8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň on bir aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri jemlenildi, käbir resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň beýleki ugurlaryna degişli meselelere garaldy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirmek üçin “Serdar” myhmanhanasyna geldi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň ýolbaşçysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine goşulan meselelere garamaga geçip, şu ýylyň 11 aýynda milli ykdysadyýeti ösldürmegiň netijeleri barada hasabat berimek üçin Ministrler Kabinnetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň” çäklerinde pudaklarda döwrebap halkara tejribesiniň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, halkara we sebit derejeli ulag düzüminiň döredilmegine, türkmen döwletiniň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da artdyrylmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Degerli çäreleriň görülmegi netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijileri gazanylýar.

2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlaryndaky makroykdysady görkezijiler, hususan-da, jemi öndürilen önümiň 110,3 göterime barabar bolan durnukly we sazlaşykly ösüşi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,5 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe bölek söwdanyň hem ösýändigi görünýär. 2013-nji ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde, bu görkeziji 17,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda,daşary söwda dolanyşygynyň mjçberi 104,6 göterime deň boldy.

2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, garalýan döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çemeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilen möçberi 108,2 göterime ýetdi. Şu görkezijiniň jemi içerki önüme gatnaşygy 44,6 göterime barabar derejede üpjün edildi.

11 aýyň netijeleri boýunça “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň 177-si guruldy, munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 42 birlik köpdür. Bulardan başga-da, şol maksatnamanyň çäklerinde 297 sany binanyň, 957,2 müň inedördül metrlik ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. 2013-nji ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde, bu görkeziji 17,8 göterim artdy.

Ýanwar-noýabr aýlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň makroykdysady görkezijilerine laýyklykda, möhüm ähmiýetli maliýe resminamasy – Döwlet býujeti üstünlikli berjaý edildi. Onuň girdeji bölegi 120,4 göterim, çykdajy bölegi 96,9 göterim derejesinde ýerine ýetirildi. Döwlet býujetine degişli serişdeleriň agramly möçberleri – 80,9 göterimi durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirildi. Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary bellenilen möhletinde dolulygyna tölenildi. 2013-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 11 aýda ortaça zähmet haky 10,3 göterim ýokarlandy. Ilatyň sarp edýän harytlary, şeýle hem edilýän hyzmatlar boýunça nyrhlar bellenilen çäklerde saklandy.

Wise-premýer şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ykdysady, maliýe we bank toplumyna degişli edaralaryň buýurmasy boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan “Hazar” myhmanhanasynyň we “Tolkun” ýaht-klubunyň gurluşygynyň depginleri barada habar berdi. Hasabat bermegiň barşynda slaýdlar görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, umuman alanyňda, ýokary makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda bellenilen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, mundan beýläk-de iş ýüzünde degerli çäreleriň amala aşyrylmalydygyny aýdyp, ähli meýilnamalardaky tabşyryklaryň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegine, ykdysady taýdan ýokary ösüş depginleriniň saklanmagyna berk gözegçiligiň üpjün edilmeginiň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz maliýe düzümleriniň we bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belläp, bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenar ýakasynda örän oňaýly şypahana zolagyny döretmek boýunça geçirilýän işleriň möhüm ähmiýetlidigini belläp, binalar we desgalar gurlan mahalynda, adamlaryň göwnejaý we medeniýetli dynç almagy üçin ähli zerur zatlaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletlere görä alnyp barylmagynyň möhümdigi barada aýdyp, gurluşyk işleriniň oňat hilli bolmagynyň üýtgewsiz şert bolmagynda galýandygyny belläp, bu barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň direktory B.Alymowa söz berildi. Ol öz garamagyndaky toplumyň işi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolup durýan ýangyç-energetika toplumynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny belläp, önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmegiň, ykdysady görkezijileriň yzygiderli ösdürilmeginiň we öndürilýän önümiň düşewüntliliginiň artdyrylmagynyň üpjün edilmeginiň möhümdigine wise-premýer A.Goçyýewiň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işiniň guralyşy babatda nägilelik bildirip, bu toplumyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär, dünýäniň köp ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary, şeýle hem abraýly sebit we halkara guramalary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy 9-njy dekabrda Aşgabat şäherinde Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakynda Rezolýusiýanyň çäklerinde ýokary derejeli maslahaty we 10-11-nji dekabrda şol rezolýusiýany bilelikde döredijiler hökmünde çykyş eden döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň bilermenleriniň duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna, dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýelemek ýörelgesine ygrarlydygyny nygtady. Bu hyzmatdaşlyk bolsa ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrligiň we diplomatik korpusyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalyp geçilen halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, Türkmenistanyň energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda bu çäreleriň ähmiýetini nygtady. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Rezolýusiýanyň kabul edilmegi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bu başlangyçlaryň wajypdygyna şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistan özüniň ägirt uly serişdeler kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýup, bu ugurda anyk ädimleri ädýär, bu ulgamda ýangyç-energetika toplumyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär diýip belledi. Ýurdumyz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, bu strategiki ulgamda halkara hyzmatdaşylygyny ösdürmäge saldamly goşant goşýar, şol sanda iri forumlary geçirmek baradaky teklipler bilen çykyş edýär. Şeýle giň möçberli forumlar Aşgabatda yzygiderli geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki maslahatyň we bilermenleriň duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda görkezme berdi. Bu çäreler energetika hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrülmelidir.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi, ol milli parlament tarapyndan şu ýylyň 11 aýynda geçirilen işler barada habar berdi.

