlerine gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. 

20-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Sloweniýa Respublikasynyň wekiliýeti kabul edildi. Onda syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda, şeýle hem maýa goýum we bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde BMG-niň bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň  Merkezi Aziýadaky Sebit utgaşdyryjysy jenap Bernard Doýl bilen duşuşyk geçirildi. Ol Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy üpjün etmäge goşýan uly goşandyny, şeýle hem Owganystana we beýleki ýurtlara berýän ynsanperwerlik kömegini aýratyn belledi. 

Türkmenistanyň daşary işler minitsrliginde  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekiliýeti bilen  geçirilen duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ulgamlarda türkmen-amerikan gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Bu wekiliýet ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekiliniň orunbasary hanym Lorel Milleriň ýolbaşçylygynda Türkmenistana geldi. 

21-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisinde Latwiýa Respublikasyndan Ýewropa parlamentiniň deputaty hanym Iweta Grigule bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda myhman milli parlamentiň düzümi we kanunçykaryjylyk işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, Türkmenistanyň mejlisiniň adam hukuklaryny goramak, halkara we parlamentara gatnaşyklary meselelerine deglip geçildi. 

Şol gün Türkmenistanda  Bruneý-Darussalam Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hajy Mahadi bin Maididen ynanç haty kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisinde we  Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklaryň barşynda diplomat öz ýurdunyň Türkmenistan bilen giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şernamalaýyn-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi muňa ýardam eder. 

21-22-nji aprelde türkmen paýtagtynda  ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň we ÝHHG-niň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosynyň guramagynda saýlaw işiniň hukuk esaslaryna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Duşuşygy guraýjylar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň giň demokratik özgertmeler ýolunda durmuşa geçiriýän çärelerine ýokary baha berip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň saýlaw ulgamynyň hem-de milli kanunçylygyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşy geçirilmeginde türkmen tarapyna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny bellediler. 

21-nji aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň merkezinde, Lançžou Ulag uniwersitetinde geçirilen “Türmken-hytaý gatnaşyklary: durnukly ösüşiň bähbidine ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk”  atly wekilçilikli forum hem aprel aýynyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň Hytaýdaky Ilçihanasy tarapyndan guralan wekilçilikli forum Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulag-üstaşyr gatnawlary diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerine bagyşlandy. 

22-nji aprelde Brýusselde (Belgiýa)  Türkmenistanyň hökümeti hem-de  Energetiki Hartiýanyň Sekretariaty bilelikde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek meseleleri boýunça bilermenleriň halkara duşuşygyny guradylar.  Duşuşykda täze üstaşyr düzüme maýa goýumlaryny çekmek meselelerine üns berildi hem-de Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar, Afrika, Latyn Amerikasy ýurtlarynyň hökümetleriniň, halkara guramalarynyň, kompaniýalarynyň we akademiki toparlarynyň  bilermenlerine  gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredildi. Brýussel duşuşygynyň soňky mejlisinde jemleýji Jarnama kabul edildi. Onda dünýäniň energetitka howpsuzlygyny üpjün etmegiň bar bolan düzümleýin-hukuk ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. 

22-nji aprelde Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, ählumumy howpszulygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk”  atly halkara maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlynap, Ahal welaýatynyň häkimligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. 

Geçen aýyň ahyrynda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Muhammed Abdelsatdar Muhammed  Elbadri Türkmenistanda işläp başlady. Diplomat Müsürde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk döredijilik syýasatyna ýokary baha berilýändigini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmek babatda oňyn teklipleriň birnäçesini öňe sürdi. 

Müsür Arap Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler minitsrliginde hem kabul edildi. Bu ýerde uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi, has takygy dürli ugurlarda türkmen-müsür gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

23-nji aprelde paýtagtymyzdaky “Mizan”  täjirçilik merkezinde geçirilen nobatdaky türkmen-italýan işewürler maslahaty ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri jenap Maurisio Martinanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.  

Forumyň çäklerinde  Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.  Olaryň barşynda italýan wekiliýetiniň  agzalary esasy ugurlarda, şol sanda galla, gök we miwe önümlerini, maldarçylyk önümlerini öndürmek we ýerlemek ulgamynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga meýillidiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.  

Her ýyl dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramy aprel aýynyň   esasy wakalarynyň biri boldy. Bu baýramçylyga gabatlanylyp,  giň möçberli çäreler, şol sanda Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty”  atly VII halkara ylmy maslahat, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň bäşinji mejlisi geçirildi.  Pudaklaýyn ýarmarka hem-de wekilçilikli forumlara dünýäniň 50 ýurdundan daşary ýurtly myhmanlaryň 500-den gowragy gatnaşdy. Munuň özi deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleriniň bütin dünýäde ykrar edilmeginiň we Türkmenistanyň atçylyk ulgamynda gazanýan üstünliklerine we ýeten belent sepgitlerine gyzyklanmanyň arha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. 

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlarda geçirilen mowzuklaýyn çäreler hem uly ähmiýete eýe boldy. Aprel aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda  hytaý suratkeşi Žuý Ýundeniň döreden suratlarynyň “Ahalteke bedewleri—parahatçylygyň ilçileri”  atly şahsy sergisi guraldy. Sergide suratkeşiň 2002-2015-nji ýyllarda döreden eserleriniň 40-dan gowragy görkezildi. 

