8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Milli tanslar.

Türkmenistanda taryhy-medeni ýadygärlikleriň 1500 töweregi hasaba alyndy. Parfiýa patyşalygynyň merkezi bolan Köne Nusaý, orta asyr gündogaryň belli alymlarynyň ady bilen (Biruny, Awisenna) baglanyşykly bolan Köneürgenç, Gündogaryň gadymy siwilizasiýasynyň iri merkezleriniň biri bolan Gadymy Merw – bularyň ählisi ýurduň esasy syýahatçylyk merkezleridir. Bu “açyk asmanyň astyndaky muzeýleriň” ählisi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girizilendir. 



Häzirki wagtda ajaýyp tebigat toplumly Badhyz we Köýtendag goraghanalarynyň zolaklary, dünýäniň iň uly sähralarynyň biri bolan Garagum, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň desgalary ýaly ajaýyp tebigy gözellikler bu sanawa goşulmaga taýýarlanylýar. Mundan hem başga, geljekde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge türkmen halk döredijiliginiň nusgalary az däldir. Olaryň hatarynda biziň özboluşly dessanlarymyzy, haly göllerini, şüweleňli tanslary, küşt depdini görkezmek bolar. 



Küşt depdi tansy siwilizasiýanyň bosagasynda döreýär, ol öz gözbaşyny irki ýer eýeçilik medeniýetiniň özboluşly däplerinden we dessurlaryndan, tebigy hadysalara boýun egen hem-de sazlaşykly beden hereketleri arkaly tebigat bilen garyşmaga çalyşan, janly tebigatyň dürli hadysalaryna we haýwanlaryň endiklerine öýkünen gadymy adamlaryň dini medeniýetinden alyp gaýdýar. 

Umuman gadymy adamlaryň ruhy dünýasinde ekerançylyk we maldarçylyk bilen bagly öňden gelýän tans däp-dessurlary örän köp bolupdyr. Bütin topraga jan berýän we adamlaryň ýüreginde uly ynamy döredýän bahar pasly uzak garaşylan ýylylygy özi bilen alyp gelýär. Tebigy we sazlaşykly utgaşma ymtylmak näzik we horeografiki özboluşly tansalaryň döremegi bilen şertlendirilendir. 



Kütdepdi – ýaşlyk joşgunynyň, owadanlygyň, çalt we çeýe hereketiň tansy. Şonuň üçin hem ol köplenç ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ýöne käwagt oňa özleriniň şatlygy we joşgunlary bilen ýaşlardan birjik-de kem oturmaýan ýaşuly ýaşdaky adamlar hem goşulyşýarlar. Tans ýaşlaryň we gyzlaryň hoş labyzly ýerine ýetirmeklerinde “gazal” aýtmaklaryndan başlanýar. Munda olar tansyň ilkinji akgynly hereketlerini edýärler. Olaryň töwereklerindäkiler sazlaşykly çapak çalmak bilen, olaryň ýerine ýetirýän hereketlerine syn edýärler. Her bir “gazalyň” ahyrynda olar biri-birini öjükdirýän ýaly we tansyň ritmne goşulýan ýaly däbe öwrülen “eý-ha”, “uh-hu” , “küşt-küşt” ýaly heňlerini aýdýarlar. Tans edilýän wagtynda tans edýäniň elleri biri-birine galtaşmaly däl. Aýratyn halatlarda tans edýänleriň edil ortarasynda özboluşly ýadro emele gelýär. Onda adatça beýlekilere esasy labzy erkek we zenan berýär 



Sungaty öwrenijileriň pikirlerine görä, akgynly, aýlanyp ýerine ýetirilýän ajaýyp horeografiki küştdepdi tansy, bu ýerde her bir tans edýän aýratynlykda we şol bir wagtyň özünde hem owadan herekeleriň umumy böleginiň aýrymaz bir bölegi bolup durýar, gadymy awçylaryň däp-dessur tanslaryny ýada salýar. Olar awlanan haýwanyň läşiniň töwereginde tegelenip aýlanmak bilen, beýik alladan ähli şowlulyklaryň özlerine ýaran bolmagyny dileg edýäne meňzeýärler. 