Degişli döwürde milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, bilim we medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmäge, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen kanunçylyk taslamalarynyň tutuş toplumy işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Parlamentde döredilen işçi toparlary häzirki wagtda bu işleri dowam etdirmek bilen, hususan-da, kepillendiriş işleri, konsullyk gullugy, migrasiýa we beýleki ugurlara degişli kanunçylyk taslamalaryny taýýarlaýarlar.

Kanun döredijilik ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada aýtmak bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy parlamentara gatnaşyklarynyň, halkara guramalary bilen, ozaly bilen bolsa, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen bilelikde işlemegiň oňat netije berýändigini nygtady.

Mejlisiň Başlygy şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişini kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan tapgyrlaýyn işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni mundan beýläk hem häzirki döwürde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem umumy ykrar edilen halkara-hukuk kadalaryny berk hasaba almak bilen, kanun çykaryjylyk işini alyp barmagyň zerurdygyna çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kanun çykaryjylyk işi Mejlisiň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary we ilat bilen hemişe aragatnaşykda bolmagyny talap edýär, sebäbi ähli kanunlar ozaly bilen adamlaryň bähbidine, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak, olaryň parahatçylykly we döredijilikli zähmeti üçin oňyn şertleri döretmäge hyzmat etmelidir.

Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, döwlet gullukçylaryny taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, döwlet dolandyryşynyň milli ylmy we usulyýet binýadyny pugtalandyrmak işinde möhüm orny eýeleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek baradaky gürrüňe degip geçdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe we welaýat häkimlerine ýüzlenip, ýerlerde Akademiýa okuwa iberilýän diňleýjileri saýlap almaga jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat berlişi ýaly, degişli döwürde Aşgabat şäher häkimligi boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 103,3 göretim ýerine ýetirildi. Geçen on bir aýyň dowamynda paýtagtymyzda 53 desga guruldy, ýylyň ahyryna çenli bolsa ýene-de 12 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 213-si bina edilýär. Olaryň 150-si paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmalary boýunça gurulýar.

Wise-premýer hasabatyň çäklerinde, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ilatyň häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň taslamalary taýýarlanyldy. Bu ýerde 1520 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň 60-syny, 4 sany orta mekdebi, 8 çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýyny, bina edilýän desgalaryň hil derejesini we olaryň öz möhletinde ulanylmaga berilmegini, tutuşlygyna bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi. Paýtagtymyzda giňden ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy maksadynyň aşgabatlylar üçin ýokary amatlykly durmuş şertlerini döretmek bolup durýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ähli degişli düzümleriň jebis we netijeli işini guramagyň, şeýle hem gurluşyk we şäheri abadanlaşdyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäniň we innowasiýa tehnologiýalarynyň işjeň peýdalanylmagynyň möhümdigine üns çekdi.

