Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine 2014-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler bilen bagly meseleler, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalary girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer 2014-nji ýyl üçin makroykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi. Onuň belleýşi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn esasda köpugurly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde, onuň pudaklaýyn we sebitleýin düzümini diwersifikasiýalaşdyrmakda, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn syýasat netijesinde Türkmenistan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirip, ykdysady işleriň ähli ugurlarynda ýokary hilli ösüşi, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuşynyň ýokary derejesini üpjün edýän iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak bilen okgunly ösmegini ynamly dowam edýär.
2014-nji ýylyň makroykdysady görkezijileri, hususan-da, jemi içerki önümiň ösüş depgini munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ol 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 110,3 göterim üpjün edildi. 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,3 göterime barabar boldy. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisinde diýen ýaly ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.
Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynda hem ösüş depgini ýokarlandy. Mysal üçin, 2013-nji ýyl bilen deňeşdireniňde bu görkeziji 17 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2013-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 103,6 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzda düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 106,7 göterime deň boldy. Bu görkezijiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 44 göterim möçberde emele geldi.
2014-nji ýylyň jemleri boýunça möhüm maliýe resminamasy ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirilip, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýyl üçin ýurdumyzyň ykdysady we maliýe ulgamyna degişli ministrlikleriň we edaralaryň hem-de banklaryň iş meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak babatda ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hem aýtdy. Habar berlişi ýaly, meýilnamalaryň taslamalary milli we döwlet maksatnamalarynda hem-de 2015-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetinde kesgitlenen wezipelere laýyklykda we türkmen döwletiniň Baştutanynyň belliklerini we beren maslahatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy.
Soňra maliýe ministri M.Muhammedowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem 2014-nji ýylda maliýe-býujet ulgamynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, maliýe ministri onuň girdeji böleginiň 121,2 göterime deň bolandygyny habar berdi. Býujet serişdeleriniň gönükdirilen maksada peýdalanylmagy netijesinde Döwlet býujetiniň çykdajy bölegi 95,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe býujet serişdeleriniň 80,1 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.
Ýerli býujetiň ýerine ýetirilişi barada aýdylanda, onuň girdeji böleginiň 114 göterim çykdajy böleginiň bolsa 97,7 göterim berjaý edilendigi bellenildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararyny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler barada habar aýdyldy. Hususan-da, 2014-nji ýylda Merkezi we ýerli balans toparlarynyň mejlisleriniň 133-si geçirildi. Olaryň barşynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 18-siniň, şeýle hem guramalaryň we kärhanalaryň 533-siniň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi hem-de degişli çözgütler kabul edildi.
Maliýe ministri şeýle hem “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maliýe ulgamynda guramaçylyk-dolandyryş işini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi durmuş-ykdysady işleri dolandyrmagyň umumy ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýar. Şu babatda milli Liderimiz maliýe durnuklylygyny saklamak üçin çäreleri görmegiň möhümdigine ministriň ünsüni çekip, bu ugurda degişli işleri geçirmek boýunça anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi. Milli Liderimiz şeýle hem ministrlikleriň, edaralaryň we guramalaryň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ykdysadyýet we ösüş ministri W.Abdylhekimow gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýylda bitirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” berjaý etmek meseleleri boýunça çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, 2014-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmelerinden özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6,7 göterim ýokarlandy. Onuň 40 göterimi durmuş desgalarynyň, 60 göterimi bolsa önümçilik ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Geçen ýyl durmuş-medeni we önümçilik ähmiýetli iri desgalaryň jemi 456-sy ulanmaga tabşyryldy. Hasabat döwründe Milli maksatnamanyň çäklerinde özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 23,9 göterim artdy. Bu görkeziji Ahal welaýaty boýunça 27,6 göterim, Balkan welaýaty boýunça 19,4 göterim, Daşoguz welaýaty boýunça 5,8 göterim, Lebap welaýaty boýunça 47,4 göterim, Mary welaýaty boýunça 19,5 göterim boldy. Geçen ýyl bu maksatnamanyň