Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna, ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine hem-de döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, hakynda, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary esasynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalara tejribeli maslahatçy kompaniýalary çekmek maksady bilen geçirilen işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Baş döwlet salgyt gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler hakynda hem aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça maksatnamalaryň çäklerinde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýän taslamalaryň anyk bahasyny, amala aşyrylmaly möhletlerini, netijeliligini, maýa goýum babatda ýagdaýyny kesgitlemekde hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin esasy maslahat beriji kompaniýalary çekmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli resminamany taýýarlamaga degişli birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň salgyt edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň, işde täze usullary we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň zerurdygyny nygtap, şu gullugyň öňünde duran ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz bu ulgamda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň geçirýän işleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda Ýewropa döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilýän oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär we umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän bu gatnaşyklaryň gerimini giňeldýär.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 1993-nji ýylda ýola goýlandygy bellenildi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan we Sloweniýa däp bolan dostlukly oňyn gatnaşyklara, söwda-ykdysady, şeýle hem gumanitar medeni ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny görkezýär. Şeýlelikde, ýokary derejede geçiriljek türkmen-sloweniýa gepleşikleri döwletara gatnaşyklaryny häzirki döwrüň ýagdaýyna hem-de iki ýurduň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň kuwwatyna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga ýardam eder. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýewropa Bileleşigi bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde işjeň ösýän gatnaşyklar bilen baglylykda, Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-sloweniýa hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňlendirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça möhüm çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak resmi saparynyň ähmiýetini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine sapara taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi. Bu sapar döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ähli ulgamlarda döwlet syýasatyny kesgitleýän hem-de ýurdumyzy has belent sepgitlere çykarmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalary işlenip taýýarlanýar we kämilleşdirilýär.
Kanunçykarjylyk işleri bilen birlikde, deputatlar kabul edilýän kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň maksatlaryny hem-de esasy wezipelerini ilata düşündirmek işlerini alyp barýarlar, şeýle hem saýlawçylary bilen ýygjam gatnaşyklary saklaýarlar.
Milli Liderimiz Berkarar döwletimimiziň bagtyýarlyk döwründe milli parlamentiň işiniň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady we demokratik ösüşiniň wezipelerini çözmekde netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, Mejlisiň Başlygynyň ünsüni demokratiýany has-da çuňlaşdyrmaga we türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işiniň möhüm ugurlaryna, hususan-da, işlenip taýýarlanylýan kanunlaryň täze taryhy eýýamyň talaplaryna we ruhuna laýyk derejede kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly öňde durýan wajyp wezipelere çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem paýtagtymyzda binagärlik- şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şäheriň döwrebap estetiki durmuşyny kemala getirmek, täze seýilgähleri gurmak, gök zolaklary we dynç alyş ýerlerini döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak, onuň düzümini ösdürmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu ugurda işlenip taýýarlanýan taslamalar öňdebaryjy inženerçilik gazananlaryny ugur edinmelidir, şunda adamlar üçin amatly şertleri döretmek olara bildirilýän esasy talap bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz arassaçylygy, abadançylygy we ekologiýa kadalaryny berjaý etmek boýunça yzygiderli çäreleriň netijeliligini üpjün etmegi tabşyrdy.
Paýtagtymyzda amala aşyrylýan bag ekmek maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işlere yzygiderli çemeleşmegiň wajypdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz baglara ideg etmegiň, aýratyn-da tomus paslynda ideg etmegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda galla oragynyň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamak işi güýçli depginde alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler, şol sanda hatarara bejergi, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen galla hasylynyň aýawly saklanmagyny üpjün etmek maksady bilen zerur çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtady. Bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň öz wagtynda tamamlanmagy obasenagat toplumynyň ykdysady netijeliligini artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem gowaçlara ideg etmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, häzirki zaman oba hojalyk ylmynyň gazananlarynyň tejribä işjeň ornaşdyrylmagynyň we umuman, obasenagat toplumynyň ähli pudaklaryny ösdürmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigini belledi.
