17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2015-nji ýylda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Döwlet we milli özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen ýylyň dowamynda toplumlaýyn çäreler görüldi. Öz wagtynda geçirilen işleriň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň ýokary derejesi üpjün edildi. 

Hasabat döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiziň esasy görkezijileriniň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly we okgunly ösüşe eýe boldy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 104,8 göterim üpjün edildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. 

2015-nji ýylyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy 41,9 milliard manada barabar bolup, ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda hem ösüş gazanyldy. 

Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky 2014-nji ýyldaka görä 9,5 göterim ýokarlandy. 

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa serişdeleriniň möçberleri hem artdy. 

Wise-premýer 2015-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlary özgertmek baradaky milli maksatnamada kesgitlenen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigini habar berdi. Şol döwürde şu maksatnamanyň çäklerinde jemi 4,9 milliard manada barabar möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. 

Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 175-sinde gurluşyk işleri tamamlandy hem-de 155-sinde gurluşyk işleri dowam edýär.

Soňra Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedow çykyş edip, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdaýjy bölegi bolsa 90 göterim ýerine ýetirildi. 2015-nji ýylda býujet serişdeleriniň 78,7 göterimi durmuş ulgamyna gönükdirildi. 

Hasabat döwründe ýerli býujetler girdejiler boýunça 101,7 göterime, çykdajylar boýunça bolsa 96,4 göterime deň boldy. 

Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi. 

Şeýle hem 2015-nji ýylda maliýe-býujet ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen hasabat döwründe merkezi, pudak we sebit balans toparlarynyň mejlisleriniň 142-si geçirildi hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 8-siniň şeýle hem kärhanalaryň 465-siniň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi. 

2015-nji ýylyň dowamynda ätiýaçlandyryş işini, auditorçylyk işini we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek bilen bagly maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde yzygiderli işler alnyp baryldy. 

Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripow milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny çekmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” bellenilen çäreleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. 

2015-nji ýylda önümçilik we durmuş-medeni ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna iri möçberli taslamalar durmuşa geçirildi. Hasabat döwründe Milli maksatnamanyň çäklerinde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 4,9 milliard manada barabar bolup, meýilnama 132 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji Ahal welaýaty boýunça 1 milliard 133 million manada, Balkan welaýaty boýunça 1 milliard 142 million manada, Daşoguz welaýaty boýunça 814 million manada, Lebap welaýaty boýunça 964 million manada, Mary welaýaty boýunça 850 million manada deň boldy. 

2015-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda hassahanalaryň 2-si, saglyk öýleriniň 16-sy, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 14-si, orta mekdepleriň 15-si, medeniýet öýleriniň 9-sy, sport mekdepleriniň 3-si, sport desgalarynyň 2-si, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 4-si guruldy, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň 3968 kilometri çekildi, dik guýularyň 27-si gazyldy, awtomobil ýollarynyň 239 kilometri guruldy, telefon ulgamlarynyň 2346 kilometri çekildi. 

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 30-njy martyndaky Buýrugyna laýyklykda, gurulmagy meýilleşdirilen önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 290-syndan 265-si bina edildi. Olaryň 76-sy önümçilik we 189-sy dürli maksatly desgalardyr. 

Hasabatda aýdylyşy ýaly, “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, kärhanalaryň we desgalaryň 36-sy hususylaşdyryldy. 

Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. 

Hasabat döwründe milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmek maksady bilen geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ähli pudaklarda diýen ýaly önümçiligiň möçberleriniň ýokary depginler bilen ösüşi üpjün edildi. 

Ýylyň jemleri boýunça nebitiň çykarylyşynyň ösüş depgini 105,2 göterime, elektrik energiýasynyň 100,5 göterime, benziniň, kerosiniň, çalgy serişdeleriniň, nebit koksunyň, polipropileniň 100,1 göterime, nebit bitumynyň 121,2 göterime, suwuklandyrylan gazyň 100,6 göterime, sementiň 104,4 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 115,5 göterime, plastmas we aýna süýümli turbalaryň 103,7 göterime, demir önümleriniň 101,7 göterime, mineral dökünleriniň 175,2 göterime, ýoduň 100,8 göterime, pagta süýüminiň 100,2 göterime, nah matalaryň 107,4 göterime, makaron önümleriniň 112,8 göterime we şerbetli içgileriň 111 göterime, derman senagatynyň önümleriniň 138 göterime barabar ösüş depginleri gazanyldy. 

Oba hojalyk pudagynda oňat netijeler gazanyldy. 2015-nji ýylda 1 million 406,1 müň tonna bugdaý öndürildi. Pagta taýýarlamak baradaky tabşyryk 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe şalynyň öndürilişi 40,5 göterim ýokarlandy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň ösüşi üpjün edildi. 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, mallaryň baş sany 28,2 müň, dowarlaryň bag sany 168,7 müň, guşlaryň sany 235,8 müň artdy. 

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk ulgamyndaky görkezijiler barada hasabat bermek bilen, 2015-nji ýylda gurluşyk işleriniň möçberiniň 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,3 göterim ýokarlanandygyny habar berdi. 

Hasabat döwründe ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşamagyň möçberi artdy. Ýolagçy gatnatmak boýunça 102,8 göterim, şol sanda awtomobil ulagynda 103,3 göterim, demir ýol we howa ulaglarynda 100,2 göterim, suw ulagynda 137,6 göterim ösüş gazanyldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata hyzmat etmekden alynýan girdejileriň möçberi 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9 göterim artdy. 

2015-nji ýylda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda energetika, nebitgaz, himiýa, obasenagat, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem söwda we ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik maksatly iri desgalaryň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp baryldy. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl bölegini ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi. 

Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň hem-de harytlaryň eksporty we edilýän hyzmatlar üçin ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň hasabyna pul serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň alyp barýan işiň derejesine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bank edaralarynyň işini guramakda kemçilikleriň bardygyny belläp, degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin M.Annadurdyýewe käýinç yglan edildi. 

Milli Liderimiz ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak baradaky maksatnamany ýerine ýetirmegiň örän möhümdigine ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanjakdygyny nygtady. 

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işinde kemçiliklere ýol berilýändigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ministrligiň ýolbaşçysy B.Şamyradowa ozal hem birnäçe gezek käýinç yglan edildi. Ýöne ýaglaýy düzetmek üçin zerur işler geçirilmedi. Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine gelip gowuşýan arza-şikaýatlar azalman, ýyl-ýyldan artýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, işde goýberen kemçilikleri üçin B.Şamyradow zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdriýietiniň başlygy wezipelerinden boşadyldy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy K.Rejepowy işde goýberen düýpli kemçilik üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy. 

Döwlet Baştutanymyz Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri wezipesine we Pensiýa gaznasynyň müdüriýetiniň başlyklygyna S.Akmämmedowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýet we ösüş ministriniň orunbasary wezipesine E.Annamuhammedowy belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň 2015-nji ýyldaky durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileriniň umuman kanagatlanarlydygyny belledi. Ýöne muňa garamazdan, çözgüdine garaşýan köpsanly meseleleriň we wezipeleriň öňümizde durýandygyny bellemeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Milli Liderimiz B.Hojamämmedowa ýüzlenip, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady düzüminiň kärhanalarynyň häzirki güne çenli degişli derejede iş alyp barmaýandygyny nygtady. Ýokary gözegçilik edarasynyň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işlere geçiren seljermesiniň netijeleri boýunça bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligiň gowşadylandygy ýüze çykaryldy. Döwlet Baştutanymyz munuň bellenen maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigini aňladýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz kabul edilen makkatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, anyk işleriň durmuşa geçirilmeginiň, göz öňünde tutulan ähli işleri ýerine ýetirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2017-2021-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, bu işlere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz şol resminama taýýarlanylanda degişli maksatnamalarda we ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça Esasy ugurlarda göz öňünde tutulan gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýyna degişli seljermäniň geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2017-2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky” Karara gol çekip, degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Wise-premýer degişli maksatnamany taýýarlamak hakyndaky Karara gol çekendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmak babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew 2015-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, geçen ýyl bilen deňeşdirilende nebit we gaz kondensatyny çykarmagyň ösüş depgini 105,2 göterime, buraw işleriniň ösüş depgini 124,4 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek baradaky meýilnama 145,6 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, awtoulag benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki nebithimiýa önümleriniň önümçiliginiň tehniki-ykdysady görkezijileri, şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, guramalarda we ýaşaýyş toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlaryny orurtmak boýunça alnyp barlan işler hakynda hasabat berildi. 

Şeýle hem wise-premýer ýangyç-energetika toplumynda düzümleýin özgertmeleri geçirmek, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligini Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi diýip atlandyrmak hakyndaky” Permanyň we başga-da birnäçe Kararlaryň taslamalary hödürlenildi. 

Resminamalara laýyklykda, “Türkmennebitönümleri” baş müdirligi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň garamagyna geçirilýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň nebit we gaz instituty hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ylmy-barlag we geologiýa-gözleg instituty ýapylyp, olaryň binýadynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagynda ylmy-barlag tebigy gaz institutyny döretmek göz öňünde tutulýar. Bu institutlaryň taslama bölümleriniň hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň gurluşyk-gurnama müdirliginiň binýadynda “Türkmengaz inženerçilik we gurluşyk” müdirligi döredilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň düzümini tassyklamak hakyndaky” Karara laýyklykda, ýangyç-energetika toplumynda täze bina edilýän gurluşyklaryň barşyna gözegçilik etmek wezipesi “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň üstüne ýüklenilýär. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, “Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Hususan-da, onuň düzümine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de “Garagum” halkara paýdarlar banky girýär. Milli nebitgaz kompaniýasynyň işiniň esasy ugurlary geologiýa-gözleg we buraw işlerini alyp barmakdan, nebiti we gazy çykarmakdan, ýangyç-energetika toplumyndaky halkara taslamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. 

Wise-premýer çykyşynyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan düzümleýin özgertmeleriň ulgamyň işini kämilleşdirmekden, düzümlerde ykdysady bähbidi gazanmakdan, başga-da, işiň ilerlemeginde, düzümleriň önümçilik kuwwatlyklarynyň we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýangyç-energetika toplumyny özgertmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler degişli pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, bu ugurlarda alnyp barylýan işleriň ylmy esasda ösdürilmegine, pudaklaryň işine dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nebitgaz pudagynyň netijeliligi köp derejede dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara almak bilen, onuň işiniň oýlanyşykly özgerdilmegine baglydyr. Milli Liderimiz oňyn netijeleri almak üçin pudagyň bar bolan mümkinçiliklerini ýüze çykarmakdan, ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmekden, önümçilik çykdajylaryny azaltmakdan, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan önümleri ýerleşdirmek meselelerine bolan işleri kämilleşdirmekden ybaratdygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligini Türkmenistanyň nebitgaz ministrligi diýip atlandyrmak hakyndaky” Permana, şeýle hem hödürlenen Kararlara gol çekip, wise-premýere hem-de toplumyň ýolbaşçylaryna resminamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “2016-njy ýylda içerki sarp edijilere nebit önümlerini bölüp bermek hakyndaky” Karara gol çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz M.Halylowy başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri wezipesinden boşadyp, ýurdumyzyň nebitgaz ministri wezipesine M.Meredowy belledi. 

M.Halylow “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory wezipesine bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Nebitgaz pudagynda bar bolan we häzirki döwürde ulanylmaýan mümkinçiliklere ýene bir ýola ünsi çekip, döwlet emläginiň, maddy-enjamlaýyn we maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dolandyryş ulgamyna dünýä tejribesinde kabul edilen kadalary we düzgünleri, häzirkizaman halkara ölçeglerini giňden ornaşdyrmak çärelerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy. 

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer Aşgabat şäher häkimliginiň hojalyk hasaplaşygyna degişli edara-kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasynyň 100,8 göterim ýerine ýetirilendigini, ösüş depgini bolsa 129,3 göterime deň bolandygyny belledi. 

Paýtagtymyzyň häkimliginiň kärhanalary boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň meýilnamasy 108,2 göterim ýerine ýetirildi. 

Wise-premýer Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 126,9 göterim berjaý edilendigini, ösüş depgininiň 113,9 göterime deň bolandygyny aýtdy. Hasabat döwründe ministrligiň daşary ýurt pulundaky girdejisiniň ösüş depgini 101,8 göterime barabar boldy. 

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň kärhanalary 2015-nji ýylyň jemleri boýunça göz öňünde tutulan meýilnamany 138,6 göterim ýerine ýetirip, 130,3 göterim ösüş depginini üpjün etdiler. 2015-nji ýylda elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. Elektrik energiýasynyň eksporty boýunça ösüş depgini 108,2 göterim üpjün edildi. Ministrligiň daşary ýurt pulundaky girdejisiniň meýilnamasy 101,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy. 

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan hasabat döwründe meýilnama 113,3 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 112,6 göterime barabar boldy. 

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 107,5 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 106,8 göterim üpjün edildi. 

Hasabatyň barşynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna çenli paýtagtymyzda desgalary gurmak we durkuny täzelemek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada habar berildi. Şunda önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hil derejesinde berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigi bellenildi. 