çäklerinde durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň 251-si bina edildi. Munuň özi 2013-nji ýyldakydan 56 desga köpdür. Şunuň bilen birlikde, 222 desganyň gurluşygy dowam edýär. Mundan başga-da, meýdany 1112,4 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy, 2307,4 kilometr suw geçirijileri, 408,2 kilometr awtomobil ýollary, 1309,9 kilometr gaz geçirijileri, 3759,8 kilometr elektrik geçirijiler, 2813,4 kilometr telefon ulgamlary çekildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň meselesine ünsi çekdi. Onuň baş maksady bu halkyň durmuşynyň ýokary derejesini we hilini üpjün etmek, sebitlerde täze eýýamyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap dürmuş düzümini döretmekdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Milli Liderimiz uly möçberli bu maksatnamanyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belläp, ministre bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow ýurdumyzyň ministrlikleri we edaralary tarapyndan 2014-nji ýylda gazanylan iş netijeleri we ykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe ähli pudaklarda diýen ýaly önümçiligiň möçberiniň artmagy önümleriň köpüsi boýunça üpjün edildi. Olardan elektrik energiýasynyň öndürilişi 108,8 göterime, tebigy gazyň çykarylyşy 111,1 göterime, nebitiň çykarylyşy 103,2 göterime, benziniň öndürilişi 102,7 göterime, dizel ýangyjynyň öndürilişi 101,2 göterime, kerosiniň öndürilişi 101,6 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 100,9 göterime, nebit bitumynyň öndürilişi 125,9 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 103,4 göterime, polipropileniň öndürilişi 109,3 göterime, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi 109 göterime, armatura we beýleki demir önümleri — 100,4 göterime, mineral dökünleri –142,3 göterime, ýod 103,3 göterime, sementiň öndürilişi 110,7 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleri 122,6 göterime, nah ýüplükler 111,8 göterime, nah matalar 118,3 göterime, derman serişdeleriniň öndürilişi 135,8 göterime deň boldy.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda hem oňyn netijeler gazanyldy. 2014-nji ýylda 1,2 million tonnadan gowrak bugdaý öndürildi. Pagta hasylyny taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnama 106,6 göterim ýerine ýetirildi. 2013-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, oba hojalyk önümlerini, hususan-da, et, süýt, ýumurta we gök önümlerini öndürmegiň ösüş depgini üpjün edildi.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk pudagyndaky üstünlikler barada aýdyp, 2014-nji ýylda ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberiniň 2013-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 16,8 göterim köpelendigini habar berdi.
Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşalyşynyň möçberiniň ösüşi 12 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüşi 104,4 göterim boldy. Aragatnaşyk pudagynda ilata edilýän hyzmatlardan alnan girdejileriň möçberi 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 7,8 göterim artdy.
Geçen ýylyň dowamynda nebitgaz, himiýa, derman önümçiligi pudaklarynyň iri senagat desgalaryny, şeýle hem durmuş, inženerçilik-ulag ähmiýetli desgalary gurmak boýunça işler depginli alnyp baryldy. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň döwlet we hususy ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetiň depginli ösüşini häsiýetldendirýän görkezijilere kanagatlanma bildirip, bu düzümiň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi statistika habarlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, statistiki gözegçilik geçirmegiň we statistiki görkezijileriň emele getirilmeginiň usulyýetini kämilleşdirmek, bu usulyýetiň halkara ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer A.Goçyýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň 2014-nji ýyldaky durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileriniň umuman erbet bolmandygyny belledi. Emma, muňa garamazdan heniz üstünde işlenilmegini, çözgüdini talap edýän köpsanly meseleler bar, häzire çenli urdumyzyň ykdysadyýetinde we dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlaryň ýeterlik derejede doly seljermesi taýýarlanmady diýip aýtmak bilen, milli Liderimiz ykdysadyýetiň ösüş ugurlarynyň anyk çaklamalarynyň hem berilmeýändigini, wise-premýeriň gözegçilik edýän ykdysadyýet we maliýe edaralarynyň talaba laýyk işlemeýändigini belledi.
Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine hiç hili gözegçilik edilmeýär diýip, milli Liderimiz munuň degişli maksatnamalaryň ýylyň-ýylyna doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigini esasy sebäpleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Biz täze iş orunlaryny döretmek barada köp aýdýarys. Emma, häzire çenli bu ugurda ýörite maksatnamanyň hem ýokdugyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz nägileligini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmek boýunça anyk wezipeleri kesgitleýän toplumlaýyn maksatnamany işläp taýýarlamagyň, ony maliýeleşdirmegiň çeşmelerini kesgitlemegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu maksatnamada göz öňünde tutulan işleri Maksatnama kabul edilenden soň, ony durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli iş alyp barmaly diýip, milli Liderimiz nygtady.
