15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

milli sazly-drama teatrynda “Görogly” operasynyň

Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda “Görogly” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Bu şanly waka täze Galkynyş eýýamynda ýurdymyzyň milli saz sungatynyň ösmegine medeniýet işgärleriniň önjeýli goşandynyň nyşany boldy. Munuň özi häzirki döwürde türkmen döwletinde we jemgyýetinde ruhy gymmatlyklaryň ösüşiniň ileri tutulýandygyny tassyk etdi. Asylly däbe görä, täze operanyň ilkinji görkezilişi türkmen operasynyň täzeden galkynan senesi hökmünde milli sungatymyzyň taryhyna giren gün bolan Medeniýet we sungat işgärelriniň güni mynasybetli guraldy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň halkyna we ýurdumyzyň medeniýet-sungat işgärlerine iberen Gutlagynda bu ulgamda uly üstünlikler gazanylýandygyny belläp, döredijilik işgärlerini türkmen halkynyň ruhy durmuşynda belent sepgitleri eýelemäge çagyrdy. “Täze eýýam türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da kämilleşdirilmegini hem-de ýokary derejelere göterilmegini talap edýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan çuň özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň many-mazmunyny, asyl maksadyny giňden wasp etmek medeniýet we sungat işgärleriniň belent borjudyr” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Üç ýyl mundan ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldawy bilen Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda täzeden dikeldilen “Şasenem we Garyp” operasy ilkinji gezek ýaňlandy. “Şasenem we Garyp” operasynyň ilkinji gezek tomaşaçylara ýetirilen güni milli baýramçylyk bolan Medeniýet we sungat işgärleriniň güni esaslandyryldy. Şondan bir ýyl geçenden soň, “Leýli we Mejnun”, 2010-njy ýylda bolsa “Zöhre we Tahyr” operalary täzeden dikeldildi. Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda “Arşin-mal alan” atly sazly komediýa ilatymyz uly höwes bilen tomaşa edýär. Häzirki döwürde teatryň repertuarynyň halk rowaýatlarynyň esasynda döredilen ýene bir opera bilen üsti ýetirildi.

Teatryň kaşaň zalyna hökümet agazalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalaryyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we iri halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, tanymal medeniet we sungat işgärleri, dörediji ýaşlar ýygnandylar.

Täze opera türkmen halkynyň milli gahrymany, bagşy we sazanda Görogly hakynda gürrüň berýär. Bu baradaky rowaýatlar agyzdan-agza geçip, türkmenler hem-de gündogaryň beýleki halklary tarapyndan saza goşulyp, aýdym edilip aýdylypdyr. “Görogly” operasy türkmen halkynyň watansöýüjiliginiň senasydyr. Onuň erkinlik baradaky, türkmen döwletiniň garaşsyzlygy we rowaçlygy hakyndaky arzuwynyň täze Galkynyş eýýamynda amala aşmagynyň beýanydyr. Operanyň gahrymany Watanyň namysy we azatlygy ugrunda göreşýän, ýiti paýhasly we jöwher ýaragly, örän güýçli we gaýduwsyz türkmen ýigididir. Edil “Görogly” şadessany ýaly täze opera Watana bolan sögüni, öz halkyna wepalylygy, häzirki zaman tomaşaçysyna gönükdirilen ägirt uly ahlak ýörelgeleri beýan edýär.

Operany döreden kompozitor R.Rejebow we liberettonyň awtory G.Daňatarow, Magtymguly adyndaky Türkmen milli-sazly dpama teatrynyň artistleri, baletmeýster we suratkeşler, şeýle hem türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary operanyň üstünde örän jogapkärli işläpdirler we anyk hereketli aýdyň tomaşany döredipdirler. Ýokary ussatlyk derejesinde döredilen eser sazyň hem-de sahna keşpleriniň üsti bilen operanyň gözelligini açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Nusgawy operanyň we halk sazlarynyň esasynda döredilen opera eseri örän çylşyrymly bolmak bilen, ol tomaşaçylarda milli häsiýete, nusgawy sungata giňden göz ýetirmäge aýdymyň, sahna bezeginiň, dramaturgiýanyň we milli heňleriň sazlaşmagyna oňaýly şert döredipdir. Eseriň ilkinji görkezilişi döredijilik ýokary göterilişinde geçdi. Operanyň iň soňky sazly tapgyry ýaňlanandan tomaşaçylar uzak wagtlap el çarpdylar.

Şu gün teatryň repertuaryna goşulan täze eser sungatyň bu görnüşiniň köp sanly bilermenleri we muşdaklary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. 

referans: www.turkmenistam.gov.tm

Degişli makalalar

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2018-nji Ýyl

turkmenhabargullugy

Ýerine Ýetiriji Komiteti “Türkmenhowaýollary” Gullugynyň Aşgabat 2017 Oýunlarynda Hyzmatdaşdygyny Yglan Etdi

Gutlag

syrach