Geçen aýyň ahyrynda Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günleri üstünlikli tamamlandy. Dostlugy pugtalandyrmakda, iki halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda we gumanitar gatnaşyklaryň giňeldilmeginde möhüm ädim bolan bu çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, BAE-niň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, iki dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy, kinofilmler görkezildi. 

2015-nji ýylyň 28-nji apreli Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ýylýazgysynda aýratyn orun eýelär: Aşgabat wagty bilen 4 sagat 03 minutda Kanaweral burnundaky (ABŞ-nyň Florida ştaty)  kosmodromdan Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 52 oE”  aragatnaşyk emeli hemrasy   uçuryldy.  Ýurdumyzyň buýurmasy boýunça Fransiýanyň “Thales Alenia Space”  kompaniýasy tarapyndan gurlan enjam “Falcon 9” göterijisi bilen älem giňişligine çykaryldy. 

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan uly tehnologiki öňe gidişligi amala aşyrdy. Şeýle öňegidişlik diňe okgunly ösýän ykdysadyýetli, anyk uzakmöhletleýin wezipeleri we ösüş meýilnamalary bolan, guramaçylyk, intellektual, maliýe serişdelerini öňde goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirmäge ukyply döwlete başardýar.

Türkmenistanyň maksadalaýyk “açyk gapylar”  syýasatyny we köpugurly daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegi bu giň möçberli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm şertine öwrüldi. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy bolsa häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.                                   

Şu taryhy wakanyň hormatyna ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan her biriniň gymmaty 50 manada barabar bolan altyn we kümüş şaýy pullary, şeýle hem şu ýadygärlik şaýy pullardan toplumlar çykaryldy.  

29-30-njy aprelde türkmen paýtagtynda  “Maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmäge hem-de ýerli we daşary ýurtly žurnalistleri bellige almagyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermekde halkara ölçegleri hem-de milli tejribe”  atly iki günlük maslahat geçirildi. Bu maslahat ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Türkmenistanyň daşary işler minitsrliginiň ýardam bermeginde “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek” taslamasynyň çäklerinde guraldy. 

Şol günlerde gender deňligi we zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy meselelerine baglyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Bu bir günlük çäräni ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi hem-de  ÝHHG-niň demokratik institutlar  we adam hukuklary baradaky býurosy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokrtaiýa we adam hukuklary baradaky Milli instituty bilen hyzmatdaşlykda guradylar. 

Maslahata çagyrylan daşary ýurtly bilermenler duşuşyga gatnaşanlary gender deňligi we  gender alamatlary boýunça kemsidilmeleriň we zorlygyň öňüni almak babatda halkara standartlary we  ÝHHG-niň borçnamalary bilen tanyşdyrdylar. 

Ýörite şu okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Latwiýa Respublikasynyň Parlamentiniň Ýewropa işleri boýunça komitetiniň başlygy hanym Lolita Çigane Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. 

Latwiýa tarapy sebit we dünýä derejesindäki meseleleri çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän parahatçylyk döredijilik ornuny, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça geçirilýän netijeli çäreleri bellemek bilen, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmaga isleg bildirýändigini beýan etdi. 

ÝHHG-niň ýardam bermeginde Mary şäherindäki Döwlet energetika institutynyň  wekilleriniň Ispaniýa okuw-tanyşlyk sapary guraldy. Ýurdumyzyň wekilleri energiýanyň alternatiw çeşmeleri boýunça öňdebaryjy tejribe we iri taslamalar bilen tanyşdylar hem-de bu ulgamda tejribe alyşdylar. 

29-30-njy aprelde türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen bilelikde guran Merkezi Aziýa migrasiýa akymlary meseleleri boýunça okuw maslahaty geçirildi. Çykyş edenler öz çykyşlaryny Bosgunlaryň we raýatlary bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde dünýä we milli tejribesiniň seljermesine, şeýle hem  halkara guramalarynyň we ýöriteleşdirilen düzümleriň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine bagyşladylar. 

28-29-njy aprelde Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň  mejlisi geçirildi. Wekiliýetiň agzalary döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp, iki ýurduň hem dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga meýillidigini beýan etdiler. 2014-2016-njy ýyllar üçin söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň hökümetara maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi hem bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär. 

Özara saparlaryň alşylmagy hem ýurdumyzyň goňşy ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge berk ygrarlydygyny görkezýär. Geçen aýyň ahyrynda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň uly wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň merkezi bolan Aktau şäherine we Žan Uzen şäherine baryp gördi. Doganlyk ýurda bolan bu sapar Türkmenistanyň Gazagystandaky konsullygy hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan  Türkmenistanda giňden bellenilýän Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. 

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işine degişli wakalara synymyzy tamamlap, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň häzirki dünýäniň wajyp meselelerini netijeli çözmekde halkara bileleşiginde eýeleýän  ornuny has-da pugtalandyrýandygyny ynamly aýtmak bolar. 

Degişli makalalar

Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentine Gynanç Bildirdi

syrach

Rozy Rejebow: Grek-Rim Usulynda Göreşýän Pälwanlaryň Oýunlarda Ýeňiş Gazanmaga Mümkinçiligi Bar

TÜRKMENİSTAN’DA ÖNEMLİ ULUSLARARASI İHALE

syrach