Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meseleleriň birnäçesine, şeýle hem möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda geçirilen işler barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu maksatnamanyň ikinji nobatdakysynyň çäklerinde hususylaşdyrmak teklip edilýän kärhanalaryň we desgalaryň sanawyny hödürledi.
Wise-premýer bu maksatnama laýyklykda, birinji tapgyrda desgalaryň 45-siniň hususylaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Olardan 18 desga hususylaşdyryldy, 23 desga satuwa çykaryldy. Şonuň ýaly-da, desgalaryň 3-siniň bahasyny kesgitlemek boýunça işler alnyp barylýar.
Şeýle hem geçen ýylda maldarçylyk we guşçulyk fermalarynyň 67-sine baha kesilendigi bellenidi. Olaryň hemmesi 2015-nji ýylda et-süýt önümlerini öndürmek boýunça esasy iş ugurlaryny hem-de fermalaryň işgär sanyny saklamak şerti bilen hususylaşdyryldy. Bu çäreler ýurdumyzyň bazarlaryny et we süýt önümleri bilen üpjün edilişiniň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ikinji tapgyrynda hususylaşdyrylmagy teklip edilen döwlet kärhanalarynyň we desgalarynyň sanawyny hödürläp, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hususylaşdyrmaga degişli bolan kärhanalarynyň we desgalarynyň sanynyň jemi 37-digini habar berdi. Bu kärhanalaryň sanawyna Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparynyň mejlisinde garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça geljekde hususy ulgamyň maýalaryny çekmekde alnyp barylýan işleriň, şeýle hem bazar gatnaşyklarynyň şertlerinde bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmegiň uly ähmiýetini nygtap, wise-premýere şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýerleriň we häkimleriň gatnaşmagynda iş maslahatynyň geçirilmegi barada görkezme berdi. Onda bu ugurda alnyp barylýan işler seljerilmelidir. Şeýle hem häzirki günüň talaplaryny göz öňünde tutup, maksatnma täzeden garalmalydyr.
Bellenilişi ýaly, oba milli maksatnmasyny durmuşa geçirmek barada uly işler amala aşyryldy. Ýöne häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi bilen baglylykda täze standartlar we täze talaplar ýüze çykdy diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bir aýyň dowamynda bu maksatnama täzeden seretmek boýunça işleri geçirmegi, meseleleri düýpli öwrenmegi we Ministrler Kabinetiniň mejlisine garamak üçin teklipleri taýýarlamagy wise-premýere tabşyrdy.
Şu babatda döwlet Baştutanymyz şeýle hem kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlaryny dünýä ölçeglerine laýyk gelýän we ýokary amatlylyk derejesine eýe bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek üçin hemme çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza göz öňünde tutulan döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Ýokary derejede geçiriljek türkmen-owgan gepleşikleriniň gün tertibine iki goňşy doganlyk döwletleriň we halklaryň bähbitlerine bolşy ýaly, tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna hem laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri giriziler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
Dostlukly Owganystanyň baştutanynyň Türkmenistana boljak döwlet saparynyň wajypdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwlete degişlilikde ýurdumyzyň üýtgewsiz ýörelgesini tassyklady. Bu ýörelge doganlyk owgan halkyna parahat we abadan durmuşy gurmakda, durmuş-ykdysady düzümi dikeltmekde anyk kömek bermekde jemlenýär. Bu ugurda halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryna biz mundan beýläk hem yzygiderli gönüden-göni gatnaşarys diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de Bitarap Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Muňa türkmen tarapynyň BMG-niň belent münberinden beýan eden başlangyçlary şaýatlyk edýär.
Şu babatda türkmen döwletiniň Baştutany ýurdumyzyň goldaw bermeginde elektroenergetikada, gaz we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalara ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gürrüň, ilkinji nobatda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň ýakyn geljekde bellenen gurluşygy barada barýar. Bu iri energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi owgan ykdysadyýetiniň ösmegine, maýa goýumlaryň çekilmegine, durmuş meseleleriniň çözülmegine, şol sanda täze iş orunlarynyň döredilmegine gönüden-göni ýardam eder we umuman, Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga oňyn täsirini ýetirer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mejlise çagyrylan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe bu taslamany mundan beýläk-de öňe ilerletmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet Baştutanymyza ýakynda deputatlar bilen geçirilen duşuşyk hem-de manyly maksatnamalaýyn çykyşy üçin hoşallyk bildirip, bu ugurda görülýän çäreler barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiziň şol çykyşy deputatlar tarapyndan kanun çykaryjylyk işini has-da depginli alyp barmak üçin ugur görkeziji hökmünde kabul edidi.