Milli Liderimiz adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýandygyny bellemek bilen, degişli Karara gol çekdi, resminama laýyklykda, Aşgabatda durmuş maksatly desgalaryň täze iri toplumy bina ediler, şunuň bilen bagyllykda hormatly Prezidentimiz wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklar, şol sanda paýtagtymyzyň düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça tabşyryklar berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýlelikde, hasabat döwründe Oba hojalyk toplumyna degişli ministrliklerde we pudak edaralarda önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 103,9 göterime barabar boldy.

Şunda bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,2 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 102,3 göterime, Tebigaty goranmak ministrligi boýunça 103 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 110,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,3 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 107,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104 göterime barabar boldy.

Wise-premýer obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglylykda, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnamak işi tamamlanýar. Şunuň bilen birlikde, güýzlük bugdaý meýdanlarynda ekinlere suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we haşal otlaryň garşysyna serişdeleri ulanmak işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýurdumyzda öndürilen bugdaý ununy daşarky bazarlara ýerlemek hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi. Şu resminama laýyklykda, ýurdumyzda öndürilen birinji hilli bugdaý ununyň 200 müň tonna golaýyny Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen daşarky bazarlara ýerlemek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygyny özgertmek, gallanyň, pagtanyň we beýleki strategiki önümleriň öndürilişini artdyrmak babatdaky döwlet maksatnamalary ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň we tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň dürli pudaklaryna döwrebap tehnologiýalaryny hem-de iň soňky ylmy gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň tabşyrdy. Milli Liderimiz güýzlük bugdaýa ideg etmekde arotehniki çäreleriň ählisiniň takyk berjaý edilmeginiň wajypdygyny nygtady. Munuň özi geljek ýyl ak bugdaýyň bol hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow indi birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň ekerançylarymyz tarapyndan öndürilen azyklyk bugdaýyň we ondan taýýarlanan unuň içerki sarp edijilerimizden artan möçberini daşary ýurtlarda ýerlemek mümkinçiligine eýedigini aýratyn belledi. Munuň özi içerki sarp edijiler bazaryny özümizde öndürilen galla bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülendiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz “Ýurdumyzda öndürilen bugdaý ununy daşarky bazarlara ýerlemek hakyndaky” kararyň taslamasyny, umuman, makullap we oňa gol çekip, wise-premýere bu resminamanyň ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Öz gezeginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.

Hususan-da, şu ýylyň 11 aýynda nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102,8 göterime, tebigy we ugurdaş gazyňky – 110,8 göterime, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara eksport edilýän möçberleriniň ösüş depgini 110,6 göterime barabar bolandygy bellenildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde nebitiň gaýtadan işlenýän we nebit önümleriniň, şol sanda awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberleri artdy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamygyna ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw merkeziniň we onuň ýerleşjek ýeriniň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen iri maýa goýumly taslamalaryň amala aşyrylmagynyň barşyna yzygilderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanda bar bolan baý tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmagyň türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetli şerti bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäde belli köp sanly halkara kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly ýangyç-energetika toplumynyň esasy gaznalarynyň tapgyrlaýyn täzelenmegini amala aşyrýandygyny, ýangyç serişdeleriniň täze ýataklaryny özleşdirýändigini, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyryp, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça has täze ylmy-tehniki gazanylanlara esaslanýan döwrebap toplumlary gurýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit gaz senagatyny hünärine ökde işgärler bilen üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça täze okuw merkezini gurmagyň taslamasyny oňlap, wise-premýere şol merkeziň döwrebap enjamlar we usuly okuw gollanmalary bilen üpjün edilmegine degişli birnäçe tabşaryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu merkeziň binasynyň türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbine sazlaşykly goşulyşmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň 11 aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynyň işiniň netijeleri, şeýle hem Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurtda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy hakynda hasabat berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryna degişli edaralaryň işi barada hasabat bermek bilen, geçen 11 aýda ýurdumyzda we daşary döwletlerde halkara derejeli uly çäreleriň birnäçesiniň geçirilendigini aýtdy. Şolardan Eýranyň, Ermenistanyň, Türkiýäniň we ABŞ-niň biziň ýurdumyzda geçirilen Medeniýet günlerini, şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystanda, Belarusda, Täjigistanda, Hytaýda we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen Medeniýet günlerini, daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagyndaky beýleki çäreleri, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň dünýäniň dürli ýurtlaryna iş saparlaryny görkezmek bolar. Çäreler tejribe alyşmaga, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygynyň artdyrylmagyna ýardam berýär.

