Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol milli parlamentiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň ençemesi girizildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hem-de Mejlisiň deputatlarynyň halkara forumlaryna, şol sanda dünýäniň dürli ýurtlarynda türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guralýan çärelere gatnaşyşy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylyk binýadynyň dowamatlylygyň hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeginiň sazlaşygyny özünde jemleýändigini we açyklygy bilen tapawutlanýandygyny belläp, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleriň talaplaryny nazara almak bilen, kanunçykaryjylyk işiniň ençeme ugry boýunça innowasion çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde kabul edilýän, ýurdumyzyň oňyn özgertmeler ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen täze kanunlaryň many-mazmunyny giň ilat köpçüligine ýetirmegiň wajypdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-iň işi barada hasabat berip, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat ýörelgesiniň ynsanperwer ugrunyň durmuşa geçirişi boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wajyp ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli ulgamyny döretmäge hem-de özünde bilelikdäki hereketleriň dünýä, sebit we milli derejelerini birleşdirýän möhüm başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň mart aýynda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklarynyň howplaryny azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda hem-de bu iri maslahatda kabul edilen 2015-2025-nji ýyllar döwür üçin hereketleriň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmäge degişli öňe süren anyk teklipleriniň ähmiýeti nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideri tebigy betbagtçylyklary öňünden duýdurmak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak meseleleri boýunça sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek maksady bilen, Merkezi Aziýada degişli sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça Milli strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna girişilendigi aýdyldy. Şunda wise-premýer, daşary işler ministri türkmen döwletiniň Baştutanynyň netijeli başlangyçlarynyň ählisiniň dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýandygyny we ykrar edilýändigini nygtaldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň tebigy betbagtçylyklaryň netijesinde heläkçilik çeken dürli ýurtlaryň halklaryna yzygiderli kömek berýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Gaitä, Hytaýa, Türkiýä, Ýaponiýa, Pakistana, tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken halklara ynsanperwer kömekleri ugradyldy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy bilen, Afrikanyň Sýerra-Leone şäherine Ebola ýokanjy netijesinde dörän agyr kesele garşy göreş üçin dermanlar we lukmançylyk serişdeleri iberildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprel-maý aýynda Nepalda köpsanly adam pidalaryna getiren weýrançylykly ýertitremesi boldy. Tebigy heläkçilik netijesinde onlarça müň adamlar ýaralanyp, öýsüz galdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyna ynsanperwer kömek bermek hakynda Buýrugyň taslamasy taýýarlanyldy.
Şeýle hem ýurdumyzyň türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan belent ynsanperwer gymmatlyklara ygrarly bolmak bilen, goňşy Owganystana ynsanperwer kömegini yzygiderli ugradýandygy, onuň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine iş ýüzünde goldaw berýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça türkmen tarapynyň serişdelerine Owganystanda, hususan-da, saglyk öýi we mekdep guruldy.
Doganlyk ýurda ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki döwlet edaralary bilen bilelkide, ulgamlaýyn esasda çäreleriň toplumyny göz öňünde tutýan maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Şol maksatnama durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygy, söwda merkeziniň açylmagy, ynsanperwer ýükleriniň iberilmegi we beýlekiler goşuldy. Ony durmuşa geçirmegiň çäklerinde Hyrat welaýatynyň serhetýaka Turgundi obasynda 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüniň gurluşygyna başlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän netijeli daşary syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ileri tutulýan maksatlary we wezipeleri bilen gabat gelýändigini belledi. Ol sebit hem-de dünýä möçberinde abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyz ynsanperwer meseleleri boýunça ençeme halkara şertnamalaryna we maksatnamalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygideril eýerýär.
Ählumumy bähbit üçin öz döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmäge çalşyp, Türkmenistan ynsanperwer ugry bilen birlikde, giň halkara hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan çykyş etmek bilen, döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine hil taýdan täze çemeleşmeleri görkezýär. Muňa ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň, ýokary derejeli wekilçilikli beýleki maslahatlaryň münberlerinden beýan eden netijeli başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär.
Şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden belent ynsanperwer maksatlaryna, hoşniýetli goňşuçylyk we özara kömek bermek ýörelgelerine hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan heläkçilik çeken beýleki halklara kömek goluny uzaltmaga hemişe taýýar. Biz mundan beýläk hem bu asylly däplere yzygiderli eýereris diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Nepal Federatiw Demokratik Respublikasy üçin ynsanperwerlik kömegini bermek hakynda Buýruga gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ynsanperwer ugruny durmuşa geçirmek boýunça maksada gönükdirilen işlerini dowam etmeginiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän düzümleriniň işi barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiki ugurlary kesgitlenen esasy maksatnamalardan ugur alnyp, Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakyndaky kararyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamada ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy işlenip düzülende ministrlikler, pudak edaralary hem-de häkimlikler tarapyndan hasabatlaryň we maglumatlaryň taýýarlanylyşynyň tertibi hem-de möhletleri kesgitlenildi. Şeýle hem degişli hünärmenler üçin okuw gollanmalaryny işläp taýýarlamak we maslahat beriş düşündiriş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Wise-premýer Döwlet býujetiniň taslamasyny şu ýylyň 1-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti düzülende milli özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen möhüm maksatlardan hem-de wezipelerden ugur alynmalydygyny nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda önümçiligiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, maýa goýum mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň, täze önümçilikleri döretmegiň, hususy ulgamy höweslendirmegiň esasy ugurlar bolmalydygyny belledi. Türkmenistanyň ähli sebitlerinde döwrebap düzümi kemala getirmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleriň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidir.
Milli Liderimiz hödürlenen kararyň taslamasyny makullap we oňa gol çekip, wise-premýere 2016-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetini taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleri baraha hasabat berdi. Şu ýylyň ýaz möwsüminde 4915 gektar meýdanda gök ekinler, 5494 gektarda bakja ekinleri ekildi. Häzirki wagtda irki kelem we sogan hasyly ýygnalýar.
Wise-premýer şeýle hem oba hojalyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 6 sany sowadyjy ammarlaryň gurluşygyny göz öňünde tutýan kararyň taslamasy hödürlendi. Gök-bakja, miwe önümleriniň 15 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen bu sowadyjy ammarlar Aşgabatda we her welaýatda gurlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny depginli ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň giň görnüşlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek wezipeleriniň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ýurdumyzda sowadyjy ammarlary gurmak hakynda” hödürlenen kararyň taslamasyna gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa
şu ýylyň 25-30-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasynda boljak Medeniýet günlerine, şeýle hem 28-29-njy maýda Mary şäherinde geçiriljek “Gadymy Merwtürki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Horwatiýa Respublikasynda Medeniýet günlerini geçirmek üçin bu ýurda medeniýet we sungat işgärlerinden, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat topar iberilýär. Onuň maksatnamasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Horwatiýanyň Medeniýet ministrliginde duşuşyk, ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bar.
Hasabatyň çäklerinde 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäginde geçirilýän “Gadymy Merwtürki dünýäsiniň medeni merkezi” atly halkara maslahatyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlarynyň, medeniýet ulgamyna degişli işgärleriň gatnaşjakdygy bellenildi. Bu ylmy maslahatyň barşynda türki halklaryň sungat ussatlarynyň konserti guralar. Myhmanlar üçin ýörite maksatnama taýýarlanyldy, onuň çäklerinde çärä gatnaşyjylar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärliklerine baryp görerler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milletara medeni gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, dünýäde ýurdumyzyň milli medeni mirasynyň we häzirki döwürde ýeten derejesiniň giňden wagyz edilmegi boýunça alnyp barylýan işleriň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, wise-premýere öňde boljak halkara çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz türkmen halkynyň gadymy taryhyny, dünýäniň halklary bilen medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de düýpli öwrenmegiň, gymmatly maglumatlaryň hemmetaraplaýyn ylmy seljermesini geçirmegiň hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegiň we giňden wagyz etmegiň möhümdigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Mejlisiň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň birnäçesiniň girizilendigi bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabat şäherinde Okuw merkezini gurmaga degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Aşgabat şäherinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň Okuw merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, okuw merkezini döwrebap enjamlar, aragatnaşyk serişdeleri, şeýle hem ýörite edebiýatlar bilen üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda toplanan bilelikdäki işiň baý tejribesine we köpugurly kuwwata eýedigini belledi. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmak bolsa, iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär. Döwlet Baştutanymyz Hökümetara toparynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň «Derýaýollary» önümçilik birleşiginde öndürijiligi sagatda 120 kub metr läbik sorujynyň ilkinji nusgasynyň öndürilendigini we şowly synagdan geçirilendigini, şeýle hem ýük göterijiligi 300-500 tonna çenli bolan gury ýükleri daşamaga niýetlenen baržalary öndürmäge mümkinçiligiň bardygyny habar berdi.
Şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap aralygyndaky awtomobil köprüsini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ulag ulgamyny ösdürmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň barşyny tehniki taýdan üpjün etmek meselelerine degip geçip, wise-premýere iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly desgalary döwrebaplaşdyrmak işleriniň ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy. Munuň özi olaryň uzak wagtlap işledilmegini üpjün etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz türkmen deňiz we derýa flotuna döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, wise-premýere läbik sorujylary we beýleki enjamlary öndürmegiň mümkinçiligini içgin öwrenmegi tabşyrdy. Munuň özi döwrüň talaby bilen şertlendirilendir hem-de öňde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, bu düzümiň işini has-da kämilleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatda her ýylyň iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän Dokma senagatynyň işgärleriniň gününe taýýarlyk görmek meselesine aýratyn üns berildi.
Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde 7-8-nji iýunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagatynyň innowasion ösüşine başyşlanan her ýylky Halkara sergini geçirmek meýilleşdirilýär. Sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalarynyň önümleri, dünýäniň ençeme ýurtlaryndan sergä gatnaşyjy daşary ýurtlularyň bu ulgamdaky iň täze işläp taýýarlamalary we hyzmatlary görkeziler. Sergi myhmanlary Türkmenistanda bu pudakda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrar. Şeýle hem hyzmatdaşlar bilen möhüm işewür duşuşyklary geçiriler, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşylar. Forumyň çäklerinde lybaslaryň däp bolan görkezilişi, ýurdumyzyň modalar öýleriniň zehinli dizaýnerleriniň we tikinçileriniň arasynda häzirki zaman lybasly egin-eşikleri döretmek boýunça ilkinji gezek “Çeper eller” atly bäsleşik geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan ýokary hilli hem-de sarp edijileriň isleg bildirýän önümlerini çykarmaga mümkinçilik berýän iň ýokary tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny belledi. Pudaga goýlan maýa goýumlaryň netijesinde dokma senagatynyň döwrebap düzümleýin desgalaryny ulanmaga bermek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär, täze iş orunlary döredilýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, dokma önümçiliginiň ösüşini hili we dizaýny boýunça daşary ýurtlardan getirilýän önümlerden kem durmaýan dokma önümleriniň täze görnüşlerini döretmegiň hasabyna import önümleriniň ýerini tutmaga tarap gönükdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz dokma pudagynyň işgärleriniň hormatyna öňde boljak dabaralar barada aýdyp, bu senä bagyşlanan ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşyny guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň 14-si birwagtyň özünde 7095 oglan-gyzlary, “Awazadaky” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri 1783 çagany, welaýatlardaky dynç alyş merkezleriniň 36-sy 1860 çagany kabul etmäge taýýarlyk görýär. Mekdepleriň ýanynda döredilen dynç alyş meýdançalarynyň 62-sinde 24 müňden gowrak çaga dynç alar. Gökderedäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde her tapgyr 20 gün dowam eder. Awaza ibermegiň 6 tapgyry guralarolaryň hersi 10 günden ybarat bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesil, olaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtap, tomusky dynç alyş möwsümini guramak boýunça, ýurdumyzyň ähli çagalar sagaldyş merkezlerinde çagalaryň doly bahaly dynç almagy we sazlaşykly ösmegi üçin şertleri döretmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylara tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda wagtlaryny işjeň, gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin şertleriň döredilmelidigini aýtdy hem-de çagalaryň dynç alyş meselelerini, ýaş nesilleriň beden we ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça işleriň sazlaşyklylygyny we netijeliligini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, dynç alyş döwrüni guramaçylykly we ýokary derejede guramak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Adalat ministrligi bilen bilelikde köp öýli ýaşaýyş jaýynda umumy emlägi ulanmagyň we saklamagyň Tertibiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi we ony milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň iri möçberli durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak şol maksatnamalaryň esasy ugry bolup durýar. Şunda ilatymyzyň hal ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, raýatlarymyzy eelektrik energiýasy, suw, gaz bilen we beýleki jemagat hyzmatlary bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bagly degişli çäreleri amala aşyrmaga aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyklykda, ýaşaýyş jaý özgertmelerini ýaýbaňlandyrmagyň wajypdygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Sýurih şäherinde 8-10-njy iýulda türkmen-şweýsar işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge täze çözgütleri we çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam etjek maslahatyň gün tertibine energetika we nebitgaz pudaklarynda täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, himiýa senagatynda, gurluşyk pudagynda özara gatnaşyk etmek, ulag düzümini, azyk senagatyny ösdürmek meseleleri girizildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek we türkmen wekiliýetiniň Şweýsariýanyň öňdebaryjy birnäçe önümçilik kärhanalaryna baryp görmegi meýilleşdirildi.
