8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriň netijelerine garady we birnäçe ýolbaşçylaryň işi boýunça anyk çözgütler kabul edildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi. 

Şeýle hem mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we birnäçe pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty netijesinde Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda hil taýdan ýokary ösüşiň, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri, iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirip, täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. 

2016-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunda, jemi içerki önümiň ösüş depgini 106,2 göterime deň boldy. Şol sanda senagat pudagynda 102,4 göterim, gurluşykda 105,5 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 109,9 göterim, söwdada 116 göterim, oba hojalygynda 105,6 göterim, hyzmatlar ulgamynda 110 göterim ösüş depgini gazanyldy. Umuman, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwür bilen deňeşdirilende 103,1 göterim derejesinde üpjün edildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijilerine eýe bolundy. 

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda bölek söwdanyň ösüşi has-da ýokary boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 17,4 göterim artdy. Ilata edilýän hyzmatlaryň, şeýle hem sarp ediş harytlarynyň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenilen çäklerde saklanyldy. Daşary söwda dolanyşygynyň mukdary ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna deň boldy. 

2015-nji ýylyň degişli döwri bilen geňeşdirilende, ortaça aýlyk haklary iri we orta kärhanalar boýunça 9,5 göterim ýokarlandy. 

Iki aýyň jemleri boýunça möhüm maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujeti doly ýerine ýetirildi. 

Ýanwar-fewral aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň ýokary ösüş depgini duýulýar. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105,7 göterime deň boldy. Welaýatlary senagat taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda häzirki döwre çenli 185 desganyň gurluşygy tamamlandy. Olaryň 134-sinde gurluşyk işleri dowam edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça özgertmeler maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçrmek we milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileri saklamak maksady bilen, netijeli çäreleriň amala aşyrylmalydygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz salgyt gullugynda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Ş.Hümmedowa käýinç yglan etdi. Maliýe-ykdysady ulgamyň edaralarynyň işi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, Türkmenistanyň çäklerine getirilýän awtoulag serişdeleri üçin gümrük paşlarynyň möçberini kesgitlemek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada aýtdy. 

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyza awtoulag serişdelerini getirmegiň tertibin kämilleşdirmäge, ekologiýa howpsuzlygy babatda alyjylaryň bähbidiniň goralmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň örän ähmiýetlidigini belläp, “Türkmenistanyň çäklerine getirilýän awtoulag serişdeleri üçin gümrük paçlaryny bellemek” hakyndaky Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň ünsüni bu resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyna çekdi. Hormatly Prezidentimiz içeri işler ministrine kabul edilen resminamany ilat arasynda düşündirmek hem-de onuň ähmiýetini beýan etmek babatda zerur işleri geçrmegi tabşyrdy. 

Soňra Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedow 2016-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Onuň girdeji bölegi 100,3 göterime barabar boldy. Döwlet býujetini maksadalaýyk peýdalanmagyň hasabyna onuň çykdajy böleginiň ýerine ýetirilişi 88,7 göterime deň boldy. Hasabat döwründe býujet serişdeleriniň 77,8 göterimi durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirildi. 

Ministr ýerli býujetiň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, ministr onuň girdeji böleginiň 103,5 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 92,2 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Şu döwürde aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde tölenildi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Balans toparynyň işini kämilleşdirmek hakynda” kabul eden Kararyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Merkezi, pudak we sebit balans toparlarynyň 19 mejlisi geçirildi. Olaryň baryşynda ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň 4-siniň, 25 guramanyň we kärhananyň maliýe we ykdysady ýagdaýlaryna seljerme geçirildi. 

Maliýe ministri Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünlerini degişli derejede ýerine ýetirmek, hem buhgalter hasabatyny hem-de auditi özgertmegiň çäklerinde ätiýaçlandyryş işini we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hem aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiziň we jemgyýetiň ykdysady bähbitleriniň sazlaşygynda maliýe durnuklylygyny, makroykdysady deňeçerligiň üpjün edilmeginde özbaşdaklygyň emele gelmegini, döwlet býujetiniň we milli manadyň durnuklylygyny üpjün etmk meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz býujet kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” rejelenen görnüşinde göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi. 

Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi hasabat döwründe 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,7 göterim ýokarlandy. Maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 51 göterimi önümçilik ulgamyna, 49 göterimi bolsa ykdysadyýetiň önümçilik däl pudagynyň ösdürilmegine gönükdirildi. Iki aýyň dowamynda medeni-durmuş maksatly binalaryň 109-synda, suw-lagym arassalaýjy desgalaryň 23-si, hem ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik düzüminiň desgalarynyň gurluşygy alnyp baryldy. 

“Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň” we “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi hem-de onuň çäklerinde 22 desganyň gurluşyk işlerine başlanandygy, 78 desganyň taslama-çenlik resminamalaryny taýýarlamak we guramaçylyk işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. 

Ykdysadyýet we ösüş ministri kärhanalary we döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Geçirilen işleriň netijeleri boýunça hasabat döwründe umumy bahasy 3,7 million manat bolan 3 desga hususylaşdyryldy. 

Hormatly Prezidentimiz milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, onuň baş wezipesiniň sebitlerde häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän durmuş düzüminiň döredilmeginden, halkymyzyň ýaşaýyş ulgamynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginden ybaratdygyny belledi. 

Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2016-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. 

Hasabat döwründe 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ähli pudaklarda diýen ýaly önümçiligiň ýokary ösüş depginleri üpjün edildi. Iki aýyň jemleri boýunça elektrik energiýasyny öndürmekde ösüş depgini 102,2 göterime, gaz çykarmakda ösüş depgini 102,9 göterime, nebit çykarylyşynda bolsa 101,9 göterime, suwuklandyrylan gazy öndürmekde ösüş depgini 101,5 göterime, çalgy ýaglaryny öndürilişiniň ösüş depgini 102,9 göterime, polipropilen önümdürmekde ösüş depgini 101 göterime, nebit koksunyňky 100,4 göterime, nebit bitumyny öndürmekde ösüş depgini 112,5 göterime, plastmas we aýna süýümli turbalary önümdürmekde ösüş depgini 100,3 göterime, mineral dökünleri önümdürmekde ösüş depgini 112 göterime, ýod önümçiliginiň ösüş depgini 100,4 göterime, sementiňki 108,3 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň ösüş depgini 103,6 göterime, demir önümleriniň ösüş depgini 101,5 göterime, pagta süýüminiňki 100,3 göterime, nah matalaryň önümçiliginiň ösüş depgini 102,9 görerime, lukmançylyk önümleriniň ösüş depgini 109 göterime, un öndürilişiniň ösüş depgini 103,4 göterime barabar boldy. 

Oba hojalygynda oňyn netije saklandy. Şeýlelikde, 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk önümleriniň köp görnüşleriniň, hususan-da, etiň, sýüdüň, ýumurtganyň hem-de gök önümleriň ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Şu ýylyň 1-nji martyna çenli bolan ýagdaýa görä gara mallaryň, dowarlaryň we guşlaryň baş sany artdy. 

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk pudagynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, hasabat döwründe 3,4 milliard manada barabar bolan gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilendigini, munuň bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,5 göterim ýokarydygyny belledi. 

Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşamagyň ösüş depgini 2,6 göteriim ýokarlandy. 

Iki aýyň dowamynda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, ulag, oba hem-de suw hojalygy, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, azyk we ýeňil senagaty ýaly iri pudaklarda, medeni-durmuş hem-de inženerçilik maksatly birnäçe desgalarda gurluşyk hem-de abatlaýyş işleri alnyp baryldy. Mundan başga-da milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ösdürilmgine gönükdirilen giň möçberli çäreler geçirildi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, öňde durýan maksatlar we durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm wezipeler babatda resmi statistika maglumatlaryň örän ähmiýtlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz statistik gözegçiligi geçirmegiň usullaryny kämilleşdirmek, statistiki görkezijileri talabalaýyk guramak, onuň işiniň halkara ölçeglerine laýyk gelýän usullaryny üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işine nägilelik bildirip, bu düzümiň ýolbaşçysy A.Mämmedowy işde goýberen kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy. 

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň bank ulgamynyň edaralarynyň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasabyna gelip gowşan walýuta serişdeleriniň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň maliýe edaralarynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz milli bank ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz maliýe hasabatynyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirkizaman usullaryny ulanmak arkaly ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli görkezijilerine seljermeleriň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Hojamämmedowa ýüzlenip, şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda görkezijileriň, umuman erbet bolmandygyny belledi. Ýöne muňa garamazdan, heniz üstünde işlemeli, çözülmeli köpsanly meseleleriň badygyny belläp, döwlete degişli kärhanalary hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depgini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak işlerinde kemçilikleriň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň iki aýynda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. 

2016-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň garamagyndaky hojalyk hasaplaşygyna degişli kärhanalar we guramalar tarapyndan öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň meýilnamasyny 104,3 göterim ýerine ýetirdiler. 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 112,1 göterime deň boldy. 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 122,4 göterim berjaý edilip, öndürilen önümiň, ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň jemi möçberi 26 million 916 müň manada deň bolup, ösüş depgini 105,7 göterime ýetirildi. 

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň edaralary önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamany 124,5 göterim ýerine ýetirip, oňat netijeleri gazandylar, şunda şu ýylyň iki aýynda ösüş depgini 109,2 göterime ýetirildi. 2016-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyz boýunça 4 milliard 51 million 716 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi. Onuň eksporta iberilýän möçberleri 617 million 843 müň kilowat-sagada ýetirildi. Bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ösüş depgini 108,1 göterme deň boldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, öndürilen önümiň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 102,4 göterim berjaý edildi, ösüş depgini 103,9 göterime ýetirildi. 

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýlnamasy 104,4 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini geçen ýylyň iki aýy bilen deňeşdirilende 107,9 göterim derejede üpjün edildi. 

Wise-premýer Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli işler barada hasabat bermek bilen, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň barha özgerdýändigini we gözelleşýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, arassaçylygy berjaý etmek, ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň baş şäheriniň ekologiýa derejesini ýokarlandyrmak boýunça ähli degişli düzümleriň utgaşykly işini göz öňünde tutýan ýörite iş maksatnama taýýarlanyldy. Paýtagtymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň aýdyň mysaly bolup durýar. Şunda Aşgabatda bina edilen ähli desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak hem-de olaryň ýokary hilini berjaý etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň işine berk gözegçiligi üpjün edip, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barlyşyna ilkinji derejeli üns bermegi tabşyrdy, çünki paýtagtymyz okgunly ösýän özygtyýarly Türkmenistanyň özboluşly nyşanydyr. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen işleriň jemleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. 

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, degişli döwürde ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça geçirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 114,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 103,3 göterime deň boldy. 

Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 125,4 göterim berjaý edildi. Bu görkeziji ýük dolanyşygynda 100,9 göterime, ýolagçy gatnatmakda 107,8 göterime barabar boldy. 

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 107,5 göterime, ýük dolanyşygynda hem-de ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 100,5 göterime we 101,8 göterime deň boldy. 

Ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 108,1 göterime deň boldy. Degişli döwürde ýurdumyzda ilatyň ösen isleglerini kanakatlandyrmak maksady bilen 86,6 müň, şol sanda 78 müň öýjükli telefon belgileri we 7,6 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 181 göterim ýerine ýetirildi. Geçen döwürde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde 5 müň 248 telefon belgilik beketler gurnaldy we 403 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi. 

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýanwar-fewral aýlary boýunça awiahyzmatlary ýerine ýetirmekde 113,5 göterim ösüş gazanyldy. Bu görkeziji ýük we ýolagçy dolanyşygynda degişlilikde 110,4 göterime we 101,3 göterime deň boldy. 

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 108,6 göterime ýetirildi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginde öňde goýlan ähli wezipeleriň çözgüdine oýlanyşykly, häziki zaman meýillerini hasaba alýan çemeleşmeleriň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň çäklerinde yklymyň söwda ýollarynyň örän möhüm çatrygynda kuwwatly üstaşyr geçelgesiniň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, muňa häzirki wagtda çekilen we gurulmagy meýilleşdirilýän demir hem-de awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometriniň hem-de täze gurulýan deňiz we howa menzilleriniň we olaryň öň bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň hem aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen öňdebaryjy tejribeleri, peýdaly innowasiýa işläp taýýarlamalary alyşmagyň zerurdygyny nygtap, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň okgunly ösüşini üpjün etmegiň möhümdigini aýratyn belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berdi. 