Umuman, wise-premýeriň gözegçilik edýän tutuş toplumyňyzyň geçen ýylda alyp baran işleri kanagatlanarly däldigi, toplumyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýaramaz işländigi üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň adyna nägileligini bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmändigi üçin maliýe ministri M.Muhammedowa, ykdysadyýet we ösüş ministri W.Abdylhekimowa, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri B.Şamyradowa, Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Ş.Hümmedowa käýinç yglan etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradowy başga işe geçýändigi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz bu wezipä M.Annadurdyýewi belläp, ony Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
«Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Aşyrow, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu bankyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary K. Meredow “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine bellenildi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe berk käýinç yglan etdi we eger ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ol 2014-nji ýylda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň iş netijeleri we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, nebititiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 103,2 göterime, tebigy hem-de ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 111, 1 göterime, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara eksport etmegiň möçberleriniň ösüş depgini bolsa 11,2 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, nebiti gaýtadan işlemegiň we nebit önümlerini öndürmegiň, şol sanda awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudyny, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň möçberleri artdy.
Geçen ýylda badalga alan iri düzümleýin taslamalarGyýanly şäherçesinde polietilini we polipropileni öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumynyň, “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde gurulýan gazy gaýtadan işleýän zawodyň, Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawodyň gurluşygy hakynda hem habar aýdyldy. 2015-nji ýylda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, tebigy gazdan benzin, dizel ýangyjyny we uçarkerosin öndürýän zawodyň gurulmagy nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga hyzmat eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň birnäçe pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi. Döwet Baştutanymyzyň belleýi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly serişdeleriň goýberilýändigine garamazdan, pudagyň käbir düzümleýin bölümleriniň işi bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär.
Ýangyç-energetika toplumynda bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak we pudagyň ähli düzümlerini döwreplaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm meselesidir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz nebitiň we gazyň täze ýataklaryny gözlemäge hem-de özleşdirmäge, uglewodorod serişdelerini gazyp almaga we olary gaýtadan işlemäge gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ýokarandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ýurdumyz nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýedir we energiýa serişdeleriniň çykarylyş möçberlerini artdyrmak üçin ähli mümkinçilikler bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz ýokary netijeleri gazanýan daşary ýurt kompaniýalarynyň işini mysal hökmünde getirdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň işini seljermegi we olarda netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Ç.Hommadowy başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy. Şeýle hem ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky Döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary bolup işlän A.Begliýewi konserniň başlygy wezipesine belledi we degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda ýanwar-dekabr aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi işler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer 2015-nji ýylda ýurdumyzda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň maksatnamasy hakynda hasabat berdi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 123,1 göterime barabar boldy.
Energetika ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň on iki aýynda öndürilen önümiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 109,3 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 109,8 göterime deň boldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça degişli görkezijileriň ösüş depgini hasabat döwründe 112,9 göterime deň boldy.
Hasabatyň çäklerinde “Türkmenbaşy-Farap”, “Aşgabat-Garagum-Daşoguz” döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.
Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,7 göterim boldy.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat bermek bilen, wise-premýer degişli döwürde durmuş-medeni maksatly desgalaryň 245-siniň, bina edilendigini habar berdi.
Degişli döwürde 1 million 112,4 inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ösüş depgininiň 184, 6 göterime deň bolandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we 2015-nji ýylda ýurdumyzda binalary we desgalary gurmagyň hem-de ulanmaga bermegiň meýilnamasyna seredip, Berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly we ýokary depginler bilen ösdürmek üçin öňümizde täze wezipeleri we belent maksatlary goýduk diýip belledi. Bu wezipeleri biz häzirki zaman tehnikalaryny we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu ulgamda birnäçe çözülmedik meseleleriň bardygyny aýtdy we wise-premýerlere senagat we durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işleri, aýratyn-da, şol işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu, aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan desgalara degişlidir.
Ýokary gözegçilik edarasy ýurdumyzda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişine seljerme geçirdi. Geçirilen seljerme işleriniň netijelerinden görnüşi ýaly, 2014-nji ýylda ýurdumyzda ulanmaga berilmeli iri önümçilik we medeni – durmuş maksatly jemi 372 desganyň 51 sanysynyň gurluşyk işleri pes depginde alnyp barlypdyr. Şoňa görä-de, bu desgalar öz wagtynda ulanmaga berilmändir. Pudaklar boýunça alanymyzda gurluşygy möhletinden gijä galan desgalar şulardan ybarat: nebitgaz pudagyna degişli 8 sany, gurluşyk we energetika toplumyna degişli 17 sany, oba hojalyk pudagyna degişli 6 sany, ulag we aragatnaşyk pudagyna degişli 4 sany, Ahal welaýatynyň häkimligine degişli 2 sany, Balkan welaýatynyň häkimligine degişli 9 sany, Lebap welaýat häkimligine degişli 5 sany desga.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň pes depginde alnyp barylmagynyň we desgalaryň möhletinden gijä galmagynyň esasy sebäpleriniň gurluşyk işlerini geçirmek üçin ýer bölekleriniň wagtynda bölünip berilmeýändigi, taslama çenlik resminamalarynyň wagtynda taýýarlanylmaýandygy, ýerine ýetirilen işler üçin resminamalary taýýarlamak wagtyndan gijä galýandygy, şol sebäpli, tölegler wagtynda geçirilmeýändigi, gurluşyk üçin zerur bolan enjamlar wagtynda getirilmeýändigi, iş buýrujylar tarapyndan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna talaba laýyk gözegçilik edilmeýändigi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
Milli Liderimiz aýdylan bellikleri jemläp, wise-premýer M.Artykowa desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işlerde bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi, ähli desgalaryň bellenen möhletlerde we ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň ýokary depginlerini we hilini gazanmagyň esasy wezipedigini nygtap, M.Artykowa ýurdumyzyň ähli gurluşyk edaralarynyň ýolbaşçylary bilen alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýyny ýene-de bir gezek düýpli seljermek, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler, geçirilmeli çäreler barada teklipleri taýýarlamak, eger gerek bolsa, degişli kararyň taslamasyny taýýarlamak babatda görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda 2014-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi.
Wise-premýer ulaglar we aragatnaşyk toplumy tarapyndan hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we işleriň meýilnamasynyň 109 göterim ýerine ýetirilendigini, şunda ösüş depgininiň 109,5 göterime deň bolandygyny habar berdi.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 108 göterime, ýolagçy gatnatmakda 109 göterime deň boldy.
Şeýle hem hasabat döwründe döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Gazagystan-Türkmenistan Eýran demir ýolunyň türkmen-eýran böleginiň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaraly çäreleriň geçirilendigi aýdyldy. Ýurdumyzyň içerki demir ýollarynyň inžener-tehniki desgalary, şol sanda demir ýoluň ugrunda gurlan köprüleri döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar.
2014-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda demir ýol gurluşygynda ulanylýan ýörite tehnikalaryň 87-si, teplowozlaryň 3-si, ýörite wagonlaryň 103-si we ýolagçy wagonlarynyň 153-si gelip gowuşdy.
Hasabat döwründe Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107 göterime barabar boldy. Ýük daşamakda ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101 göterime deň boldy.
Geçen döwürde halkara derejeli ýolagçy awtomenzili ulanmaga berildi, jemi 77 täze awtobus goşmaça halkymyza hyzmat edip başlady.
Geçen ýylda Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe ilatymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz boýunça 601 müň 200 öýjükli belgi, 9 müň 900 radiotelefon belgisi we 40 müň 400 ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,7 esse ýerine ýetirildi.
Geçen döwürde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, 61 müň 328 telefon belgilik beketler gurnaldy we 2 müň 851 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.
Wise-premýer hasabat döwründe milli emeli hemramyzyň gurlup, uçuşa doly taýýar edilendigini belledi. Ahal we Daşoguz dolandyryş merkezleri guruldy, enjamlaşdyryldy we ulanylyşa taýýar edildi.
Şeýle hem hemra ulgamyny dolandyrmak boýunça Milli kosmos agentliginiň hünärmelerini okatmak we taýýarlamak işlerine uly üns berlendigi barada habar berildi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça awiahyzmatlary ýerine ýetirmek babatda 112 göterim ösüş gazanyldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 119 göterime, ýolagçy gatnatmakda 109 göterime barabar boldy.
Hasabatyň çäklerinde türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziliniň 2-nji ýolagçy terminalynyň hem-de gullugyň edara-binasynyň ulanylmaga berlendigi barada habar berildi.
Şu geçen döwürde Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline täze “Boeing-777-200 LR” uçarlarynyň ikisi gelip gowuşdy.
Şeýle hem Aşgabat we Türkmenabat halkara howa menzilleriniň we Daşoguz şäheriniň howa menziliniň täze emeli uçuş-gonuş zolagynyň hem-de desgalarynyň gurluşygy alnyp baryldy.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 116 göterime, ýük daşamakda 102 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe 4 tirkeg gämisi hem-de ýük awtoulaglaryny daşaýan we ýolagçylary gatnadýan “RO-PAX” görnüşli “Berkarar” gämisi Türkmenbaşy portuna getirildi we işe girizildi.