Wise-premýer şu ýylyň başyndan bäri Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda kitaphahalaryň döwrebap binalarynyň ulanylmaga berlendigini, ýurdumyzda Medeniýet öýleriniň 17-siniň açylandygyny aýtdy. Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan medeni çäreleriň, şol sanda baýramçylyklar hem-de täze binalaryň we desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralaryň ençemesi guraldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 5 million 582 müň 104 sanysy neşir edildi. Gazetleriň we žurnallaryň çykarylýan sany artdy.

Wise-premýer Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işi barada aýdyp, hasabat döwründe milli telewideniýäniň gepleşiklerini kämilleşdirmek boýunça işleriň geçirilendigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýardam bermegi bilen, Türkmen döwlet habarlar gullugy Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine öwrüldi we onuň işi baradaky Düzgünnamasyna täzeden garaldy.

Wise-premýer Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni çäreleri geçirmek barada durup geçip, 29-njy noýabrda Mary welaýatynda dolandyryş merkeziniň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Mary şäherine onuň täze derejesini görkezýän ýörite nyşanlarynyň gowşurylmagyna bagyşlanan dabaranyň bolandygyny, 2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň ikinji ýarymynda şuňa bagyşlanan resmi dabarany geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Işlenip taýýarlanan maksatnama laýyklykda, indiki ýylda bu ýerde türki ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň we wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ylmy forumlar, meşhur estrada aýdymçylaryň we bagşylaryň konsertleri, şekilendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli eserleriň, foto suratlaryň sergileri guralar, sahnalaşdyrylan oýunlar we kinolar görkeziler, okuw maslahatlary we beýleki çäreler geçiriler. Şeýle hem welaýatdaky gadymy ýadygärlikler bilen tanyşdyrmak, göz öňünde tutuldy. Bu Ýyl 2015-nji ýylyň dekabrynda Türki dünýäsiniň halkara guramasynyň nobatdaky ХХХIII mejlisini, “Mary—2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty” diýen dabarany hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli türki döwletleriň artistleriň konsertini geçirmek bilen jemlener.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini innowasion taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň, işiň döwrüň ruhuna we tehniki ösüşe laýyk gelýän täze görnüşleriniň we usullarynyň gözlenip tapylmagynyň, ýurdumyzda bolup geçýän giň gerimli özgertmeleriň döredijilikli beýan edilmeginiň, Türkmenistanyň häzirki döwürdäki gazananlarynyň giňden wagyz edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Mary şäherine 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýen derejäniň berilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler barada aýdyp, wise-premýere, degişli ýolbaşçylaryň ählisine göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň baý taryhy-medengi mirasyna eýedigini, Gadymy Merwiň ýadygärlikleriniň, bu ýerdäki täsin arheologik açyşlaryň munuň aýdyň subutnamalary bolup, giňden wagyz edilmäge hem-de ylmy taýdan mundan beýläk-de çuňňur öwrenmäge mynasypdygyny aýdyp, Mary şäheriniň türki dünýäsiniň paýtagty hökmündäki derejesiniň bu möhüm ähmiýetli işiň göwnejaý alnyp barylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow öz gezeginde häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2015-nji ýylda Marynyň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli ýörite medeni maksatnamany işläp taýýarlamak we ony üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda geçen 11 aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, garamagyndaky edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaklarda alnyp barylýan gurluşyk işleri, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer, hususan-da, Bilim ministrligi boýunça okuw kitaplarynyň we goldanmalarynyň 297-siniň taýýarlanylandygyny we olaryň 175-siniň neşir edilendigini habar berdi.

Hasabat döwründe türkmen mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde jemi 139 medala, şol sanda 23 altyn, 34 kümüş, 82 bürünç medala, halkara açyk internet bäsleşiklerine gatnaşan talyp ýaşlarymyz bolsa, jemi 68 medala – 18 altyn we 18 kümüş, 32 bürünç medala mynasyp boldular.

Wise-premýeriň habar berişi ýaly, onuň gözegçilik edýän pudak edaralarynyň gatnaşmagynda 5 halkara maslahaty, 4 halkara sergisi şeýle hem dürli halkara okuw maslahatlary guraldy.

