9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowanyň iýun aýynda geçiriljek medeni çärelere we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk baradaky hasabatyny diňledi.  

Wise-premýer Çagalary goramagyň halkara güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Dokma senagatynyň işgärleriniň güni, Ylymlar güni hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaralara medeniýet ulgamynyň ähli guramalarynyň gatnaşjakdygyny belledi. Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda sergiler hem-de maslahatlar, konsert meýdançalarynda, medeni merkezlerde hem-de paýtagtymyzdaky täze binalaryň öňündäki meýdançalarda konsertler we beýleki baýramçylyk çäreleri guralar.  

Ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilip geçiler. Bu senä gabatlanylan medeni çäreler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, Gökderedäki we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar dynç alyş merkezlerinde  geçiriler. 

Sergi köşgünde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly dokma önümleriniň halkara sergisi we Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergi hem-de Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. 

Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň    ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we baýramçylyk konserti bolar. 

Şeýle-de Mary şäherinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlaryň syýahatçylyk pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Syýahatçylyk — parahatçylygyň ilçisi we gatnaşyklaryň çeşmesi” atly halkara maslahat bolar. 

Wise-premýer şeýle hem, däp bolşy ýaly, Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň çäreleri barada habar berdi. Şu ýyl Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň çäklerinde Türkmenabat şäheriniň medeni merkezlerinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konsertleri, “Türki halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahat, şygryýet agşamy, sahna oýunlary guralar, şeýle hem medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi ulanmaga berler.  

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, baýramçylyk çäreleriniň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini, olaryň milli öwüşginler bilen tapawutlanmalydygyny, baý many-mazmuna eýe bolmalydygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  1-nji iýunda bellenilýän  Çagalary goramagyň halkara gününe ünsi çekip, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň bilim almagy, terbiýelenmegi we saglygynyň berkidilmegi üçin iň amatly şertleriň döredilmegi boýunça köpugurly işleriň geçirilýändigi bilen baglylykda, onuň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan üpjün edilişini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Şu wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň hökümeti birnäçe maksatnamany kabul etdi. Häzirki döwürde bu maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlar üçin, her ýyl köp mukdarda maliýe we maddy serişdeler goýberilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalarymyzyň aýratyn alada we mähir bilen gurşalyp alnandygyny, çagalary goramak meselelerini çözmekde Türkmenistanyň hyzmatlarynyň  dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän köpsanly çäreleriň ähmiýetini belläp, wise-premýerler M.Ýazmuhammedowa, S.Toýlyýewe ähli çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu senä bagyşlanyp baýramçylyk çäreleriniň uly maksatnamasy taýýarlanyldy. Şol çäreleriň hatarynda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde ýetilen sepgitler we halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat bar. Oňa dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, döwlete degişli tebigaty goramak ulgamynyň hem-de ýurdumyzda resmi taýdan bellenen halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bütindünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde belleýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni barada aýdyp, Türkmenistanyň syýasatynda ekologiýa meselelerine ilkinji derejeli üns berilýändigini nygtady. Bu ulgamda türkmen topragynyň köpgörnüşliligini we täsin tebigatyny goramaga, baýlyklaryny aýawly peýdalanmagy üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak boýunça çäreler hem, suw hojalyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi hem, bagy-bossanlyga büremegiň uly maksatnamasy hem şol wajyp taslamalaryň hatarynda durýar. 

Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygy meselesine degip geçip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara maksatnamalarynyň we ylalaşyklarynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan daşky gurşawy goramak meselelerine uly goşant goşýandygyny hem-de bu ugurda birnäçe halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýratyn belledi. Milli Liderimiz  wise-premýere Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, häzirki wagtda gowaçalaryň hatarara bejergisiniň alnyp barylýandygyny, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýändigini  belledi.

Şunuň bilen birlikde, bugdaý oragyna işjeň taýýarlyk görülýär. Umuman, ýurdumyz boýunça iki çalşykda işlediljek däne orujy kombaýnlaryň 1700-si taýýarlyk hataryna çykaryldy. Ulaglaryň 6800-si ýygnalan bugdaýy kabul ediji bölümleriniň 155-sine,  ammarlara we elewatorlara daşalmagyny üpjün eder. 

