9.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Milli Liderimiziň Baş Şygary: «Döwlet Adam Üçindir!»

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagyna üç ýyl dolýar.

Türkmenistanlylaryň millionlarçasy ýurdumyzyň täze taryhynyň bu möhüm syýasy wakasyna gatnaşyp, geçirilen saýlawlarda milli Liderimize seslerini berdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň geçirýän giň gerimli özgertmelerini goldadylar. Bu çözgütde jemgyýetimiziň bir bitewi jebisligi, halkymyzyň döwlet Baştutanymyza ynamy hem-de täze üstünliklere we sepgitlere okgunlylygy öz beýanyny tapdy.

Geçen ýyllaryň içinde durmuşyň ähli ugurlarynda, ozaly bilen, döwlet dolandyryş, ykdysadyýet ulgamlarynda düýpli özgertmeler geçirilip, geljek üçin kesgitlenen beýik maksatlara ýetmek üçin esas goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda toplumlaýyn milli maksatnamalar amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär, sanlaşdyrmak işlerine badalga berildi, olar durmuş-ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga ýardam edýär.

Senagatyň dürli pudaklarynda, gazhimiýa toplumynda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda we beýleki ugurlarda iri taslamalar amala aşyrylýar, olar ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri Türkmenistany sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hataryna çykaryp, dünýä giňişliginde onuň derejesini belende galdyrdy. Ata Watanymyzyň halkara abraýynyň ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň näderejede netijeli amala aşyrylýandygyna bagly bolup durýandygy gürrüňsizdir.

Demokratik döwletiň gurluşy syýasy erki we öňdengörüjiligi, şeýle hem ýokary guramaçylyk endiklerini we gujur-gaýraty talap edýär. Milli Liderimiz şol ukyplary görkezip, durmuş çelgilerini özgertmeleriň esasy hökmünde ulanýar hem-de ýurdumyzda raýat institutlarynyň, köppartiýalylygyň, telekeçiligiň ösmegini höweslendirýär.

Milli Parlamentiň iki palataly ulgamyna geçmek hem-de şonuň bilen baglylykda, täze Konstitusion kanuny işläp taýýarlamak bu ugurda möhüm ädim bolup durýar.

Şeýlelikde, wekilleriň palatasy hökmünde Halk Maslahatynyň girjek Milli Geňeşi döwlet wezipelerini çözmekde halkyň gatnaşmagyny giňelder. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgamy, bir tarapdan, dünýä tejribesine esaslanýar, beýleki tarapdan bolsa, milli demokratik däpleri şöhlelendirýär.

Halkymyzyň sütünleriniň täze zatlar bilen sazlaşykly utgaşmagy, özgertmeler bilen özara baglylygy häzirki türkmen syýasy medeniýetiniň häsiýetli aýratynlygyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli taryhy mirasymyzy ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmagyň we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm serişdeleriniň biri hökmünde kesgitläp, täze mümkinçilikleri özleşdirmegiň strategiýasyny halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesinde, onuň gadymdan gözbaş alýan dünýägaraýşynda gurady.

Geçen ýyl hem innowasion taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylan ýyly hökmünde ýurdumyzyň täze taryhyna girip, olaryň esasylarynyň biri Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasydyr.

Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylmagyny, Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna badalga berilmegini, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde eýeleýän ornuny giňeltmek üçin Ylymlar akademiýasynda özgertmeleriň başlanmagyny maksatnamanyň ilkinji ýylynda bolup geçen esasy wakalaryň hatarynda görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Awazada geçirilen, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan birinji Hazar ykdysady forumy hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna başlandy hem-de giň gerimli «Aşgabat-siti» taslamasy taýýarlanyldy, ýurdumyzda iri ýaşaýyş jaý toplumlarynyň hem-de administratiw merkezleriň, täze obalaryň gurluşygy dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýanynda täze nusgadaky durmuş-önümçilik ulgamynyň düýbüni tutmaga gatnaşdy.

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyny, GDA-nyň hökümet we döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini, şeýle hem halkara sergileriň, maslahatlaryň, forumlaryň ençemesini üstünlikli geçirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň maksady we gerimi boýunça batyrgaý, emma mazmuny boýunça oýlanyşykly we öňdengörüjilikli başlangyçlary düýbünden täze taslamalaryň hem-de ýurdumyzy ösdürmegiň ugurlarynyň başyny başlady. Olar öňdebaryjy halkara tejribäni hem-de ählumumy geosyýasy işlerine täsir etmäge ukyply mynasyp we jogapkär hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine goşulmagyny şertlendirdi.

Gözümiziň alnynda hem-de dünýä bileleşiginiň şaýat bolmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly meýilnamalary amala aşyrylyp, batyrgaý maksatlar anyk keşbine eýe boldy. Jemi içerki önümçiligiň durnukly ösmegi, senagatyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümçilikleriň döredilmegi hem-de täze eksport mümkinçilikleriň açylmagy milli Liderimiziň ähli özgertmeleriniň üstünliginiň görkezijilerine öwrüldi.

Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, daşary ýurt maýalarynyň çekilmegi, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuş guralynyň üýtgedip gurulmagy, bazar gatnaşyklarynyň we hususy pudagyň ösmegi görlüp-eşidilmedik depginlere eýe boldy.

Uly işleriň amala aşyrylmagy bilen, görnükli netijeler gazanylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ähli özgertmeleriniň esasy aýratynlygy, olaryň innowasion häsiýeti, halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan täze maksatlaryna ýetiljekdigine hem şek-şübhe bolup bilmez, çünki durmuşyň, şol sanda geçen ýylyň wakalarynyň görkezişi ýaly, biz örän uly meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyply bolup durýarys. Biziň her birimiziň durmuşymyzda öz beýanyny tapan ýurdumyzyň uly işleri hem-de uly üstünlikleri ýurdumyzyň raýatlarynyň öz Prezidentine — milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa belent ynamynyň ýokary derejesini kesgitledi.

Degişli makalalar

Gudrat Göreý Diýseň Daglara Bar

syrach

Aşgabatda Bütindünýä Forumyň Çäklerinde Pudaklaýyn Işewürler Maslahaty Geçirildi

Türkmenistanyň Maýa Goýum Boýunça Özüne Çekijiligi: Köp Milliardlyk Bilelikdäki Taslamalar