Şeýle hem, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş görkezijileri getirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça jemi 10 desganyň – 9 sany saglyk öýüniň we lukmançylyk ammarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda lukmançylyk edaralarynyň 13-si ulanmaga berildi. Mundan başga-da, paýtagtymyzda ýene-de iri lukmançylyk desgalarynyň 4-siniň düýbi tutuldy.

Sport we syýahatçylyk ulgamynda hem maksada okgunly işler alnyp barylýar. Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti boýunça şu ýylyň 11 aýynda hyzmatlardan alnan girdeýjileriň ösüş depgini 161 göterime, daşary ýurt pulundaky girdeýjiler 102,1 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 91,7 müňden gowrak syýahatça hyzmat edildi.

Ýurdumyzyň sport boýunça mümkinçilikleri ýokarlanýar, onuň halkara sport abraýy artýar, muňa ýakynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýanyň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017-ä Okeaniýa ýurtlarynyň 17-siniň gatnaşmagy baradaky Ähtnama gol çekilmegi hem şaýatlyk edýär.

Geçen aýda biziň ýygyndy toparymyz Phuket (Taýland) şäherinde geçirilen kenarýaka IV Aziýa oýunlaryna gatnaşyp, jemi 11 medala – altyn, 3 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldy. 19-24-nji noýabr aralygynda Aşgabatda guşakly göreş we milli türkmen göreşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. 23 ýurtdan türgenleriň gatnaşan bu bäsleşiklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary uly ýeňiş gazanyp, jemi 45 medala – 16 altyn, 14 kümüş we 15 bürünç medala eýe boldy. Umumytoparlaýyn hasapda biziň türgenlerimiz ikinji orny eýelän Russiýa Federasiýasynyň (16 medal) we üçünji orny alan Ukrainanyň (9 medal) toparlaryndan ep-esli öňe saýlanyp, birinji orny eýelediler.

Tutuşlygyna 2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda türkmen türgenleri 136 halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, jemi 378 medal, şol sanda 126 altyn, 122 kümüş we 130 bürünç medaly aldylar. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 113 medal köpdür.

Ýokary hilli bilim, aň-paýhas ösüşi, ýaşlary sagdyn-durmuş ýörelgesi ruhynda terbiýelemek, olary bedenterbiýe-sport hereketine giňden çekmek – biziň milletimiziň geljegidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtamak bilen bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek barada görkezmeler berdi.

Milli Liderimiz saglygy goraýyş, bilim we ylym, sport we syýahatçylyk ýaly ileri tutulýan ugurlarda göz öňünde tutulan çäreler bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy, öňdebaryjy özgertmeleriň depginlerini gowşatmazlygy talap etdi. Şunda döwlet Baştutanymyz milli aýratynlygymyzy hasaba almak bilen, iň gowy daşary ýurt tejribesini göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. Gürrüň diňe bir düzümleri ösdürmek barada gitmeýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdirdi, eýsem, ýaş işgärleri, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak şeýle hem halkara taslamalaryna gatnaşmak, bu ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylan maddy-enjamlaýyn binýadynyň ähli mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak barada gidýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hasabat berip, pudaklaýyn maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny okgunly ösdürmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň köp görnüşiniň öndürilişiniň yzygiderli artdyrylýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 135,1 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 118 göterime barabar boldy. Hususan-da, sementiň öndürilişi boýunça 111,8 göterim, magdan däl materiallar boýunça 123,4 göterim, keramzidiň öndürilişi boýunça 108 göterim we gurnama demir-beton önümleriň öndürilişi boýunça 111,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 111,9 göterime barabar boldy. Hususan-da, nah ýüplügiň öndürilişi boýunça 111, 9 göterim nah matalaryň öndürilişi boýunça 118,5 göterim, tikin we trikotaž önümleriň öndürilişi boýunça 111,7 göterim, şeýle hem ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 102,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümi ýerlemekde 106,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2014-nji ýylyň 11 aýynda önüm öndürmegiň ösüş depgini 109,7 göterime barabar boldy. Şol döwürde pudagyň kärhanalary tarapyndan 38,8 müň inedördül metr haly önümleri dokaldy we 101,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwrüniň netijeleri boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 110,8 göterim üpjün edildi, şol sanda mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 135,5 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 102,7 göterim we natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 132,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň ösüş depgini 114,4 göterim üpjün edildi. Balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 103,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Şeýle hem wise-premýer pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylyşy we balyk awlamak üçin satyn alynýan täze gämileri dabaraly ýagdaýda kabul etmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gaýtadan işleýän senagatyň türkmen ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Milli senagat harytlarynyň eksport edilýän möçberleriniň artdyrylmagyny hem-de hiliniň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän döwrebap we ýokary netijeli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalar onuň esasyny düzýär. Milli Liderimiz munuň üçin bar bolan ägirt uly maddy-çig mal serişdelerinden has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny aýdyp, önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmak we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny özleşdirmek üçin uzakmöhletleýin höweslendiriş çärelerini döretmek bilen baglylykda hojalygy ýöretmegiň we dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň, senagat ulgamynda dünýäniň makroykdysady ýagdaýyny öwrenmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň ygtyýaryna gelip gowşan täze gämileri netijeli ulanmak, ýurdumyzda azyk üpjünjiligine mynasyp goşant goşmak işlerine hemmetaraplaýyn çemeleşmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralarynda şu ýylyň ýanwar-noýabr aralygynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň güýjenmesini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.