Duşuşykdan soň, Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň ählisinde mejlisleriň geçirilendigi habar berildi. Olarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlary babatda hem-de döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň çäklerinde milli kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça deputatlaryň öňünde goýlan wezipeler seljerildi, olary çözmegiň ýollary anyklaşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2015-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy gaýtadan seljerildi hem-de milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini, aýdan tekliplerini we belliklerini nazarda tutmak bilen oňa täzeden seretmek barada çözgüt kabul edildi. Şonuň ýaly-da, milli parlamentiň deputatlary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da üstünlikli ösdürmek, türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynyň mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça işlere girişdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylan habary diňläp, jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň we durmuş-ykdysady özgertmeleriň depginini öňe ilerletmegiň bähbitlerine milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça parlamentiň işiniň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz kanunlaryň netijeliligine berk gözegçilik edilmeginiň, deputatlaryň saýlawçylaryň hemmesi bilen hemişe özara gatnaşykda bolmagynyň, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary, ylmy we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikdäki utgaşykly işleriniň wajypdygyny aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň döwre görä döwrebap işlemeginiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, paýtagtymyzyň jemagat hojalygy düzümini ösdürmek, şol sanda şäheriň günbatar böleginde zeýkeş-aragatnaşyk ötügini gurmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça Interbudmontaž gurluşyk assosasiýasy tarapyndan gurulýan bu desgany bina etmek babatda potratçy bilen goşmaça ylalaşyklar baglaşyldy. Häzirki wagtda bu goşmaça ylalaşykda göz öňünde tutulan işleriň birinji tapgyrynyň ählisi doly tamamlandy. Ikinji tapgyryň çäklerinde işler alnyp barylýar.
Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde giňligi 6 metrlik zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň 3792 metri gurlup, häzirki wagtda onuň içki gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar, gije-gündizde kuwwaty 300 müň kub metr bolan lagym arassalaýjy desganyň demir-beton işleri tamamlanyp, häzirki wagtda timarlaýyş işleri, şäheriň esasy energiýa ulgamyna birikdirmek boýunça gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýagyş suwlaryny toplamak üçin uzynlygy 2105 metr ulgamyň gurluşyk işleri doly tamamlandy.
Wise-premýeriň çyzgylar we şekiller arkaly beýan etmegine görä, täze meýilnama laýyklykda, zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň ýene-de 4956 metrini, lagym kabul ediji guýularyň 4-sini, şöhle-zeýkeş guýularyň 8-sini, zeýkeş-aragatnaşyk ötügini dolandyrmak üçin edara binasyny, aragatnaşyk we howpsuzlyk ulgamlary gurmak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherini toplumlaýyn abadanlaşdyrmak, onuň jemagat we hojalyk düzümini ösdürmek boýunça birnäçe anyk maslahatlary berdi. Paýtagtymyzyň inženerçilik-kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu iri inženerçilik-tehniki desgasyna berilýän ähmiýetiň uludygyny belledi.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy paýtagtymyzda ýerasty zeý suwlarynyň derejesini peseltmäge, onuň durmuş üpjünçilik meselelerini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz zeýkeş-aragatnaşyk ötügi we ugurdaş desgalary gurmak boýunça birnäçe tabşyryklary berip, bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur bolan agrotehniki işler ýerine ýetirilýär–ak ekinlere ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär we haşal otlara garşy göreş çäreleri geçirilýär.
Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekin meýdanlarynda sürüm işleri geçirilýär, dökünler bilen gurplandyrmak hem-de ýerleri tekizlemek işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaçanyň zyýankeşlerine garşy göreşmekde biokärhanalaryň 379-synda degişli işler geçirilýär.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ýurdumyzda gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi. Degişli oba hojalyk ekinleriniň etraplar we daýhan birleşikleri boýunça ekiljek ýerleri kesgitlenilip, tohumlary hem-de oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň we pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, ekin meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmäge aýratyn üns bermek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişi möwsümine taýýarlyk görmekde tehnikalary öz wagtynda taýýarlamak we ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek meselelerini aýratyn gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Munuň özi ak altynyň bol hasylyny ýetişdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ekerançylyk ulgamyna agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny hem-de ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak babatda hem anyk tabşyryklar berildi. Ýurdumuzyň söwda bazarlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmekde bu ulgama möhüm orun degişlidir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli 27-nji ýanwarda Mary şäherinde geçiriljek dabara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bu çärä türki medeniýetiniň Halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) wekilleriniň türki döwletleriň medeniýet ulgamynyň, dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynyň meýilleşdirilendigi bellenildi. Çäräniň maksatnamasynda resmi dabarany, şeýle hem türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini, şekillendiriş, amaly-haşam we foto sungatynyň sergisini geçirmek hem bar.