Hasabatyň çäklerinde Gidrometeorologiýa baradaky Milli komitetiň döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün edilýän edara-binasynyň gurluşyk işleriniň güýçli depgin bilen alnyp barlandygy habar berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk pudaklaryna döwletimiz tarapyndan uly kömek berilýändigini, emma, muňa garamazdan, bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ösdürmek boýunça işleriň häzire çenli talabalaýyk alnyp barylmaýandygyny aýtdy. Ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň edara-kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, pudak üçin ýokary hünärli işgärelri taýýarlamak işleri hem ýaramaz alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz ulag pudagynda düzgün-nyzamy berkitmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýer S.Satlykowa wagonlaryň relslerden düşmeginiň öňüni almak üçin zerur işleri geçirmek, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak bilen bagly hyzmatlaryň döwletiň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmagyny gazanmak boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow söwda toplumynda 2014-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtmak bilen, möhüm ugurlaryň esasy görkezijileri hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2014-nji ýylda haryt dolanyşygynyň möçberleri 3 milliard 569,6 million manada deň boldy. 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende onuň ösüş depgini 105,4 göterim boldy. Şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy 1 milliard 210,3 milion manat, lomaý haryt dolanyşygy bolsa 2 milliard 359,3 milliona manada barabar boldy. Bu görkezijileriň ösüş depgini degişlilikde 109,4 göterime we 103,5 göterime deň boldy. Bu ulgamda özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberi 204,6 million manada deň bolup, onda 22,9 göterim ösüş gazanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça 2014-nji ýylda 231 birža söwdalary geçirilip, 30 müň 895 şertnama hasaba alyndy. Şeýlelikde, onuň umumy bahasy 70 milliard 984,2 million manada deň boldy. Hasaba alnan şertnamalaryň umumy möçberinde import-eksport şertnamalarynyň bahasy 29 milliard 484,1 milliona manada deň boldy. Gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy 31 milliard 182,7 million manat boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 34 million 778,6 müň amerikan dollaryna deň bolup, 106,8 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Söwda-senagat edarasy boýunça 19 million 102 müň manat möçberinde hyzmat işeri amala aşyryldy. Onuň ösüş depgini 104,7 göterime deň boldy. Hyzmatlardan gelip gowşan daşary ýurt pulunyň möçberi 2 million 985,8 müň amerikan dollaryna barabar bolup, 103,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 27 sergi we 20 maslahat geçirildi.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe 420,4 million manatlyk senagat önümleri, 673,6 million manatlyk oba hojalyk önümleri öndürilip, degişlilikde 133.7 göterim we 114 göterim ösüş depgini gazanyldy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 6 milliard 29 million manada deň bolup, onuň mukdary 47 göterim artdy. Söwda-haryt dolanyşygy 8 milliard 481,6 million manada barabar bolup, onuň ösüş depgini 165,4 göterime deň boldy. Hyzmatlar ulgamynda 667,1 million manatlyk iş ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 147,6 göterime deň boldy.
2014-nji ýylda söwda toplumy boýunça häzirkizaman binalarynyň köp sanlysy, şol sanda welaýatlarda köpugurly söwda bazarlary, “Awaza” söwda merkezi, Aşgabatda bolsa “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi, onlarça dükanlar, şeýle hem önümçilik we durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň düzüminiň ösdürilmegi diňe bir teklip edilýän harytlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi, içerki bazarlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, pudagyň öňdebaryjy söwda usullarynyň, bu ulgamda işewür halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasynda dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleri öňe sürýändigini belledi.
Soňra gözegçilik edýän pudaklarynda 2014-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow çykyş etdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň esasy görkezijileri barada döwlet Baştutanymyza habar berip, hasabat döwründe bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreleriň barşynda gurluşyk serişdeleri senagatynyň, himiýa, dokma we haly senagatynyň belli bir ösüş depginini saklaýandygyny, balyk senagatynyň pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny hem-de çykarýan önümleriniň möçberlerini artdyrýandygyny aýtdy.