Hususan-da, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe jemi öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 120,6 göterime barabar boldy.

Wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi barada hasabat berip, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda jemi 177 sany binanyň, şol sanda hassahanalaryň 6-synyň, saglyk öýleriniň 14-siniň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 57-siniň, orta mekdepleriň 60-synyň, medeniýet öýleriniň 17-siniň, sport mekdepleriniň 16-synyň, dürli sport desgalarynyň 7-siniň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi.

Energetika ministrligi boýunça 2014-nji ýylyň 11 aýynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 109,5 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 110,3 göterime barabar boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 120,7 göterime barabar boldy.

Hasabatyň çäklerinde täze döwlet ähmiýetli “Türkmenbaşy-Farap” , “Aşgabat-Garagum-Daşoguz” awtomobil ýollaryny tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak we gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 122,3 göterime barabar boldy. Suw geçirijileriň 2169 kilometri çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň gurluşyk senagatyny täze sepgitlere çykarmak üçin ähli şertleri döredýändigini, iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge geçirmek üçin uly maýa serişdelerini gönükdirýändigini belledi. Senagat kuwwatyny artdyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň netijeli bolmagy üçin guramaçylyk çärelerini güýçlendirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz awtoulag ýollarynyň düzümini ösdürmek barada durup geçip, häzirki döwürde awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň giň gerimde durmuşa geçirilýändigini nygtady we wise-premýere ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeler çözülende degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz goňşy Owganystan döwleti babatda ýurdumyzyň garaýşynyň üýtgewsizdigini, döwletimiziň doganlyk owgan halkyna parahat we abadan durmuşy gurmakda ýakyndan kömek berýändigini nygtap, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gysga wagtyň içinde kuwwatly elektrik stansiýalaryň gurulmagy hem-de täze elektrik geçirijileriň çekilmegi netijesinde pudagyň köp esse artan kuwwaty diňe bir ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasyny Owganystana ibermäge hem mümkinçilik berýändigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda we welaýatlarda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirmeli işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisiniň barşynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew welaýatyň senagat düzümini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan işleriň sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine, ilatyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilmelidigine ünsi çekip, bu babatda sazlaşykly işiň ýola goýulmalydygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow 2014-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda söwda toplumynyň işleriniň jemleri barada hasabat bermek bilen, esasy pudaklar boýunça gazanylan görkezijiler barada habar berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşylar ministrligi boýunça hasabat döwründe umumy haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106 göterime, şol sanda bölek-satuw haryt dolanyşygynda 109,8 göterim we lomaý haryt söwdasy boýunça 104,2 göterim boldy. Girdeýjiniň ösüş depgini 109,4 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 11 aýyň dowamynda söwdalaşyklaryň 208-si geçirilip, geleşikleriň 28 müňüsi bellige alyndy. Şunda olaryň umumy möçberi 64 milliard 860 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowuşan serişdeleriň möçberiniň ösüş depgini 104,8 göterime deň boldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe hyzmat etmek ulgamyndan alynan girdeýjileriň ösüş depgini 104 göterim boldy. Daşary ýurt pulunda alynan girdeýjileriň möçberiniň ösüşi 114 göterime deň boldy. Ýylyň başyndan bäri söwda-senagat edarasy tarapyndan 22 sergi we 19 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 132 göterimi, oba hojalyk önümleriniň öndürilişi bolsa 290 göterime ýetdi. Telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 52 göterim artdy. Birleşme boýunça umumy haryt dolanyşygynyň ösüşi 181 göterime, ilata edilen hyzmatyň möçberi 150 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň düzümleriniň ösdürilmegi diňe bir ilata hödürlenilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak we içerki bazarda önüm bolçulygyny üpjün etmegi ilkinji wezipe hökmünde öňe çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, bu pudagy öňdebaryjy netijeli usullar esasynda dolandyrmagy kämilleşdirmek we bu ulgamda halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerini öňe çykarýar.Sergi –ýarmarkalary we maslahatlary guramak işinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi söwda pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, söwda usullaryny özleşdirmäge, ekspor mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň täze ýollaryny gözlemäge ýardam edýär diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklar berdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem üýtgäp durýan islegleri, sebit we ählumumy meýilleri hasaba almak bilen Türkmenistanyň çeýe marketing syýasatyny alyp barmak üçin daşary ýurt bazarlarynyň harytlara bolan isleglerine toplumlaýyn seljerme bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow häzirki döwürde sebitiň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze döredilen obalarda degişli durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň öňünde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede guralmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatyň oba hojalyk pudagynda, esasan-da maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriniň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň salaşykly işini üpjün etmek işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň ilatynyň durmuş düzüminiň derejesine ünsi çekip, welaýatyň arassa agyz suw bilen üpjünçiliginiň, ekologiýa ýagdaýynyň döwrüň talabyna laýyk derejede saklanmalydygyny, Botandagda döredilýän seýilgäh zolaklarynda ideg işlerine jogapkärli çemeleşmelidigini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ulaglar we aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we işleriň meýilnamasy 107,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 108,2 göterime barabar boldy.

Demirýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,6 göterim üpjün edildi. Bu görkeziji ýük daşamakda 108,9 göterime, ýolagçy gatnatmakda 110 göterime barabar boldy.

Şeýle hem içerki demir ýollary, inžener-tehniki desgalary, şol sanda demir ýollaryň ugrunda gurlan köprüleri döwrebaplaşdyrmak işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygy bellenildi.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,1 göterime barabar boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe ýurdumyzda ilatymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 586,5 müň, şol sanda 546 müň öýjükli belgi, 4,7 müň radiotelefon belgisi we 35,8 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,7 esse ýerine ýetirildi. Şu döwürde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 45 müň 560 telefon belgilik beketler gurnaldy we 2 müň 437 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýanwar-noýabr aýlarynda awiahyzmatlar boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 111,7 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 123,9 göterim we ýolagçy gatnatmakda 109,9 göterim üpjün edildi.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 108,5 göterime barabar boldy. Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portuny gurmak boýunça işleriň barha giň gerime eýe bolýandygy bellenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň hem-de bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda demir ýol ulgamyny ösdürmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Ýurdumyz yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär we wajyp halkara ulag ulgamy hökmünde onuň ähmiýeti biziň günlerimizde has-da ýokarlanýar. Täze polat ýollar halkara gatnawlar ulgamyny berkitmek bilen birlikde, ýurdumyzyň içerki sebitlerini hem okgunly ösdürmäge ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gazagystan-Türkmenistan –Eýran transmilli demir ýolunyň açylmagyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly çäreler barada aýdyp, bu wakanyň Ýewraziýanyň sebitara üstaşyr-ulag kommunikasiýalaryny döretmegiň we olardan netijeli peýdalanmagyň, yklymyň ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe we peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň möhümdigini nygtap, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze ýöriteleşdirilen gämileri almagyň hasabyna Türkmenistanyň deňiz flotuny okgunly ösdürmegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze gämileri garşylamak boýunça çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýatyň mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürilmegine, hususan-da, onyň günorta etraplarynda gurulmaly desgalaryň kesgitlenmegine degişli tabşyrygyny ýerine ýetirmek boýunça berjaý edilen işler barada hasabat berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, welaýatlary özgertmek boýunça milli maksatnama laýyklykda Etrek etrabynda çagalar bagynyň ikisiniň, orta we sport mekdepleriniň gurluşygy tamamlandy, durky täzelenen hassahana we Saglyk öýi ulanmaga berildi, şeýle hem çagalar bagynyň, orta mekdepleriň ikisiniň we sport mekdebiniň gurluşygy alnyp barylýar hem-de Saglyk öýüniň durky täzelenilýär. 2016-njy ýylyň ahyryna çenli bu ýerde durmuş-medeni maksatly binalaryň ýene-de bäşisini gurmak göz öňünde tutuldy.