Mundan başga-da, wise-permýer milli Liderimize Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda azyk harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak hem-de köke-süýji öndürýän hususy kärhanalar tarapyndan önümleriň, mysal üçin, şokolad örtülen gawun kaky görnüşinde ajaýyp süýjileriň täze görnüşlerini çykarmagy özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary ykdysady mümkinçiligi barada aýdyp, göni işewür gatnaşjyklary ýola goýmaga hem-de özara haryt dolanyşygynyň ösmegine ýardam edýän işewürler maslahatlarynyň geçirilmegini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hakyky guraly hökmünde häsiýetlendirdi hem-de işewürler maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz maslahatyň işiniň ýurtlarymyzyň arasyndaky diňe bir ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam etmän, eýsem-de, haryt dolanyşygynyň düzüminiň hilini, maýa goýum taslamalarynyň paýynyň artmagyny, täze tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni işjeň peýdalanmagy gowulandyrmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan çykarylýan azyk önümleriniň däp bolan usullary hem-de milli süýji önümleriň taýýarlanylyşynyň döwrebap görnüşini peýdalanmak ýaly ugry ösdürmek boýunça görülýän çäreleri oňlady hem-de wise-premýere şu babatdaky işleriň gerimini giňeltmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ulanmaga beriljek täze binalaryň açylyş dabaralaryna, şeýle hem «Ak şäherim Aşgabat» atly XIV köpugurly halkara sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şanly sene mynasybetli, şeýle hem 2015-nji ýylyň ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde gurlan “Arkadag”, “Abadançylyk”, “Ýyldyz”, “Ylym”, “Ak bugdaý” we “Sagdynlyk” binalaryny dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirilýär.
Wise-premýer paýtagtymyzda gurlan, türkmen topragyndaky parahatçylygy we abadançylygy alamatlandyrýan täze binalar barada aýdyp, milli Liderimize “Abadançylyk” binasynyň kiçeldilen şekilini sowgat gowşurdy. Bu bina şäheriň günorta böleginde kemala gelýän täze dolandyryş merkezi bilen sazlaşar.
Wise-premýer öňümizdäki “Ak şäherim Aşgabat” atly XIV köpugurly halkara sergisi barada durup geçip, bu gözden geçirilişe gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekiliýetleriň türkmen paýtagtyna geljekdigini habar berdi. Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň we esasy halkara kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary, ýurdumyzyň hususy kärhanalary hem-de telekeçileri gurluşyk, ulag, elektroenergetika, kommunikasiýalar, saglygy goraýyş, azyk we dokma senagaty ulgamlaryna degişli önümleriniň köp görnüşlerini görkezer.
Hasabatyň barşynda döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilýän we häzirki wagtda gurluşyk desgalarynda ulanylýan innowasion serişdelerden öndürilen ýokary hilli binalaryň üstüni örtmek üçin niýetlenen ýokary hilli gurluşyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara gatnaşyklaryny we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak işinde, ýurdumyzyň baş şäheri ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň gözel paýtagtlarynyň birine öwürmek maksady bilen, täze maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde forumyň uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak babatda gurluşyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri belläp, bu maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan çykarylýan önümleriň bezeg aýratynlyklary, berkligi hem-de ýokary hilliligi bilen tapawutlanmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki baýramçylyk dabaralaryna ünsi çekip, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ähli çäreleriň, şeýle hem täze binalary ulanmaga bermek bilen baglanyşykly dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.