14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň durmuşynyň gaýragoýulmasyz meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Ilkinji bolup, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Ukrainanyň daşary işler ministri K.Griůenkonyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 28-nji iýunynda bu ýurduň resmi wekiliýetiniň Aşgabada bolan saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Wise-premýer türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada aýdyp, olaryň konstruktiw häsiýete eýedigini belledi. Muňa, hususan-da, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Ukraina Türkmenistanyň sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ählisini goldaýar. Global energetika howpsuzlygynyň möhüm şerti hökmünde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr iberilmegine degişli Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýanyň awtordaşlarynyň biri hökmünde çykyş edip, Ukraina Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýaragsyzlanmak meselesine bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklibini hem doly goldady. Bu maslahat iýun aýynyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçirildi. Şunuň bilen baglylykda Ukrainanyň delegasiýasy bilen geçirilen şu duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda ähli ugurlarda-syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ukrain tarapynyň uly gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty kanagatlanmak bilen diňläp, Türkmenistanyň hem Ukraina bilen däbe öwrülen dostlukly, konstruktiw gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny nygtady. Häzir şol gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar. Milletiň Lideri uly potensiala eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigini aýdyp, bu mümkinçilikleriň doly derejede durmuşa geçirilmegi iki ýurduň hem halklaryň abadançylygyna hyzmat eder diýip belledi. Giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän we çalt depginlerde ösýän Türkmenistan üçin metallurgiýa, ýol we köpri gurluşygy, nebitgaz sektory, şeýle hem saglygy goraýyş ýaly pudaklarda hem-de beýleki ulgamlarda ukrainaly hyzmatdaşlaryň tejribesi örän peýdaly bolup biler. Netijeli gumanitar gatnaşyklar, şol sanda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem uly ähmiýete eýedir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we taraplaryň dostluk gatnaşyklaryna ygrarly bolup galýandygynyň türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini nygtady. Şol hyzmatdaşlyk bolsa iki tarapyň bähbitleri nazara alnyp, birek-birege hormat goýmak we deňlik ýörelgeleri esasynda guralýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berip, ähli kanunçylyk namalary parlament tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ýakyndan aragatnaşykda işlenip düzülýär diýip belledi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli reformalar bilen baglylykda täze kanunçylyk resminamalarynyň aýratyn möhümdigini belläp, döwlet Baştutany deputatlaryň häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan işlere we oňyn özgertmelere işjeň gatnaşmagynyň, olaryň özleriniň ýerlerdäki saýlawçylary bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagynyň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Muhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň ll Halkara maýa goýum maslahatyny geçirmek hakyndaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berdi. Oňa bütin dünýäde meşhur kompaniýalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Milletiň Lideri dünýä bileleşiginiň türkmen döwletine gyzyklanmasynyň artýandygyny belläp, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça ädilen ädimleriň ähmiýetini nygtady. Munuň özi ykdysady syýasatyň möhüm meselesi bolup durýar. Geljekki forum barada aýdylanda bolsa, onuň esasy wezipesi häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanlaryny giňden görkezmekden we täze hyzmatdaşlary hem-de maýadarlary çekmekden ybaratdyr diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu waka ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow ýylyň birinji ýarymynda gurluşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işler we möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer Aşgabatda ýaşyl bagly dynç-alyş zolaklaryny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçip, köp sanly täze binalary we desgalary gurmak bilen birlikde Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek we şäheriň ähli ýerinde, şol sanda günorta böleginde seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns bermek möhümdir diýip nygtady. Şäher landşaftynyň aýrylmaz bölegi bolan paýtagtymyzdaky seýilgähleriň Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň oňat dynç alýan we wagtlaryny hoş geçirýän ýerlerine öwrülmegi üçin ähli şertleri döretmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milletiň Lideri paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak temasyny dowam etdirip, degişli ýolbaşçylara hyzmat ediş we kommunal hojalygy ulgamlaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we olaryň netijeli işlemegini üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, nebitgaz toplumynyň desgalarynyň gurluşygynda ýol berilen kemçilikleri düzetmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ornuny nygtap, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we senagt potensialyny artdyrmak pudagyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz ähli derejedäki ýolbaşçylardan nebit, gaz we gaýtadan işleýän ulgamlarda täze desgalary gurmagyň we ulanmaga bermegiň möhletleriniň gyşarnyksyz berjaý edilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Milletiň Lideri olaryň gurluşygynda işleriň ýokary hilli alnyp barylmagynyň möhümdigini nygtap, nebitgaz senagatynyň desgalarynyň ählisiniň mundan beýläk-de örän netijeli işlemegi üçin zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa milli medeniýetimizi we sungatymyzy täze ösüş derejesine çykarmak, hususan-da, medeniýet ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şol sanda öňden bar bolan we täze açylan döredijilik ugurly ýöriteleşdirilen okuw jaýlarynda taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Hasabaty diňläp we medeniýet we habar beriş serişdeleri ulgamynyň milletiň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakdaky, ýaşlary ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekdäki, Türkmenistanyň häzirki gazananlaryny wagyz etmekdäki aýratyn möhüm ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň we Türkmenistanyň medeniýet we teleradioýaýlymlar ministriniň adyna milli telewideniýäniň işindäki kemçilikler, ilkinji nobatda bolsa ýaýlyma berilýän gepleşikleriň ideýa-çeperçilik derejesiniň pesdigi üçin düýpli bellikleri aýtdy.