Welaýatyň günorta etraplaryny ösdürmegiň çäginde bu sebitde senagat, önümçilik, durmuş, söwda we hyzmat ediş düzüminiň döredilmegi üçin desgalaryň birnäçesini gurmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Geljekde Ekerem şäherçesinde nebiti gaýtadan işleýän zawody hem-de Esenguly etrabynda tebigy gazy gaýtadan işläp, sintetiki nebiti öndürýän zawody, Gyzyletrekde elektrik bekedini we Etrek etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny, Madaw demir ýol bekedinde Ekerem şäherçesinde demir ýol şahasyny, şeýle hem Ekerem şäherçesine çenli gämi duralgasyny we deňiz suwuny süýjediji desgany, Etrek şäherçesinde, Madaw geňeşliginde we Esenguly etrabynyň Bugdaýly geňeşliginde maldarçylyk toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Etrek etrabynyň obalarynda we şäherçelerinde ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly binalaryň we desgalaryň birnäçesini gurmak bellenilýär.

Balkan welaýatynyň günorta etraplarynda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň sanawyna laýyklykda, “Balkan welaýatynyň birnäçe etraplaryny durmuş-ykdysady taýdan toplumlaýyn ösdürmegiň meseleleri hakyndaky” kararyň taslamasy işlenip taýarlanyldy, wise-premýer ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminama gol çekip, şol desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň we gurluşyk işleriniň göwnejaý hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Täze döwrebap önümçilik, hyzmat ediş, ýaşaýyş-durmuş desgalary welaýatyň ykdysadyýetiniň batly depgin bilen ösdürilmegine we ilatyň ýaşaýyşynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we hiliniň gowulandyrylmagyna ýardam bermelidigini hem-de munuň amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasy maksady bolup durýandygyny nygtady.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz T.Taýmanowy özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekip, bu wezipä D.Durdyýewi belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kanunçylygyň pugta berjaý edilmegi, ähli ulgamlarda tertip-düzgüniň ýokary derejede ýola goýulmagy döwrüň möhüm meselelerini nygtap, şu günki mejlise gatnaşýan hukuk we goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Häzirki döwürde döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagy, harby gullukçylaryň döwrebap derejede gulluk şertleriniň döredilmegi, olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy babatda yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, düzümler üçin ýokary taýýarlygyny harby gullukçylary taýýarlamak hem-de bu düzümlere dünýäniň iň kämil tehnologiýalarynyň we ösen tejribelerini ornaşdyrmak boýunça netijeli iş alyp barmagy tabşyrdy. Ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, durmuşa geçirilýän çäreleriň şu ugra mynasyp alyp barylmalydygyny belli, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Täze ýyla çenli az wagtyň galandygyny, asylly däbimize eýerip, biz geçip barýan ýylda başlan ähli işlerimizi täze ýyla geçirmän, şu ýylda tamamlamalydyrys diýip, belledi.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlardan görnüşi ýaly, ykdysadyýetimiziň öňküsi ýaly ýokary depginler bilen ösýändigini, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly, önümçiligiň bellenen möçberlerde ösüş depgininiň gazanylandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy. Köp sanly önümçilik we durmuş maksatly binalar hem-de desgalar gurlup, ulanmaga berildi.

Milli Liderimiz geljek ýylyň başynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini, onda 2014-nji ýylyň jemlerine serediljekdigini habar berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, hususan-da, A.Goçyýewe öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pu

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-nde KHDR-ň Wekiliýeti Bilen Gepleşikler Geçirildi

Italiýaly Kruner Naim Abid Aşgabatlylary Retro-Hitler Bilen Tanyşdyrdy

turkmenhabargullugy

Göç İdaresi: Türkmenistan Büyükelçisi Genel Müdürümüzü Ziyaret Etti

turkmenhabargullugy