Wise-premýer şeýle hem Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, bu ýerde ýigrimiden gowrak çäreleriň geçiriljekdigini habar berdi. Olaryň hatarynda ylmy maslahatlar, sergiler, konsertler, teatr çykyşlary, döredijilik duşuşyklary geçiriler, şeýle hem welaýatyň gadymy ýadygärlikleri boýunça syýahat ediler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şanly waka mynasybetli dabaralary, şeýle hem oňa bagyşlanan ähli çäreleri ýokary guramaçylyk we döredijilik derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýäde mundan beýläk-de giňden wagyz etmek, ýurdumyzda ony gorap saklamak we öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, geçiriljek çäreler Türkmenistanyň halkara abraýynyň pugtalanmagyna, dünýäniň dürli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň we köptaraply hyzmatdaşlygyň ösmegine, halkara derejesinde Garaşsyz türkmen döwletiniň medeniýet we sungat ulgamynda häzirki zaman gazananlaryny görkezmäge ýardam eder.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek dabaralara we çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer işlenip taýýarlanan çäreleriň meýilnamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi, bu çärelere degişli ministrlikler we pudak edaralary, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we beýleki halkara guramalary gatnaşar. Hususan-da, iýul aýynda däbe öwrülen forumy — Saglyk-2015 atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýylyň dowamynda daşary ýurtlarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda we derman senagatynda gazanylan üstünlikleri görkezýän sergileriň birnäçesini guramak meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş durmuş ulgamynda düzümleýin özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagynyň saglygy goraýşy ýokary dünýä derejesine çykarmak üçin oňaýly şertleri döredendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň ösüşiniň häzirki tapgyryndaky esasy wezipeleri kesgitläp, Saglyk döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek meselelerini üns merkezinde saklamagyň, özgertmeleriň depginini birjik-de gowşatmazlygyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işde oňyn daşary ýurt tejribesini göz öňünde tutmagyň, lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynda görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde önümçilik düzümi giňeldilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.
Hususan-da, wise-premýer şekiller arkaly Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny pagta süýümi bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak strategiýasynda gaýtadan işleýän senagatyň pudaklarynyň ähmiýeti uludyr diýip belledi.
Milli Liderimiz, dokma pudagynyň kärhanalarynyň kuwwatlyklaryndan has doly peýdalanmak maksady bilen, olary ýokary hilli pagta süýümi bilen durnukly üpjün etmegiň zerurdygy barada aýdyp, wise-premýere bu meseläni seljermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy we ýurdumyzda nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen iri taslamalary ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, 2015-nji ýylda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda suwuklandyrylan gazdan ýokary oktan goşundysyny almak üçin hem-de A-95 we A-98 görnüşli awtomobil benzinleriniň öndürmek üçin niýetlenen iki desganyň gurluşygy tamamlanar. Mundan başga-da, häzir asfalt mazudyny öndürýän toplumyny, polipropilen plýonkasyny öndürýän zawody öz içine alýan döwrebap toplum bina edilýär.
Geçen ýyl bitum öndürýän desgada düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Bu çäreler gara ýollaryň gurluşygynda zerur bolan önümiň möçberini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Taslamalaryň birnäçesi Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, TNGIZT-de täze döwrebap desgalaryň birnäçesini, şol sanda ýol we gurluşyk bitumyny, şeýle hem Ýewro-5 halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän, dizel ýangyjyny öndürýän döwrebap desgalary we beýlekileri gurmagyň taslamalary işlenip düzülýär. Sintetiki binýatlyk tehniki ýaglaryň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça anyk çäreler bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Şol wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini artdyrmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şol wezipeleriň hatarynda täze ýataklary özleşdirmegiň, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod ýangyjynyň çykarylýan möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze nebit we gazhimiýa önümçiliklerini gurmak wezipeleri durýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynda innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmagyň, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmegiň, daşary ýurt maýalaryny çekmegiň möhümdigini aýtdy.