Göçme ussahanalar topary orak döwründe gije-gündizleýin işläp, tehnikalar üçin zerur bolan ýangyç-çalgy serişdeleri hem-de ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün eder. Mehanizatorlar, sürüjiler hem-de bugdaý oragyna gatnaşýan beýleki işgärler üçin hemme durmuş şertleri dörediler . 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek barada yzygiderli alada edilýändigini belledi. Daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri ýylyň-ýylyna bol hasyl ösdürip ýetişdirýärler. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bizi has-da guwandyrýar. Olar her ýyl yhlasly zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanýarlar. Şu ýyl hem merdana daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde, ekin meýdanlarynda bol galla hasyly ösdürilip ýetişdirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Häzir gallaçy daýhanlarymyzyň durmuşynda örän jogapkärli döwür – orak möwsümi ýetip geldi. Milli Liderimiz köp zähmet siňdirilip, yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny çalt we zaýasyz ýygnap almagyň merdana daýhanlarymyzyň öňünde durýan örän möhüm wezipedigini nygtap,  orak möwsümini gysga wagtyň içinde we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi. 

Döwlet Baştutanymyz il içinde sylanýan hormatly ýaşululardan ýerlerde orak möwsümini «Bismilla!» bilen başlap bermegi haýyş edip, zähmetsöýer gallaçylarymyza, ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saçaklarymyzyň rysgal-berekedi bolan ak bugdaýyň bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz edermen gallaçylarymyza “Çäjiňize bereket, hormatly gallaçylar!” diýip ýüzlendi.

Soňra gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işler baradaky hasabat bilen 
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, S.Toýlyýew çykyş etdi. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäreleriň taýýarlanylyşy  hasabatyň aýratyn meselesi boldy. 

1-nji iýunda paýtagtymyzyň meýdançalarynyň birbada ençemesinde–“Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, “Ertekiler dünýäsi” çagalar seýilgähinde, ýetginjekler köşgünde “Biz bagtyýar çagalar” ady bilen baýramçylyk   çäreleri geçiriler. Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň arasynda dürli ýaryşlar, bäsleşikler, teatrlaşdyrylan çykyşlar, tanyşdyryş syýahatlary we beýlekiler guralar. Welaýat-etrap merkezlerinde, şäherlerde hem-de obalarda, mekdebe çenli edaralarda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar bolar.

“Türkmenistan bagtyýar çagalygyň ýurdudyr” diýen şygar bilen duşuşyklar hem şu senä gabatlanar. Şeýle duşuşyklar jemgyýetçilik-syýasy işgärleriň, alymlaryň we edebiýatçylaryň, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda ýokary we orta okuw mekdeplerinde geçiriler. Ylymlar akademiýasy mowzuklaýyn kitap sergisini gurar.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ösüp gelýän nesil, onuň saglygy we abadançylygy, ruhy-ahlak terbiýesi hem-da sazlaşykly ösüşi baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini degişli derejede guramagy talap edip, olaryň gyzykly we baý maksatnamasyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meselesine degip geçdi. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherçesini gurýan “Polimeks” kompaniýasyndan V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary bilen baglanyşykly ähli çykdajylary öz üstüne almagy baradaky teklibiň gelip gowşandygyny belläp, milli Liderimiz S.Toýlyýewe we M.Ýazmuhammedowa Aziada- 2017-ni geçirmekde berýän şunuň ýaly goldawy üçin bu kompaniýanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmegi we Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabarasyny geçirmäge jogapkär kompaniýany saýlamaga yglan edilen halkara bäsleşigini bes etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ilaty elýeterli bahalardan sement, magdan däl we beýleki gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, ýurdumyzda bu önümleriň öndürilişini has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Şu maksatlar bilen ýurdumyzyň welaýat we etrap merkezlerinde Senagat ministrliginiň garamagyndaky 1 tonnasyny 175 manatdan sement satmak boýunça ýöriteleşdirilen  söwda dükanlarynyň 32-si açyldy. Şolarda eýýäm bu önümiň 49637 tonnasy satyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň welaýatlarda ýerleşen söwda kärhanalary we guramalary arkaly ilata sementiň 6063 tonnasy ýerlenildi. Içerki sarp edijä satylan sementiň möçberi 55 700 tonna boldy.