Soňra gözegçilik edýän pudaklaryndaky işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow hasabat berdi. Ol 6-7-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bounça Tehniki işçi toparynyň 26-njy mejlisini hem-de 8-nji iýulda bu taslama boýunça Ýolbaşçy komitetiň 18-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Gün tertibine TOPH taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, şol sanda bu ugurda ýerine ýetirilen we edilmeli işlere degişli, TOPH Ltd. konsorsiumyny döretmäge we onuň ýolbaşçysyny saýlamaga, tebigy gazy üstaşyr geçirmäge we beýlekilere degişli möhüm meseleler giriziler. Mundan başga-da, degişli birnäçe resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak, hususan-da, tebigy gazy satyn almak – satmak hakynda ylalaşygyň möhletlerini uzaltmak barada Goşmaça ylalaşygyň hem-de taslama boýunça Tehniki ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Ýolbaşçy komitetiň mejlisinde TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tranzaksiýa Geňeşçisi tarapyndan ýerine ýetirilen işler baradaky hasabata hem garalar. Mälim bolşy ýaly, geçirilen däp bolan Halkara nebitgaz forumynyň çäklerinde geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda gol çekilen degişli Serwis Ylalaşygyna laýyklykda bu babatda Aziýa ösüş banky /AÖB/ çykyş edýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki tapgyrda energiýa serişdelerini geçirmegiň köpugurly ulgamynyň döredilmegi we olaryň dünýä bazarlaryna üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygynyň ygtybarly guralynyň kemala getirilmegi Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýangyç-energetika ulgamynda giň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen bu strategiýa ygrarlydygyny görkezip, ýurdumyz dünýä möçberinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek toplumynda netijeli başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi, şeýle hem bu ulgamda iri düzümleýin taslamalary amala aşyrýar. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gatnaşyjy ýurtlar üçin ykdysady bähbidinden başga-da, umumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň maksatlaryna gabat gelýän dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň hakyky köprüsi bolmagyna gönükdirilen bu iri möçberli energetika taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti geljekki transmilli gaz magistralynyň geografik çäklerinden örän giňdir. Eýýäm häzirden bu barada Merkezi we Günorta Aziýadaky hem-de sebitdäki ýagdaýa geljekde oňyn täsir etmäge, yklymda syýasy we ykdysady aragatnaşyklaryň ähli ulgamyna goşmaça durnuklylyk bermäge ukyply birleşdiriji we durnuklaşdyryjy taslama hökmünde garap boljakdygyny aýdyp bolar.
Dünýäde kuwwatly energetika döwleti bolmak bilen Türkmenistan özüniň ägirt uly nebitgaz kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirmäge ymtylýar we şu maksatlarda yzygiderli anyk ädimleri ädýär, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk çäreleri görýär.
Şu babatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde energetika howpsuzlygynyň sebit we dünýä möçberinde döwrebap düzümini kemala getirmek ugrunda hakyky goşandy boljakdygyny belläp, milli Liderimiz wajyplygyny we isleg bildirilýändigini tassyklan bu möhüm taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde depginleriň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere Tehniki işi toparynyň we TOPH taslamasy boýunça ýolbaşçy komitetiniň mejlislerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakyndaky kararyň taslamasyny hödürledi. Hususan-da, milli ruhy we medeni mirasy öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça işleri işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek üçin ulgamlaýyn binýady döretmek göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer ýurdumyzda bellenilen medeni çäreleriň maksatnamasy hakynda hem hasabat berdi. Şeýle hem şu ýylyň 23-26-njy iýulynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy, onuň çäklerinde ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Minskiniň iň oňat sahnalarynda çykyş eder we bilelikdäki çärelere gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda özüniň medeni özboluşlylygyny nesilden-nesile geçirmek bilen, milli amaly-haşam sungatyny, aýdym-sazyny, gahrymançylykly eposlaryny hem-de paýhasly rowaýatlaryny biziň günlerimize ýetirendigini, şolarda halkymyzyň şöhratly taryhynyň we baý ruhy dünýäsiniň beýan edilýändigini aýtdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alymlaryň, hünärmenleriň alyp barýan döredijilikli gözlegleri netijesinde halkymyzyň ruhy we edebi mirasy gaýtadan dikeldilýär, görnükli türkmen akyldarlarynyň ýygyndylary, halk döredilijigi eserleri yzygiderli neşir edilýär, türkmen nusgawy şahyrlarynyň dabaraly seneleri döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýär.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda medeniýet ulgamynyň öňünde goýlan belent wezipeler medeni mirasy öwrenmek we wagyz etmek boýunça geçirilýän uly möçberli işlere täze talaplary bildirýär. Döwlet Baştutanymyz Medeniýet ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakyndaky karara gol çekip, onuň bu ugry ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi, şu nukdaýnazardan wise-premýere anyk görkezmeleri berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we pudaklarda dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky çäreler hakynda hasabat berdi, garamagyndaky düzümleriň işinde degişli guramaçylyk meseleleri boýunça, hususan-da, halkara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça habar berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylmy-bilim, saglygy goraýyş durmuş ulgamlarynda, sport we syýahatçylyk ugurlarynda düzüm taýdan özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagynyň olary ýokary dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak üçin oňat şertleri döredendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz häzirki tapgyrda bu ulgamlary ösdürmegiň esasy wezipelerini kesgitläp, ileri tutulýan ugurlarda milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy bilen baglanyşykly ähli meselelere has uly üns bermegi, özgertmeleriň depginlerini birjik-de gowşatmazlygy talap edip, bu babatda milli özboluşlylygymyzy unutmazdan öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini nazara almagyň zerurdygyny belledi. Diňe bir düzümleri ösdürmek däl, eýsem, ýaş işgärleri taýýarlamak, halkara taslamalaryna gatnaşmak, bu ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylan maddy-enjamlaýyn binýadynyň ähli mümkinçiliklerini peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak barada gürrüň barýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen bir hatarda, ýaşlarymyz, ösüş gelýän ýaş nesil bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň täze usullaryny gözlemegi işjeňleşdirmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu babatda çagalaryň gyzykly we mazmunly dynç alşyny guramak, sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini ykrar etmek üçin medeniýet hem-de sport ulnamynyň edaralarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagyna ünsi çekdi.. Milli Liderimiz halkara gumanitar hyzmatdaşlygy babatda bu meseläniň möhümdigini aýratyn nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň önümçilik kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda gurulýan desgalary magdan däl gurluşyk serişdeleri bilen öz wagtynda üpjün etmek babatdaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan gurluşyk pudagynyň, şol sanda Türkmendaşlary önümçilik birleşiginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda binalary, durmuş we senagat maksatly desgalary gurmak boýunça giň möçberli maksatnamanyň ýokary depginde durmuşa geçirilmeginiň gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň depginleriniň çaltlandyrylmagyny talap edýändigini belledi. Şol serişdeler bolsa häzirki döwrüň talaplaryna hem-de ülňülerine doly laýyk gelmelidir. Ýöne, görülýän çärelere garamazdan, bu ulgamda, hususan-da, magdan däl gurluşyk serişdelerini öndürmek ulgamynda işler talabalaýyk alnyp barylmaýar, gurluşyk desgalaryny bu önümler bilen bökdençsiz üpjün etmekde kemçiliklere ýol berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýeriň işine düýpli nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz kärhanalar tarapyndan känlerde alnyp barylýan işleriň ýokary derejede guralmagynyň, halk hojalygynyň hajatlary üçin ýeterlik möçberde ýokary hilli magdan däl gurluşyk serişdeleriniň çykarylyşyny ýola goýmagyň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hakynda çykyş etmek bilen, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňladyrylýan ýol-gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.
Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzda döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryny 2014-2023-nji ýyllarda gurmagyň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan işler hakynda hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenbaşy-Farap, Aşgabat-Daşoguz, uzynlygy 240 kilometr bolan Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedi, uzynlygy degişlilikde 541 we 330 kilometr bolan Türkmenabat-Gazojak-Daşoguz we Mary-Serhetabat täze awtomobil ýollarynyň tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyrylmagy hem-de gurulmagy göz öňünde tutulýandygy barada maglumat aýdyldy.
Awtomobil ýollaryny çekmekde ulanylýan ýol-gurluşyk serişdelerini öndürmek üçin ýurdumyzyň känlerinden magdan çig malyny çykarmak, şeýle hem asfalt önümlerini taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýol-gurluşyk pudagynda durmuşa geçirilýän maksatnamanyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, häzir ulanylýan ýollary döwrebaplaşdyrmagyň we täze ýollary gurmagyň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Bu babatda milli Liderimiz döwlet we halkara ähmiýetli awtomobil ýollaryny çekmegiň ähmiýetini aýratyn belledi, olar daşary ýurtlaryň üstaşyr geçýän awtomobil ulaglarynyň Türkmenistanyň çäklerinden geçmegini, Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryna Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portyna tarap amatly we tygşytly ýoly üpjün etmäge mümkinçilik berer, bu deňiz porty import we eksport ýükleri üstaşyr geçirmekde talaplary doly kanagatlandyrmaga ukyply Orta Aziýanyň deňiz derwezesi bolup hyzmat edýär.