Senagat ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 134,7 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 116,7 göterime barabar boldy. Sement öndürmekde oňat görkezijiler bellenildi, şonda ösüş 110,7 göterime, magdan däl serişdeleri öndürmekde124,2 göterime, demirbeton gurnamalary öndürmekde — 111 göterime, keramzit öndürmekde — 109,1 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň möçberleri boýunça meýilnama 110,6 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 111,3 göterime barabar boldy. Hususan-da, nah ýüplük we şondan dokalan matalary öndürmek boýunça bu görkeziji degişlilikde 111,8 göterime we 118,3 göterime, örme we tikin önümlerini öndürmekde111, 1 göterime ýetdi. Dokma önümlerini ýerlemek boýunça ösüş depgini geçen ýylyň maglumatlaryna garanyňda 100, 6 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan 2014-nji ýylda önümçiligiň ösüş depginini 101,4 göterim derejede saklap galmak bilen, haly önümleriniň 42,6 müň inedördül metri dokaldy. Şu döwürde meýilnama 135,5 göterim möçberinde ýerine ýetirilip, ösüş depgini 109,5 göterim üpjün edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda önüm öndürmegiň umumy ösüşi 116,5 göterime, şol sanda mineral dökünleri öndürmekde — 142,3 göterime, tehniki ýody öndürmekde 103,3 göterime, natriý sulfatyny öndürmekde 128,3 göterime, tehniki uglerody öndürmekde — 100 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan önüm öndürmegiň möçberi boýunça üpjün edildi, ösüş depgini 104,9 göterim üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşowyň adyna tankydy bellikleri aýtdy. Milli Liderimiz häzirki wagtda onuň gözegçilik edýän senagat toplumynyň öz üstüne ýüklenen wezipeleri doly möçberde ýerine ýetirip bilmeýändigini belledi. Içerki bazar ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli önümler bilen ýeterlik üpjün edilmeýär. Çykarylýan, bäsdeşlige ukyply önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylmaýar. Munuň özi himiýa senagatynyň we balyk hojalygynyň işine degişlidir, bular meýilnamalaýyn borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýär. Senagat toplumynda dowam edýän kemçilikleri düzetmek boýunça zerur çäreleri görmek gerek.
Ýolbaşçylaryň talabalaýyk gözegçilik etmeýändigi sebäpli, balyk hojalygynda köp sanly düzgün bozmalara ýol berildi. Pudak boýunça öndürilýän balyk we balyk önümleriniň hili we möçberi ilatyň isleglerini kanagatlandyrmaýar. Howdan hojalyklary netijeli ulanylmaýar, olaryň durkuny täzelemek, sowadyjy enjamlary gurmak işleri hem örän ýaramaz alnyp barylýar. Döwlet balyk hojalygy komitetiniň garamagyndaky 22 sany gäminiň diňe 4 sanysy abat. Gämileriň tehniki ýagdaýy bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär.
Maliýeykdysady görkezijiler işleriň ýaramaz ýagdaýdadygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň 11 aýynda pudakda çykdajylaryň möçberi alnan girdejiden 9 esse köp bolupdyr. Komitetiň garamagyndaky kärhanalaryň düşewüntsiz işleýändigi üçin olaryň bergileri yzygiderli artýar. 2014-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň umumy bergisi 241 million manatdan geçipdir. Maýa goýum meýilnamasy bary-ýogy 51,5 göterim özleşdirilipdir.
Bulardan başga-da, pudagyň kärhanalarynda we edaralarynda ýokary bilimli hünärmenler, aýratyn-da balyklary ösdürip ýetişdirmek boýunça hünärmenler ýetmezçilik edýär. Döwletiň köp serişdeleri sarp edip, balykçylyk pudagy üçin daşary ýurtlarda taýýarlanýan hünärmenleriň köpüsi okuwy tamamlap gelenden soňra, öz ugry boýunça işlemeýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýokary gözegçilik edarasy tarapyndan Döwlet balyk hojalygy komitetiniň işi boýunça geçirilen barlagyň netijeleri barada aýdyp, başga-da köp sanly kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny belledi hem-de D.Hojamyradowy Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy.
Milli Liderimiz şu wezipä ozal şol komitetiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini eýelän T.Paşiýewi belläp, degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Ol 2014-nji ýylda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda ulanmaga berlen desgalar barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bilim-terbiýeçilik edaralarynyň 154-si ulanmaga berildi. Mundan başga-da, geçen ýylda deňizçilik, derýaçylyk hem-de jemagat hojalygy orta hünär mekdepleri, şeýle hem 3 sany başlangyç hünär mekdebi döredildi. Ýokary okuw mekdeplerinde 11 täze hünär açyldy.
Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olary täze okuw we ylmy edebiýatlar bilen üpjün etmek boýunça geçirilen işler barada hem habar berildi.
Türkmen mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 139 medala eýe boldular.
Şeýle hem dünýäniň iri ylmy merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk amala aşyryldy.
Gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanda ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça halkara sergileri we ylmy maslahatlar geçirildi.
14-16-njy maýda “Magtymguly Pyragy we umumy adamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Geçen ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň dünýäniň ençeme dilinde goşgular ýygyndylary neşir edildi we tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Şeýle hem beýik söz ussadynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy makalalar we monografiýalar çap edildi.
2014-nji ýylda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ugry boýunça 13 desga ulanmaga berildi.
Syýahatçylyk ulgamy boýunça geçirilen işler barada hem hasabat berildi. Hususan-da, hasabat döwründe 98244 syýahatça hyzmat edildi we 105,9 göterim ösüş gazanyldy.
2014-nji ýylda türgenlerimiz 151 halkara sport ýaryşyna, şol sanda sportuň görnüşleri boýunça 24 dünýä çempionatyna we 23 Aziýa çempionatyna (Aziýa oýunlaryny hasaba almak bilen) gatnaşdylar hem-de jemi 393 medala mynasyp boldular. Munuň özi öňki ýyldakydan 111 medal köpdür.
19-24-nji noýabrda guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, jemi 45 medal gazandylar.
2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmek dowam edýär. 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Okeaniýa sebitiniň ýurtlarynyň V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy babatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi hem-de Okeaniýanyň milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Ähtnama gol çeiklmegi taryhy waka boldy.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, degişli ministrlikler, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan 2015-nji ýylda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan işleriň meýilnamalary taýýarlanyldy we garamaga hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir işleriň jemini jemlemegiň däl, eýsem, olary çözmegiň möhüm ugurlaryny bellemegiň wajypdygyny nygtady.
Mili Lideimiz S.Toýlyýewiň gözegçiik edýän düzümlerinde bar bolan kemçiliklere ünsi çekip, olaryň hatarynda Bilim ministrliginiň, Sport we Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetleriniň düzümlerinde ýokary bilimli hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini belledi. Sport ulgayndaky işgärlerirň hünär derejesiniň pesdigi has-da äşgär duýulýar. Häzirki döwürde sport ulgamynda käbir öňegidişlikler bar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz geçen ýylda öňki ýyllara garanyňda, türgenlerimiz halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, gazanan medallarynyň mçöberiniň 30 göteriim ýokarlanandygyny nygtady. Ýöne bu görkezijiler ýene-de iki ýyldan V Aziýa oýunlarynda ýeňiş gazanmak üçin ýeterlik däldir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere we onuň gözegçiligindäki düzümleriň ýolbaşçylaryna pudaklarda arnyp barylýan işleri jikme-jik seljermegi, bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi tabşyrdy.
Türkmen ýaşlaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermegi üpjün etmek meselesi esasy wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin döwlet tarapyndan ägirt uly serişdeler gýoberilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde türkmenistanly ýaşlaryň 4 müňden gowragy daşary ýurtlarda bilim alýar. Emma ýaşlar okuwlaryny tamamlansoň, olaryň ykbaly bilien hiç kim gyzyklanmaýar, ýurdumyza dolanyp gelenden soň olaryň köpüsi täjirçilik edara-kärhanalaryna işe ýerleşýärler diýip, döwdet Baştutunamyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, mill Liderimiz ähli wise-prmýerelere döwlet edaralaryna işe ýerleşmek babatda netijeli ulgamy işläp taýýarlamak, daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlaryň edaralara ýerleşmegini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we işinde kemçiliklere ýol berendigi üçin bilim ministri G.Mämmedowa berk käýinç berdi we gysga möhletde ýol berlen kemçilikleri düzetmese, onuň eeýleýän wezipesinden boşadyljakdygyny aýtdy.
Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we işinde kemçiliklere ýol berendigini üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Ammannepesowa hem käýinç berilýändigini yglan edip, hormatly Prezidentimiz degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlary döwrebap terbiýelemek, olaryň ruhy, medeni we sport babatda ösmegi üçin ýurdumyzda döredilen maddy binýadyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady.
Ýurdumyzda medeniýet öýleri, kitaphanalar, sport desgalary we durmuş maksatly beýleki desgalar yzygiderli gurulýar hem-de ulanylmaga berilýär. Bu işler mundan beýläk hem dowam etdiriler diýip, milli Liderimiz aýtdy we ýaşlar bilen işlemekde bu serişdelerden has-da netijeli peýdalanmagyň, olaryň hünär taýýarlygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň işine ünsi çekip, guramaçylyk we beýleki meseleleri çözmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz sport we syýahatçylyk ulgamynyň işi babatda hem anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa öz gözegçilik edýän ulgamlarynda 2014-nji ýylda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns bermegi netijesinde medeniýet ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berildi: hasabat döwründe medeni çäreleriň 44339-sy geçirildi, täze medeniýet öýleriniň 27-si ulanmaga berildi, şeýle hem Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda häzirkizaman kitaphanalarynyň täze binalary açyldy, neşirýat işleri işjeňleşdi, halkara döredijilik alyşmalary dowam etdirildi diýip belledi.