Ýakyn geljekde nebiti gaýtadan işleýän senagatda amala aşyrylmagy bellenilen täze taslamalary ilerletmek boýunça işleriň depginini çaltlandyrmak babatda wise-premýere anyk görkezmeler berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-njy ýyllar üçin konsepsiýasyna laýyklykda, 2020-njy ýyla çenli döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 14 sany gaz turbinaly elektrik gaz stansiýasyny gurmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Şolaryň 4-si 2013-2014-nji ýyllarda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ulanmaga berildi.
Şekilleri görkezmek arkaly habar berlişi ýaly, kuwwatlylygy 254 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurulmagy diňe bir Lebap welaýatynyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga Magdanlydaky kaliý, Garlykdaky sement zawodlaryny we sebitdäki suw sorujylary elektrik togy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, şol sanda Owganystana ibermäge-de mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda döwletimiziň goldaw bermeginde häzir hereket edýän elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmaga we täze döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalaryny gurmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, elektrik geçirijileriniň çekilýändigini, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasynyň gurulýandygyny, paýtagtymyzy, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek ulgamynyň täzelenýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-njy ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri barada durup geçip, bu ugurdaky işleri dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi žurnalyny döretmek hakynda kararyň taslamasy barada habar berdi.
Milli Liderimiz hödürlenen kararyň taslamasyna gol çekip, täze döwürleýin neşiriň köpugurly ylmy-maglumat alyşmalaryny ösdürmäge ýardam etjekdigini hem-de dünýä ösüşiniň häzirki zaman gazananlary bilen ysnyşykly gatnaşykda milli binagärligiň ösüşleriniň ugurlaryny kesgitlejekdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow Aşgabat şäherinde 21-nji ýanwarda Türkmen-amerikan işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze çemeleşmeler işlenip taýýarlanylar.
Maslahata gatnaşmak üçin ABŞ-dan uly wekiliýet geler. Wekiliýetiň düzümine girýän iri kompaniýalaryň wekilleri nebitgaz toplumynda, energetika ulgamynda, obasenagat toplumynda, senagatda we gurluşykda, maglumatlar tehnologiýasynda, saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlarynda, ulag we maliýe ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça öz tekliplerini taýýarladylar. Maslahatyň dowamynda senagatda, oba hojalygynda innowasion tehnologiýalar hem-de ykdysady ösüşde maliýe ulgamynyň orny ýaly ugurlarda mowzuklarda çykyşlar göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Bu hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolmagy özara bähbitli işjeň gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Iki ýurduň ykdysady kuwwatyny nazara almak bilen, haryt dolanyşygynyň möçberlerini has-da artdyrmak, amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda işlemeginiň ugurlaryny giňeltmek, bilelikdäki taslamalary, ilkinji nobatda bolsa, ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertler döreýär.
Milli Liderimiz Türkmen-amerikan işewürler maslahatynyň söwda-ykdysady döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde geljekki ädimleri anyklaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, wise-premýere bu işewür çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem «Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň durnukly ösüşiniň bu pudagyň kuwwatynyň barha berkidilýändigine şaýatlyk edýändigini belledi. Döwletimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmekde ulag we aragatnaşyk pudaklaryna uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak meselelerine berk gözegçilik edilmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz döwletimiziň Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almaga we olaryň netijelerini aradan aýyrmaga jogap berýän düzümleriň işini kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigini belläp, degişli karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda 2014-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda geçirilen seljerme işleriniň jemleri barada hasabat berdi. Geçirilen işleriň barşynda düzgün bozulmalar ýüze çykaryldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýol berlen düzgün bozulmalar bilen baglylykda, Baş prokuroryň olary ýüze çykarmak boýunça pudaklarda geçirilýän seljerme işleri barada yzygiderli hasabat berjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, wise-premýerlere gözegçilik edýän welaýatlaryna iş saparyna gidip, ýerinde işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy tabşyrdy. Şol sanda welaýat we etrap häkimleriniň gatnaşmagynda giňişleýin maslahatlary geçirmegiň zerurdygy aýdyldy. Olaryň barşynda sebitlerde geçirilen işleriň netijelerine garamak, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny ara alyp maslahatlaşmak, jenaýatçylygyň derejesini seljermek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we uzak ömür, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.