Şeýle hem welaýatlarda ilatyň magdan däl gurluşyk serişdelerine bolan islegini kanagatlandyrmak  maksady bilen degişli söwda dükanlary açyldy. Şolaryň hem-de ozal hereket edýän  dükanlaryň üsti bilen pudak ministrliginiň garamagyndaky kän hojalyklarynyň ählisinde elýeterli bahadan ýerli çig malyň 11 413 kub metri satyldy.

Şunuň bilen birlikde, ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmeginiň döwlet tarapyndan goldanylmagy, iň täze enjamlaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde pudakda önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup bilýän gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça hem-de daşary ýurtlara eksport etmek üçin zerur çäreler amala aşyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän halk hojalyjygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalarynyň çäklerinde bina edilýän dürli desgalaryň gurluşyklarynyň artýan depginleriniň çykarylýan gurluşyk önümleriniň hiline we möçberini gönüden-göni baglydygyny belledi. Şol önümler iň ýokary talaplara we häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelmelidir. Şoňa laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk önümleriniň ýerini tutup biljek önümçiligiň möçberini köpeltmek we görnüşlerini artdyrmak boýunça işleri ýola goýmak zerurdyr diýip milli Liderimiz bu işlere hususy işewürleri işjeň çekmegi tabşyrdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramyny dabaraly bellenilýändigini aýtdy. Inçe senet bolan türkmen halylary halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlygydyr. Milli Liderimize häzirki döwürde ýurdumyzda halyçylyk sungatynyň döwrebap ösdürilýändigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, täze çeper halyçylyk kärhanalarynyň gurlup, işe girizilýändigini aýtdy. Meşhur halylary döredýän gelin-gyzlarymyzyň mertebesi belent tutulýar. Ajaýyp haly gölleri Döwlet tugumyzy we Döwlet tugramyzy bezeýär. Bu bolsa halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň we öz gadymy milli sungatyny belent derejä göterýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary we tutuş türkmen halkyny Türkmen halysynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadan durmuş, ajaýyp sungat eserlerini döredýän çeper elli gelin-gyzlarymyza bolsa, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt we daraklarynyň sesiniň hemişe batly ýaňlanyp durmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz türkmen halysynyň baýramynyň  ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilmegi mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmek barada wise-premýere we häkimlere degişli görkezmeleri berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de depginli ösdürmek meselesine gaýdyp gelip, elektron senagatyny döretmegiň zerur bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle senagaty döretmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny düşündirmegiň zerurlygynyň ýokdugyny aýtdy. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň hiç bir pudagyny elektron enjamlaryny ulanmazdan göz öňüne getirip bolmaýar. Zerur bolan ýönekeý elektron enjamlaryny satyn almak üçin hem köp mukdarda maliýe serişdeleri sarp edilýär.Elektron senagatyny döretmek bilen birlikde, bu ugurda işläp biljek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem möhüm wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şoňa görä-de,  döwlet Baştutanymyz wise-peýrmer B.Ereşowa ýüzlenip dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu pudakda işlejek hünärmenleri taýýarlamagy hem ýola goýmaga ünsi çekip, bu ugurda zerur işleri geçirmegi hem-de teklipleri bermegi tabşyrdy.  Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde biz bu Maksatnama seretsek hem-de ony tassyklasak maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew maliýe-bank ulgamynyň edaralaryndaky işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäherinde 3-4-nji iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň birinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Toparyň mejlisinde söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda ikitaraplýayn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garalar. Şeýle hem energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, oba hojalygynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň täze ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Wenger tarapynyň teklipleri-de nazara alnyp taýýarlanan mejlisiň Teswirnamasynyň deslapky taslamasy Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen ylalaşyldy. 

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen işleriň netijeleri barada habar berildi. 2014-2015-nji ýyllar üçin degişli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň ikinji tapgyrynda 29 kärhanany we desgany hususylaşdyrmak kesgitlenildi. Häzirki wagtda olaryň 22-si satuwa çykaryldy. Mundan başga-da, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň teklipleri esasynda hususylaşdyrylmagy teklip edilýän döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň we desgalaryň 15-sinden ybarat bolan sanaw işlenip taýýarlanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň işiniň Türkmenistan bilen Wengriýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny belledi. Milli Liderimiz bu toparyň birinji mejlisiniň Aşgabatda geçirilmeginiň  uzakmöhletleýin geljek üçin netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda täze usullary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini aýdyp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda işjeň ösýän gatnaşyklary nazara almak bilen bu çäräniň ähmiýetini nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak barada durup geçip, bu çäräniň hususy ulgamyň maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize çekmäge, bäsleşikli bazary emele getirmek üçin şertleri döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz maliýe-ykdysady ulgamyň  edaralarynyň işiniň talabalaýyk guralmaýandygy, gözegçilik edýän edaralarynyň işini ýeterlik derejede utgaşdyrmaýandygy üçin bu ulgamda birnäçe kemçilikleriň ýüze çykýandygyny, şeýlelikde onuň beýleki düzümleriň işinde birnäçe säwlikleriň döremegine sebäp bolýandygyny belläp, wise-premýeriň işine düýpli nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda netijeli işleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň dördünji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. 

Mejlisiň barşynda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garalandygy bellenildi. Energetika, maşyngurluşyk, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegine, kiçi we orta işewürligiň kärhanalarynyň, hususy telekeçileriň arasyndaky işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Ukrainaly gurluşykçylaryň we taslama institutlarynyň Türkmenistanyň çäginde täze bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligi, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, iki dostlukly ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň we ilerletmegiň netijeli guraly hökmünde toparyň ornuny we ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz hökümetara toparynyň işiniň, ilkinji nobatda, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere ýokary we hökümetara derejesinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem  Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. 

Wise-premýer mejlisiň barşynda önümçilik we raýat desgalarynda ýangynlaryň öňüni almaga, tokaýlarda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge, ekologiýa taýdan howpsuz gurluşyk serişdelerini ulanmaga degişli meseleleriň birnäçesine garalandygyny aýtdy.    

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga we netijelerini aradan aýyrmaga jogap berýän düzümleriň işini kämilleşdirmek meselelerine hemişe uly üns berýändigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň ünsüni şu tomus günlerinde ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meselä çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatlaryň ýolbaşçylaryndan ýerlerde ýangynlaryň öňüni almak boýunça görülýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap etdi.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy 
Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäherini toplumlaýyn ösdürmek boýunça iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzda ýol hereketini kadalaşdyrmak, döwrebap ulag ulgamyny döretmek boýunça çäreler görülýär. Häzirki wagtda köpgatly awtoduralgalaryň 7-siniň, şeýle hem açyk awtoduralgalaryň 10-synyň gurluşygy alnyp barylýar. Köpgatly awtoduralgalaryň taslamasyny taýýarlamak we gurmak boýunça halkara bäsleşiginiň netijeleri barada hem habar berildi. Hasabatyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň döwrebap keşbini kemala getirmek baradaky wezipeleri çözmäge oýlanyşykly hem-de jogapkärli çemeleşimegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň gurluşygynyň hiline degişli meseleler bilen birlikde, häzirki binalaryň we desgalaryň ulanyş ýagdaýyna hem  yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, “Elektrik energetikasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Energetika ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan elektrik we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmagyň, elektrik ulgamlaryny goramagyň kadalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi. 

Wise-premýer hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksinden gelip çykýan wezipeleri çözmek, şeýle hem ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen,  köp öýli ýaşaýyş jaýynda umumy emlägi ulanmagyň we saklamagyň Tertibini tassyklaýan Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny  habar berip, Milli Liderimiziň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiniň yzygiderli ösmegi, täze senagat desgalarynyň gurulmagy, ilatymyzyň sanynyň artmagy bilen elektrik energiýasyna bolan islegleriň artýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz  adamlar hakyndaky aladanyň hemişe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendigini aýdyp, öňde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. 

Milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekip, bu ugurdaky işi dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Munuň özi okgunly ösýän şäherleriň we obalaryň energiýa ulgamynyň sazlaşykly işlemeginiň goşmaça kepilliklerini döredip, elektrik energiýasynyň berilýän möçberini artdyrmaga, köp ýyllar öňünden ýurdumyzyň ygtybarly energiýa üpjünçiligini döretmäge mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiz ilata edilýän jemagat hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş jaý gaznasyndan netijeli we rejeli peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmek bilen baglanyşykly işe jogapkärli çemeleşmek babatdaky meseleler barada durup geçip, degişli Karara gol çekdi we wise-premýere bu resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, giň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürmek maksady bilen daşary ýurtlardaky iri sergi meýdançalarynda ýurdumyzyň kuwwatyny görkezmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berdi.

Türkiýe Respublikasynda geçiriljek gözden geçirilişlere Türkmenistanyň gatnaşjak bölümine degişli resminamalar döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Bu çäreler şu ýylyň 28-nji awgusty-6-njy sentýabry aralygynda geçiriljek Izmir şäherindäki nobatdaky 84-nji halkara sergi-ýarmarkasydyr hem-de indiki ýylyň 23-nji aprelinden 30-njy oktýabry aralygynda geçiriljek “EKSPO-2016 Antaliýa” Bütindünýä botanika sergisidir, onuň mowzugy “Güller we çagalar” bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň Türkmenistanyň uly eksport we maýa goýum kuwwatyny durmuşa geçirmegiň täze mümkinçiliklerini açýan halkara sergilerine we işewür maslahatlaryna gatnaşmaklarynyň, türkmen önümleriniň dünýä bazarynda mundan beýläk-de üstünlikli öňe ilerledilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şu babatda toplanan oňyn tejribäni hem-de ony hemişe baýlaşdyryp durmagyň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz Izmirde geçiriljek sergide türkmen bölümini ýokary derejede guramagy hem-de Antalýada boljak “EKSPO-2016” Bütindünýä botanika sergisine düýpli taýýarlyk görmegi tabşyryp, degişli Kararlara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek üçin häkimlere söz berildi. Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Häkim welaýatda 230 müň gektara golaý galla meýdanlarynda orak möwsümine taýýarlygyň derejesi barada aýtmak bilen, orakda işlediljek 459 kombaýnyň, 45 galla kabul ediş bölümleriň däne daşamaga niýetlenen 1875 awtoulagyň, traktor tirkegleriniň doly taýýar edilendigi barada habar berdi. 

Şeýle hem welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigine häkimiň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyny guramaçylykly geçirmek, möwsümde işlediljek kombaýnlaryň, awtoulag serişdeleriniň, elewatorlaryň we ammarlaryň taýýarlyk derejesiniň ünsden düşürilmeli däldigini tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz obalary özgertmek boýunça milli maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagynyň möhüm wezipedigini aýratyn belledi hem-de häkime bu babatda görülýän çärelere toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. 

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, gurulýan desgalaryň wagtynda tabşyrylmagy ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Häkim şu ýyl galla oragynyň  ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, möwsümde ulanyljak tehnikalaryň, ýük awtoulaglarynyň we degişli desgalaryň taýýarlyk derejesi barada habar berdi. 

Mundan başga-da, häkim şu ýyl Balkan welaýatynda geçiriljek Ýaşuşular maslahatyna, görülýän taýýarlyk çäreleri barada aýratyn durup geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz agrotehniki çärelerе, ilkinji nobatda bolsa, galla oragyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly çärelere ünsi çekip, welaýatda bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň  örän guramaçylykly geçirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna degişli  çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň, ammarlaryň we elewatorlaryň möwsüme taýýarlanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz obany özgertmek boýunça milli maksatnamany toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň hem-de welaýatyň ykdysadyýetini pugtalandyrmagyň ilkinji nobatdaky meseleleriň hatarynda durýandygyny aýdyp, dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak we ýokary hilini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobadaky maslahatyna örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň möhüm wezipedigini belledi. 

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ekerançylar üçin  örän jogapkärli döwür bolan gowaçalara ideg işlerini guramaçylykly geçirmek, galla oragyna taýýarlyk görmek babatda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi. 