Halkara derejesindäki iri medeni çäreleriň hatarynda daşary ýurtlaryň ýurdumyzda geçirilen Medeniýet günlerini, şeýle hem daşary ýurtlarda guralan Türkmenistanyň Medeniýet günlerini görkezmek bolar. Daşary döwletleriň Türkmenistanda işleýän ilçihanalary bilen bilelikde kino günleri, sergiler hem-de beýleki halkara medeniýet çäreleri geçirildi.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň, milli taryhy-medeni mirasyň we Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlarynyň giňden wagyz edilmegine biziň ýurdumyzda we dünýäniň köp döwletlerinde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan çäreler oňat ýardam etdi. Geçen ýyl türkmen we dünýäniň beýleki dilleriniň köpüsinde şahyryň ömüri we döredijiligi baradaky kitaplaryň 32-si neşir edildi. 2014-nji ýylyň maý aýynda “Magtymguly Pyragy we umumadamzat gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragy” medaly döredildi, bu medal bilen medeniýet, sungat, ylym we bilim işgärleriniň 339-sy, şol sanda daşary ýurt raýatlarynyň 53-si sylaglandy. Geçen ýylyň 13-15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýylynyň ýapylyş dabarasy hem-de jemleýji halkara ylmy maslahaty geçirildi.
Hasabat döwründe Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi we onuň çäklerinde Halkara sungat sergisi geçirildi, şeýle hem geçen ýyl “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly II halkara festiwaly, II Wena baly, 54-nji Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň halkara maslahaty, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza-2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwaly, “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň IХ halkara kitap sergi ýarmarkasy we ylmy maslahaty, “Arheologia tapyndylaryny öwrenmekde we muzeýleşdirmekde Türkmenistanyň tejribesi” atly halkara ylmy maslahaty we beýleki çäreler geçirildi.
Wise-premýeriň hasabanyda şeýle hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we neşirýat işini, kinematografiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylan işler barada habar berildi. 2014-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan umumy sany 6 million 179 müň 300 nusga deň bolan kitap önümleriniň 300 görnüşi çap edildi. 2014-nji ýylda umumy sany 146 million 240 müň bolan gazetleriň 27 görnüşi, umumy sany 4 million 307 müň bolan žurnallaryň 23 görnüşi neşir edildi. Geçen ýylda “Galkynyş” kitap merkezi 364 müň 800 nusgalykdaky 65 görnüşli kitap önümleri bilen ýurdumyzyň kitaphanalaryny üpjün etdi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüşler barada gürrüň berýän habarlary we beýleki gyzykly gepleşikleri, filmleri ýaýlyma goýbermek, şeýle hem daşary ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek hem-de Türkmen telewideniýesiniň işini kämilleşdirmek maksady bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda işleýän daşary döwletleriň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hem-de Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten sepgitlerini wagyz etmekde, ýurdumyzyň raýatlarynyň medengi derejesini mundan beýläk-de ösdürmekde, olaryň ahlak we estetiki terbiýesini kämilleşdirmekde medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň aýratyn möhüm ornuny nygtap, wise-premýeriň we Milli telewideniýäniň işinde kemçiliklere ýol beren teleýaýlymlaryň ýolbaşçylarynyň adyna düýpli nägileligini bildirdi. Milli Liderimiz ýaýlyma goýberilýän gepleşikleriň hiliniň örän pesdigine, olaryň durmuşdan üzňedigine we režisýorlyk işiniň göz-görtele kemterlik edýändigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýokarda aýdylanlar gazetlariň we žurnallaryň ýolbaşçylaryna hem degişlidir. Metbugat serişdelerinde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri we üstünlikleri ýeterlik derejede beýan edilmeýär, makalalaryň çeperçilik taýdan pesdigi ünsüňi çekýär, metbugat serişdelerinde ýurdumyzda bolup geçýän wakalar dessin habar berilmeýär, köplenç bu wakalar barada daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinden eşitmek bolýar.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem, Medeniýet ministrliginiň işinde bar bolan kemçiliklere ünsi çekdi. Hususan-da, milli Liderimiz köp serişdeler goýberilip paýtagtymyzda, şäherlerde we obalarda gurlan köpsanly medeni maksatly desgalar doly derejede peýdalynylmaýar, olaryň köpüsi