Döwlet Baştutanymyz bu meseläni dowam edip, halkara we döwlet ähmiýetli ýollary çekmek bilen bir hatarda, welaýat hem-de etrapara derejesinde awtomobil ýollaryny gurmakda hem işleriň işjeň alnyp barylýandygyny nygtady. Milli Liderimiz ýol-gurluşyk ulgamynda iň häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen bir hatarda, töweregindäki çäkleri abadanlaşdyrmak, yşyklandyrmak, zerur aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek meselelerine oýlanyşykly çemeleşmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeler ýerine ýetirilen mahaly ýurdumyzy sazlaşykly we çalt ösdürmekde möhüm orny eýeleýän degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek barada birnäçe tabşyryklary bermek bilen, ýollaryň ýokary hilli gurulmagynyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm talapy bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganowa söz berdi, wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, 83-nji halkara Izmir sergisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada, şeýle hem Söwda-senagat edarasynyň «Işewür hyzmatdaş» žurnalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde türkmen haryt öndürijileriniň Izmir şäherinde her ýyl geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy barada türk tarapynyň eden teklibi kabul edildi. Nobatdaky 83-nji halkara Izmir sergisi şu ýylyň 29-njy awgustyndan 7-nji sentýabry aralygynda bolar. Onda gurluşyk serişdeleri, elektrik enjamlary, hojalyk tehnikasy, dokma önümleri, parfýumeriýa, ýuwujy serişdeler, azyk önümleri we beýleki halkyň sarp edýän önümleri görkeziler.
Wise-premýer hasabatynda giň halkara söwda ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, daşary ýurtly işewür toparlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ýola goýmak, şeýle hem ýurdumyzda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda geçirilýän dürli halkara işewürler maslahatlary we sergileri beýan etmek maksady bilen, Söwda-senagat edarasynyň Işewür hyzmatdaş atly ýöriteleşdirilen žurnalynyň neşir edilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary täze pudaklaýyn neşiriň ilkinji sanyny döwlet Baştutanymyza hödürläp, ony şu ýylyň üçünji çärýeginde çapdan çykarmagyň bellenendigini aýtdy.
Wise-premýer çykyşynyň ahyrynda şu hepdede Aşgabat şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-bolgar toparynyň mejlisiniň we onuň çäklerinde türkmen-bolgar işewürler maslahatynyň bolandygy barada hem aýtdy, oňa iki dostlukly ýurtlaryň döwlet we işewürlik düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bellenip geçilişi ýaly, bu çäreler Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasyndaky özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze usullaryny we ugurlaryny ýola goýmakda möhüm ädim bolup, uly üstünlik bilen geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň haryt öndüirijileriniň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, dünýä bazaryna türkmen önümleriniň iberilmegi üçin Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen halkara sergilere we işewürler maslahatlaryna gatnaşjmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde türk hyzmatdaşlary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň gazanylan oňyn tejribesini belläp, möhüm ykdysady wezipeleri çözmekde hususy işewürleriň ornuna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply harytlary we hyzmatlary bilen milli ykdysadyýetimiziň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Izmirde boljak serginiň türkmen bölegini ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz türkmen we dünýä jemgyýetçiligine, ähli gyzyklanýan adamlara türkmen ykdysadyýetiniň gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda bolup geçýän wakalar hem-de halkara çäreleri hakynda hemmetaraplaýyn habar bermegiň zerurdygy hakynda söz açyp, Söwda-senagat edarasy tarapyndan Işewür hyzmatdaş žurnalynyň neşir edilmegini makullady.
Şeýle hem milli Liderimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen täze netijeli gatnaşyklary berkitmek hem-de ýola goýmakda türkmen-bolgar işewürler maslahatynyň ähmiýetini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, düzümi has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri barada hasabat berdi. Hususan-da, Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň Bereket Etrek bölegini we bu ýoluň degişli desgalaryny gurmak boýunça geçirilýän işler hakynda aýdyldy.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde Bereket-Etrek demir ýolunyň ugrunda demir ýol köprüsiniň 2-siniň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada, elektrik geçirijisini, transformator beketlerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi we degişli resminamalary milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Şeýle hem habardar ediji, aragatnaşyk ulgamlarynyň enjamlaryny satyn almak, gurluşykgurnama işleriniň taslamasyny düzmek we bu işleri amala aşyrmak, Bereket menzilinde aragatnaşyk we elektrik üpjünçilik, gulluk tehniki edara binalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary enjamlaşdyryp gurmak barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda demir ýol ulgamyny ösdürmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär we onuň möhüm halkara ulag merkezi hökmünde ähmiýeti artýar. Halkara demir ýol gatnawlaryny berkitmekden başga-da, täze demir ýollary ýurdumyzyň içerki sebitlerini hem ösdürmäge ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Bereket-Etrek demir ýoluny gurmagyň tehniki üpjünçilik meselelerine degip geçmek bilen, degişli kararlara gol çekdi hem-de wise-premýere täze tehnologiýalary peýdalanyp, gurluşygyň ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň demir ýollarynyň uzakmöhletleýin ulanylmagyny üpjün eder.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli beýleki käbir möhüm meselelere hem seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen halkynyň asuda we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.