Hasabatyň çäklerinde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, ministrlikler we pudak edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan tassyklanylan maksatnamalaryň esasynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, 2016-njy ýylyň dowamynda ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň hem-de Gurluşygyň meýilnamasynyň taýýarlanylandygy habar berildi. Bu resminama laýyklykda, desgalaryň 383-sini ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň 21-si çagalar bagy, 19-sy orta mekdep, 16-sy saglyk ulgamynyň desgalary, 161-si ýaşaýyş jaýlary, 77-si kottej jaýlary we beýleki binalar hem-de desgalar bolup, olaryň umumy bahasy 7,4 milliard amerikan dollaryna barabardyr. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ählisinde işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de olary ulanmaga bermegiň möhletlerini berk berjaý etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz 2016-njy ýylda ýurdumyzda binalary we desgalary gurmagyň hem-de ulanmaga bermegiň meýilnamasynda berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen, ýokary depginler bilen ösdürmek üçin täze wezipeleriň we belent maksatlaryň goýlandygyny belledi. Bu wezipeleri häzirki zaman tehnikalarynyň we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz senagat we durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere şol işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan desgalara degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde çözülmeli meseleleriň heniz köpdügini belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,2 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, 115,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 113 göterime deň boldy. Içerki demir ýol ulgamlarynda, şol sanda Türkmenbaşy-Türkmenabat ugurlarynda abatlaýyş işleri geçirildi. Atamyrat-Ymamnazar-Akina halkara demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsiniň gurluşygy dowam edýär. Geçen ýylda Balkanabat şäheriniň demir ýol menzili ulanmaga berildi. 

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 130,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 103,8 göterime, ýolagçy gatnatmakda ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. 

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,6 göterme deň boldy. Ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, 597 müň telefon nokatlary gurnaldy. Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 45 müň 344 telefon belgili beketler gurnaldy we 2 müň 439 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi. 

Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 117,3 göterime barabar boldy. Aşgabadyň we Daşogzuň howa menzillerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän uçuş-gonuş zolaklary, şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanylmaga berildi. 

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 126,6 göterime, deň boldy. Şeýle hem pudakda ýük daşamagyň ösüş depgini 100,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 138 göterime barabar boldy. 

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometerologiýa baradaky milli komitetiniň merkezi edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ulag ulgamynyň ösdürilmegine ägirt uly goldaw berýändigine garamazdan, pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň kanagatlanarly däldigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň edara-kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, pudaklar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we wise-premýere ulag pudagynda zähmet düzgün nyzamyny pugtalandyrmak ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak bilen bagly hyzmatlaryň, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokary bolmagyny hem-de döwletiň talaplaryna laýyk derejede amala aşyrylmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 110,6 göterim üpjün edildi, şol sanda bölek söwdanyň ösüş depgini 106 göterime we lomaý söwdanyň ösüş depgini 112,9 göterime barabar boldy. Bu ulgamda özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 214,8 göterime deň boldy. 

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu döwürde 250 birža söwdasy geçirilip, umumy bahasy 76 milliard 766,8 million manada deň bolan 21 müň 242 şertnama hasaba alyndy. Hasaba alnan şertnamalaryň umumy möçberinde import-eksport şertnamalarynyň bahasy 16 milliard 543 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy 45 milliard 381,1 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberi 34 million 927 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan hyzmat işleriniň ösüş depgini 133,1 göterime barabar boldy. Edaranyň kärhanalary boýunça gazanylan peýdanyň ösüş depgini 127,8 göterim üpjün edildi. Ýerine ýetirilen hyzmatlardan gelip gowşan daşary ýurt pulunyň möçberi 3 million 205,75 müň amerikan dollaryna barabar bolup, 117,86 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe sergileriň 31-si we maslahatlaryň 28-si geçirildi. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişi 22,7 göterim we azyk önümleriniň öndürilişi 16,3 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň ösüş depgini 103 göterim, söwda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 123,4 göterim, hyzmat ulgamynda bolsa ösüş depgini 127,5 göterim üpjün edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda pudagynyň işini has-da işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň önüm öndürijileriň eksport kuwwatyny ilerletmek meselelerinde maglumat-seljeriş üpjünçiliginiň wajypdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bar bolan mümkinçiliklere we daşary ýurt bazarlarynyň isleglerine hemmetaraplaýyn baha bermek barada görkezme berip, halkara işewür gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, daşary ýurt maýasyny çekmek bilen maýa goýum taslamalaryny höweslendirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem “Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň esasy görkezijileri barada hasabat bermek bilen, bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada aýtdy. Munuň özi gurluşyk serişdeleri, himiýa, dokma we haly önümçiligi senagatynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagyny we balyk senagat pudagynda öndürilýän önümleriň möçberleriniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. 