Milli telewideniýe biziň şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, täze Galkynyş eýýamynyň wakalaryny mynasyp beýan etmäge öz goşandyny goşmalydyr, gepleşikleri taýýarlamaga operatiw, jogapkärli we ýokary hünär derejesinde çemeleşmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça gyssagly çäreleri görmegi talap etdi. Milli teatr sungatyny ösdürmek barada aýdyp, döwlet Baştutany teatr sahnalarynda goýulýan oýunlaryň şu günüň talaplaryna laýyklykda ideýa-çeperçilik derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny hem nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berip, ýurdumyzda galla oragynyň dowam edýändigini, ýerleriň we tehnikanyň geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Gowaça meýdanlarynda bu gymmatly tehniki ekine ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler-hatararalaryny bejermek, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek öz wagtynda ýerine ýetirilýär. Şaly ekişi tamamlandy, gant şugundyrynyň we beýleki aralyk oba hojalyk ekinleriniň ekişi dowam edýär. Ýurdumyzyň ilatyny gök we bakja önümleri bilen ýylyň bütin dowamynda üpjün etmek üçin sowadyjy enjamlary olary kabul etmäge we saklamaga taýýarlamak işleri dowam edýär.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow etişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almagyň, gowaçalara ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri guramaçylykly dowam etdirmegiň we ýerleri güýzki galla ekişine taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Şunda döwlet Baştutany häzirkizaman oba hojalyk ylmynyň we obasenagat toplumynyň ähli pudaklaryny ösdürmäge ylmy çemeleşmäniň ähmiýetini aýratyn belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi we doly bahaly dynç almagy üçin ähli şertleri üpjün etmegi talap etdi.

Soňra hökümet Baştutanynyň orunbasary T.Japarow şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň deslapky netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileri ähli pudaklaryň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüşiniň depginlerine kanagatlanma bildirip, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen reformalaryň üstünlikli ilerledilmegi köp babatda ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär diýip belledi. Şu ugurda, şol sanda maliýe düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça görülen çäreleriň toplumy global maliýe-ykdysady çökgünligiň Türkmenistanyň ykdysadyýetine täsirini peseltmäge mümkinçilik berdi diýip, milletiň Lideri aýtdy we Halkara pul gaznasynyň beren oňyn bahasynyň seçilip alnan ýoluň dogrudygynyň we çözgütleriň öz wagtynda kabul edilendiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyna belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň möhümdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Saparlyýew 21-nji iýulda Türkmenistanyň Milli baýramyny—Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi belläp geçmäge we oňa gabatlanylan «Türkmenistanyň Beýik galkynyş zamanasy we saglygy goraýyş ulgamyndaky özgerişler-2010» atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.

Öz raýatlarynyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň saglygy goraýşyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň baýramynyň ähmiýeti hakynda durup geçdi. Biz ol güni aýratyn dabaraly bellemelidiris diýip, döwlet Baştutany ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Baýramçylyga gabatlanan halkara Saglygy goraýyş sergisi we maslahaty barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynda hem-de lukmançylyk ylmynda gazanylanlary we tejribe alyşmagyň meselelerine aýratyn ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew mejlisde çykyş etmek bilen, birinji ýarym ýyllykda özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işler we birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulaglaryň ähli görnüşleriniň, aragatnaşyk we telekommunikasiýa kärhanalarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna döwlet uly üns we düýpli maddy kömek berýär, olaryň öňünde bolsa möhüm wezipe-halkara standartlary derejesindäki iň ýokary talaplara laýyklykda işlemegi üpjün etmek wezipesi durýar diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri täze desgalar gurlanda, ykdysadyýetiň bellenen ulgamlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin zerur bolan häzirkizaman tehnikalary we enjamlary satyn alnanda ähli serişdeleri has netijeli we oýlanyşykly ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, rowaçlyk we Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

referans: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

syrach

Berdimuhamedow Abadan barada mejlis geçirdi.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi