13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT YKDYSADYÝET

Milli Ykdysadyýetiň Ýanwar Aýynda Ýeten Sepgitleriniň Netijeleri Jemlenildi

Milli Ykdysadyýetiň Ýanwar Aýynda Ýeten Sepgitleriniň Netijeleri Jemlenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, taryhy waka – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdi mynasybetli ýurdumyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul edilen Rezolýusiýa Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň umumyadamzat ähmiýetiniň bardygyny ýene-de bir gezek tassyklandygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu şanly wakadan gelip çykýan tabşyryklary yglan etdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy esasynda halkara maslahatyny taýýarlamak we geçirmek tabşyryldy. Bu resminamada bellenip geçilişi ýaly, milli bitaraplyk syýasaty degişli sebitlerde halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmäge ýardam edip biler. Ählumumy derejede hem dünýäniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeläp biler.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň 2016-njy ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň gutarnykly netijeleri yglan edildi: jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygyny, şol sanda senagatda—1,1 göterime, gurluşykda—4,3 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda—10,7 göterime, söwdada—14,1 göterime, oba hojalygynda 9,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda—10,4 göterime barabar bolandygyny habar berdi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça aýlyk iş haky 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9,2 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. 2016-njy ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 59,5 milliard manada deň boldy hem-de öňki ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 0,4 göterim boldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda öndürilen önümiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,1 göterime barabar boldy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli görkezijileri bilen deňeşdirilende 16,9 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäklerde saklanyldy.

Degişli makalalar

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Rahat Bilen Tanyş Boluň!

Türkmenistan Fotosuratlary 36

Aşgabat 2017-niň Metbugat Maslahaty Wideo