Türkmenistanyň Senagat miniistrligi boýunça 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 120,2 göterime, onuň ösüş depgini bolsa 112,4 göterme şol sanda magdan däl serişdeleri öndürmekde ýokary görkezijiler gazanylyp, ösüş depgini 126 göterime, sementiň önümçiliginlde ösüş depgini, 104,4 göterime, demir-beton gurnamalary öndürmekde ösüş depgini 104,2 göterime, keramzit önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 118,2 göterime barabar boldy. 

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, ösüş depgini 104 göterime deň boldy. Aýratyn-da, nah ýüplükleriň, matalaryň önümçilik meýilnamasy 102 göterime, onuň ösüş depgini bolsa 107,4 göterime barabar boldy. Taýýar örme we tikin önümleriniň öndürilişi boýunça 109,5 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 100 göterim, aýakgap we gön önümleriniň önümçiligi boýunça 100,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Dokma önümlerini ýerlemekden alnan girdeji 1 milliard 305,1 million manada deň boldy. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2015-nji ýylda 42 müň 860 inedördül metr haly önümleri dokaldy. Şunda, bu önümçiligiň ösüş depgini 100,5 göterime deň boldy. Hasabat döwründe umumy öndürilen önümleriň möçberleri boýunça meýilnama 107,6 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, ösüş depgini 106,1 göterime barabar boldy. 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 2015-nji ýylda meýilnama 111,1 göterim ýerine ýetirildi. Önümçiligiň jemi ösüş depgini 184,3 göterime deň boldy. Mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 175,2 göterim, natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 109 göterim, tehniki ýoduň we tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça degişlilikde 100,8 göterim we 107,7 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça 2015-nji ýylyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 170,3 göterime deň boldy. Hususan-da, tutulan balyk boýunça 168,5 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanylan balyk önümleri boýunça 140,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. 

“Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlarynyň önümçiligi boýunça kärhanany döretmegiň döwlet maksatnamasy hakyndaky” Karary ýerine ýetirmek bilen baganyşykly meseleler barada hasabat bermek bilen, wise-premýer ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän elektron we elektrotehniki enjamlaryň önümçiligi boýunça öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalara esaslanýan kiçi ugurdaş kärhanalary döretmek bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmek bilen maksady bilen birnäçe guramalary we kärhanalary esaslandyrmak hakynda hasabat berdi. Türkmenistanyň Senagat ministrliginde ýerli hususy kärhanalar we daşary ýurtly kompaniýalar bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Işgärleri wezipä bellemek meselelerine geçdi we senagat ministri S.Orazmyradowy başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz bu wezipä D.Nursähedowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy. 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine M.Aýdogdyýew bellenildi we şu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

Türkmenistanyň Prezidenti balyk hojalygy döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine S.Möwlamow bellenildi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ulanylmaga berlen desgalar barada hasabat berdi. 

Wise-premýer hasabat döwründe ýurdumyz boýunça bilim-terbiýeçilik edaralarynyň 56-synyň ulanmaga berlendigini habar berdi. 

2015-nji ýylda okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 193-si neşir edildi. Däp bolşy ýaly, 1-nji synp okuwçylarynyň ählisi şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün edildi. 

Mundan başga-da, geçen ýyl politehniki we neşirýat orta hünär okuw mekdepleri döredildi, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-si açyldy. 

Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, 45 altyn, 50 kümüş, 38 bürünç medala eýe boldular. 

Dünýäniň iri ylmy merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Şunda ýurdumyzda ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdirildi. 

Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy hem 2015-nji ýylda uly üstünilklere eýe boldy. 2015-nji ýylda täze döwür üçin “Saglyk” döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Aşgabatda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň düýbi tutuldy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minsitrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi, 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, Ahal welaýatynda Baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammary we 120 orunlyk Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezi dabaraly açyldy. 

2015-nji ýylda umumy bahasy 544,1 million amerikan dollary we 53,3 million manat bolan 6 saglyk binasynyň hem-de 1 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boýunça işler alnyp baryldy. 

Pudak boýunça döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 108 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden gelen girdejiler 110 göterim, derman önümçiligi 138 göterim, gyzyl pulda alnan girdejiniň möçberi 103,5 göterim köpeldi. 