Soňra Türkmenistanyň demirýol ulaglary ministri B.Annameredow pudakda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmak babatda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, bu ulgamda möhüm taslamalary amala aşyrmagyň barşy, transmilli ýollaryň mümkinçiliklerini peýdalanmak hem-de sebit we sebitara daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. 

Hususan-da, ministr 29-njy fewralda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, EýranYslam Respublikasynyň we Gruziýanyň demirýol hem-de deňiz ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bäştaraplaýyn duşuşygynyň netijeleri hakynda hasabat berdi. Bu duşuşyk “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgesini ösdürmek, üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak, gümrük kadalaryny kesgitlemek ýaly meselelere bagyşlandy. 

Şeýle hem ýakynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginiň,“MK “Kazakstan temir joly” paýdarlar jemgyýetiniň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýollarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygynyň netijeleri barada hasabat berildi. Bu duşuşygyň çäklerinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly boýunça goşmaça ýük akymlaryny çekmek boýunça çäreler ylalaşyldy. Şeýle hem Hytaýdan Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana yzygiderli konteýner ýük daşamalaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň fewralynda bu ugur boýunça amala aşyrylan synag gatnawy onuň zerurdygyny tassyklady. 

Milli Liderimiz içerki we dünýä bazarlaryna harytlaryň çalt we netijeli ýetirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän ulag ulgamynyň bolmagynyň ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň, önümçilik-tehniki binýadyny berkitmegiň esasy şertleriniň biridigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli logistika strategiýasyny amala aşyrmakda we ony halkara ulag-kommunikasiýa düzümine netijeli ornaşdyrmakda iş depginlerini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip wekilçilikli duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow demirýol pudagyna täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, onuň işini dolandyrmak hem-de guramak babatda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde 2016-njy ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 115,8 göterime deň boldy. Ministrligiň kärhanalary boýunça peýdanyň ösüş depgini 118,6 göterime barabar boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi ABŞ-nyň 662,69 müň dollaryna deň boldy. Hasabat döwründe kärhanalar tarapyndan 39,7 million manat maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. 

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar-fewral aýlarynda birža söwdalarynyň 40-sy geçirilip, 4,2 milliard manatlykdan gowrak bahasy bolan 2172 şertnama hasaba alyndy. Eksport we import şertnamalarynyň umumy bahasy 2,4 milliard manatdan, gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy bolsa 1,1 milliard manatdan gowrak boldy. Hasabat döwründe 6,1 million manatlyk maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 73,1 göterim ýokarydyr. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 100,5 göterime deň boldy. Girdejiler boýunça meýilnama 128 göterim ýerine ýetirildi. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe senagat önümleriniň möçberleri 27,4 göterim, oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişi 9,6 göterim ýokarlandy. Gurluşyk-gurnama işleriniň ösüş depgini 100,9 göterime, söwda-haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 118,9 göterime, hyzmat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini bolsa 121,5 göterime deň boldy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň sazlaşykly ösüşi, onuň ýurdumyzyň we sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine goşýan goşandynyň pudaklaýyn ýagdaýlaryň sazlaşygyna maksatnamalaýyn çemeleşmeleri talap edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport kuwwatyny artdyrmak meselelerinde maglumat-seljeriş üpjünçiliginiň wajypdygy bellenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sarp ediş isleglerine yzygiderli gözegçilik etmegiň, içerki we daşarky bazarlara täsiri bolan ýagdaýlary öwrenmegiň zerurdygyny belläp, halkara işewür gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, daşary ýurt maýalaryny çekmek arkaly maýa goýum taslamalaryny höweslendirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy A.Işanow guramaçylyk we söwda işleri, gündelik görkezijileri bilen bagly meseleler boýunça hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işinde bar bolan kemçilikleri aradan aýryp, düzümiň işini halkara ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň guralyşyna tankydy bellikleri aýdyp, goýberilen kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleri görmegi talap etdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we 2016-njy ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 110,3 göterime, şol sanda sementiň öndürilişi boýunça bu görkeziji 108,3 göterime, magdan däl serişdeleriňki 114,1 göterime, keramzitiň we demirbeton gurnamalaryň önümçiliginiň ösüş depgini degişlilikde 100,1 göterime we 102,8 göterime deň boldy. 