Çündogar Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda giňden ýaýran çapak tansy hem şular ýaly tans däplerine degişlidir. Çapak tansy ýaş gyzlar we ýaş zenanlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Tansy ýerine ýetirýänler giň tegelegi emele getirýärler. Onuň merkezinde iki ýa-da birnäçe zenan ýaz guşlaryny hereketini ýatladyp, aýaklaryny bile goýup duran ýerlerinde ýuwaşja bökmek bilen, tansyň ilkinji sazlaşykly hereketini edýärler. Şunlukda olar elleriniň aýalary bilen çapak çalýarlar. Ýöne, deprekleriň ýuwaş-ýuwaşdan çykyp ugraýan sesi tänsa aýratyn öwüşgün berýär. Tans edýänleriň herketleri gözüň alnynda üýtgeýär. Olaryň ajaýyp horeografiýasynda aňyrsyna göz ýetmeýän asman giňişligindäki ganat ýaýýan guwlar göz öňüne gelýär. 



Tansyň depgini ýuwaş-ýuwaşdan peselip, ortara ýaş tansçylaryň ornuna duýdansyz agaç çemçeden-kaşykdan owaz çykarýan tansçy ussatlar gelýärler. Olaryň ellerindäki çemçeleriň owazy tans hereketleri we deprekleriň ritmine goşulşyp gidýär. Tansyň iň gyzyşan wagty birnäçe zenan özleriniň däbe öwrülen “haý, öleň” heňine başlaýarlar. Tansyň bu görnüşine “kaşyk tansy” diýip atlandyrýarlar. 

Çapak tansynyň ýene-de bir görnüşi “hekge böküş” bolup durýar. Onuň ritmiki horeografiýasy kyrk deprekçiniň okgunly herketleri bilen utgaşýar: tegelegiň içindäki tansçylar tansy bir aýaklarynyň üstünde durup amala aşyrýarlar. 

“Sallanan gözel” – bu tansyň iň bir owadan bölegidir. Ýaş tanysçylaryň hereketleri leýlisaç bagynyň ýazyň mylaýym şemalyna öwüsýän şahalaryny ýatladýar. Çapak tansy toýlarda hem ýerine ýetirilýär. Munda durmuşa çykýan gyzyň we öýlenýän oglanyň garyndaşlary biri-birileriniň garşysynda durup, “ýar-ýar” we “öleň” heňlerini ýerine ýetirmek boýunça özara bäsleşýärler. 

Çapak we küşt depdi tanslarynda elleriň herketleriniň meňzeşdigini belläp geçmelidiris. Oarda gadymy şaminizmiň “al-arwahyny” kowujy däp-dessury ýatlanyýar. Bu gadymy tanslaryň şular ýaly owadanlygy we çeýelgi halk döredijiliginiň özboluşly iň gowy nusgalaryny özüne siňdiren häzirki zaman türkmen horeografiýa sungatynyň täze many-mazmunyna eýe bolýar. 



Häzirki zaman türkmen tans sungaty köp asyrlyk we häzirki zaman dessurlarynyň berk düzgünlerini özünde jemleýär. Olar berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe çalt depginler bilen täze keşbe eýe bolýarlar we ösdürilýär, şol bir wagtyň özünde hem ruhy myrasyň baý dessurlaryny özlerinde saklaýarlar. Milli tanslar Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giňden ýaýrap, ýurduň dürli sebitlerinde ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryna eýe bolýarlar. Bu tanslar häzirki wagtda türkmen topragynyň bolluk bilen eçilen baýramçylyklarynyň ählisiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. 

Her bir halkyň medeniýeti – taryhyň açyk kitabydyr. Onuň her bir sahypasy geçilen durmuş ýolunyň tükeniksiz ruhy-ahlak kämilligini beýan edýär. Onuň gazanan iň bir beýip sepgidi bolasa sazlaşayk bolup durýar. Medeniýetiň yzygiderliligi – aýratyn ulgam. Oňa herketsizlik, bir ýerde durmaklyk asla ýatdyr. Ol ýadawsyz kämilleşdirilmegi, öňe tarap okgunly herket etmegi talap edýär. Wagtyň okgunly hereketi gadymy däp-dessurlaryň täze keşbe eýe bolmagyna getirýär, olaryň manysyny täze görnüşde beýan edýär. Tans sungaty hem özünde gadymy gözbaşlary we häzirki zaman äheňleri özboluşly sazlaşdyryp, şular ýaly özgertmeleri başdan geçirýär.

Degişli makalalar

Döwlet Geňeşiniň we Hukuk Goraýjy Düzümleriň Ýolbaşçylary Bellenildi

Döwlet Muzeýinde Ýylyň Şygaryna Bagyşlanan Sergi Açyldy

turkmenhabargullugy

Turkmen Milli Nahary

syrach