Şeýle hem wise-premýer syýahatçylyk ulgamy boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Hasabat döwründe Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 112, 2 göterim, gyzyl pul girdejisiniň möçberi 102 göterim artdy. 2015-nji ýylda 104,5 müňe golaý syýahatça hyzmat edildi we 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 106,2 göterim ösüş gazanyldy. 

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Sport media forumy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisi geçirildi. Türgenleri we meýletinçileri taýýarlamak babatda işler yzygiderli alnyp barylýar. 

2015-nji ýylda türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 162-sine gatnaşdylar hem-de jemi 411 medal—143 altyn, 98 kümüş we 170 bürünç medal gazandylar. 

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Daşary ýurtly sport hünärmenlerini işe çagyrmagyň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulýan sportuň 21 görnüşi we beýleki sport görnüşleri boýunça daşary ýurtly sport hünärmenlerini şertnamalaýyn esasda işe çagyrmagyň meseleleri degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen öwrenildi hem-de Türkmenistanda işlemek üçin çagyrylýan daşary ýurtly sport hünärmenleriniň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň we zähmetine hak tölemegiň Tertibiniň taslamasy taýýarlanyldy. 

Soňra 2016-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul etmegiň sanlary boýunça Buýrugyň taslamasy hödürlenildi. Resminama Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ministrlikleriň, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň teklipleri esasynda taýýarlanyldy. Taslama laýyklykda, 2016-njy ýylda aspirantura 18 adamy, kandidatlyk alymlyk derejesine dalaşgärlige 28 adamy, doktorlyk alymlyk derejesine dalaşgärlige 4 adamy, kliniki ordinatura 72 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär. 

Wise-premýer şeýle hem welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça 2016-njy ýylda iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýrugyň taslamasyny hödürledi. Onuň ýeňijisi pul baýragy bilen sylaglanar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalara gol çekip we olary ýerine ýetirmek babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berip, işiň jemlerini jemlemek bilen çäklenmän, eýsem, wajyp wezipeleri kesgitlemegiň hem-de olary çözmegiň ýollaryny bellemegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz S.Toýlyýewiň gözegçilik edýän ulgamlarynda köpsanly kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, wezipe borçlaryna talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralarda düzgün-nyzamyň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin oňa käýinç yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere alnyp barylýan işleri seljermegi hem-de bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetinieň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilen işler barada hasabat berdi. 

Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň edaralary tarapyndan 45 müňden gowrak dürli çäre geçirildi, muňa sergiler, türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmek, häzirkizaman sungatyny ösdürmek we bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle hem döwlerimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler girýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzda birnäçe döwletleriň Medeniýet günleri hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlarda geçirilen Medeniýet günleri, kino günleri hem-de beýleki bilelikdäki çäreler bar. 

2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilen çärelere TÜRKSOÝ halkara guramasyna agza döwletleriň alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň ýüzlerçesi gatnaşdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý işgärleri daşary ýurtlarda geçirilen ylmy maslahatlara, sergilere hem-de fesitwallara gatnaşdydar. 

Ýurdumyzyň teatrlarynda sahna eserleriniň 2 müň 288-si görkezildi. Kitaphanalarda okyjylara hyzmat etmegiň häzirkizaman usullaryna geçmek hem-de kitap gaznalarynyň bitewi elektron ulgamyny döretmek boýunça işler amala aşyryldy. 

Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 369 görnüşi, şol sanda nusgawy we döwürdeş ýazyjy – şahyrlarymyzyň eserlerini, çagalar üçin çeper edebiýaty, okuw kitaplaryny hem hasaba almak bilen umumy sany 5,8 million nusgalykdaky kitap önümleri çap edildi. “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan ýurdumzyň kitaphanalaryna 381 müň 815 nusgalykdaky kitaplar iberildi. 

Döwürleýin metbugat boýunça umumy sany 145 million 180 müň nusgalykda 27 gazet we umumy sagy 4 million 535 müň nusgalykda 26 žurnal çap edildi. 2015-nji ýylda öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen Metbugat öýi toplumynyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň neşirýat – çaphana pudagynyň ösüşinde ajaýyp waka boldy. Neşirýat gullugynyň hünärmenleri daşary ýurtlarda geçi

Degişli makalalar

Türkmenistanyň howpsuzlyk mejlisi

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach

Ýurdumyzyň Sebitlerinde Baýramçylyk Mynasybetli Täze Desgalaryň Açylyş Dabaralary

turkmenhabargullugy