Meýilnama laýyklykda, galla oragynda işledilmegi göz öňünde tutulýan 346 kombaýnyň we 1384 awtoulaglaryň, traktor tirkegleriniň taýýarlyk hataryna çykarylandygy barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz pagtaçy kärendeçiler üçin zerur şertleriň üpjün edilmegi, galla oragyna hemmetaraplaýyn girişlimegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. 

Milli Liderimiz dürli maksatly binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň zerurdygyny aýratyn belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri  berdi. 

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda hem-de maldarçylyk hojalyklarynda netijeliligi ýokarlandyrmak, gowaça ekilen 120 müň gektar meýdanda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini guramaçylykly ýaýbaňlandyrmak  boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

Hasabatyň çäklerinde şu ýyl orak möwsüminde işlediljek 354 kombaýnyň,  34 galla kabul ediş bölümleriniň, elewatorlaryň we 111 ammaryň doly taýýar edilendigi barada habar berildi. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatda geçiriljek Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy.  
 
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip,  orak möwsümine guramaçylykly girişmek we ony üstünlikli geçirmek bilen baglanyşykly ähli çäreleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini nygtady. Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň welaýatyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen bir hatarda, sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkime welaýatyň senagat düzümini ösdürmek durmuş-medeni maksatly desgalary gurmak, şeýle hem gurulýan binalaryň ýokary hilini üpjün etmek bilen baglanyşykly işleriň ählisini  berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatda Medeniýet hepdeligine ykjam taýýarlyk görmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri we galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda orak möwsümini wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin 377 kombaýnyň, 1553 däne daşaýan  tehnikalaryň, tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 96-synyň döredilendigi barada aýdyldy. 

Mundan başga-da, häkim  Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň  çäklerinde welaýada gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça  ýaýbaňlandyrylan işler barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, olaryň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň baş şertidigini nygtady. Milli Liderimiz örän jogapkärli möwsüm hasaplanýan galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça ähli zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.  

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara çärelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy. 

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň  döwrebap keşbini kemala getirmäge hem-de ekologiýa derejesini gowulandyrmaga örän jogapkärçiliki we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Ak mermerli Aşgabatda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, milli Liderimiz şäher gulluklarynyň ählisiniň ösdürilmegi, şäher ulgamyny abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.  

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň etraplarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen,  şäher içindäki ýollaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýy bilen içgin gyzyklanyp, bu ugurda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleri ýola goýmagyň, abadanlaşdyryş işleriniň hiline ilkinji nobatda ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Döwlet  Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, binalaryň köçeleriň durkuny täzelemek, şäherde ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe kemçilikleriň bardygyny belläp, bu babatda R.Nurmämmedowyň işine düýpli nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi berk talap etdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy ýurdumyzyň Konstitusion toparynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek, onuň umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirilmegini üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň ýerine etirilendigini hem-de bu işleriň yzygiderli dowam etmegini nazarlaýan wezipeleriň kesgitlenendigini habar berdi. 

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň deputatlarynyň hormatly Prezidentiniň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan syýasy,  durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşjakdyklaryna, öňde goýlan wezipeleriň ýerine etirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy. Aýratyn-da ol milli parlamentiň deputatlarynyň ýerli häkimiýet  we ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalary, oba Geňeşlikleri bilen bilelikde netijeli işleriň alnyp barylmagy ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň işlenip taýýarlanandygyny habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kämilleşdirilmeginiň döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan işelriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşýan ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň sebitlerinde ýerli häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek barada aýdyp, aýratyn-da Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde birnäçe kemçilikleriň bardygyny belledi we bu babatda welaýatlaryň häkimleriniň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.   

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň netijelerine Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisde serediljekdigine aýratyn ünsi çekdi.    

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi. 

Degişli makalalar

Lebap Welaýatynyň Zähmetsöýer Ilaty! Eziz Watandaşlar, Mähriban Halkym!

turkmenhabargullugy

Awazada “Aziada-2017: Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy” Atly Kongres Açyldy

Aziada 2017-ä Bagyşlanan Halkara Maslahat

syrach