Türkmenistanyň Dokma sengagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň ösüş depgini 107,1 göterime, şol sanda nah ýüplükleriň önümçiliginiň ösüş depgini 100,3 göterime hem-de matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 102,9 göterime, tikin we taýýar örme önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini 113,4 göterime, aýakýap hem-de gön önümçiligi boýunça ösüş depgini degişlilikde 100,2 göterime we 100 göterime barabar boldy. Dokma önümlerini ýerlemekden gazanylan girdejiniň mukdary 9,4 million manada deň boldy. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 100,1 göterime deň boldy. Pudagyň kärhanalarynda 6,5 müň inedördül metrden gowrak haly we haly önümleri dokaldy. Şunda ösüş depgini 100,1 göterim derejesinde berjaý edildi. 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe mineral dökünleriň öndürilişi boýunça ösüş depgini 112 göterime, tehniki ýoduň önümçiliginiň ösüş depgini 100,4 göterime, tehniki uglerodyň önümçiliginiňki 100 göterime, natriý sulfatynyň öndürilişiniň ösüş depgini 109,3 göterime barabar boldy. Pudak boýunça jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 133,3 göterime deň boldy. 

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önümçiligiň ösüş depgini 140,9 göterime deň boldy. Şol sanda balyk awlamagyň ösüş depgini 105,5 göterime, balygy gaýtadan işlemek we konserwirlenen önümleri öndürmek boýunça ösüş depgini 102,9 göterime barabar boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat önümçiligini doly döwrebaplaşdyrmak işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Olar täze tehnologiýalaryň binýadynda ýurdumyzyň maddy çig-mal seişdelerini netijeli peýdalanmak, dünýäniň senagat pudagyndaky makroykdysady görkezijilerini öwrenmek arkaly ösdürilmelidir. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýurdumyzyň senagat pudagynyň ýokary bäsdeşlige ukyply derejä çykmagyna, daşarky we içerki bazarda bäsdeşlige ukyply önümleriň üpjün edilmegine ýardam etjekdigini belläp, wise-premýere bu babatda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda 2016-njy ýylyň iki aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. 

Ýanwar-fewral aýlarynda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň golýazmalarynyň 179-synyň taýýarlanylandygy hem-de çapa berlendigi, olardan 29-synyň neşir edilendigi bellenildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi” we “Türkmen diliniň orfografik sözlügi” neşir edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ylmy neşirleriň häzirki zaman dil bilimini, söz baýlygyny öwrenmekde alymlar, mugallymlar, talyplar, döredijilik işgärleri üçin gymmatly gollanma bolandygy bellenildi. 

Fewral aýynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly okuw dersleri boýunça we taslama bäsleşikleriniň Aşgabat şäher hem-de welaýat tapgyrlary geçirildi. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallaryň 5-sine eýe boldular. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlary tarapyndan birnäçe gurluşyk, önümçilik ähmiýetli taslamalar işlenip düzüldi hem-de önümçilige ornaşdyryldy. 

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 7 desgada gurluşyk işleri alnyp baryldy. Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 110 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden alnan girdeji115 göterim, derman önümçiliginde 109 göterim, gyzyl pulda alnan girdejiniň möçberi 101,9 göterim artdy. 

Wise-premýer syýahatçylyk pudagynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýdyp, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdejiniň 103,5 göterime barabar bolandygyny, gyzyl pulda gelip gowşan girdejiniň möçberiniň 102,2 göterim artandygyny habar berdi. Hasabat döwründe 16 müň 504 syýahatça hyzmat edildi we geçen ýylyň şu döwrüne garanyňda 101 göterim ösüş gazanyldy. 

Wise-premýer sport ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň 25-nji fewralda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynyň ähmiýetini nygtady. Häzirki wagtda Aziada-2017-ä türgenleri taýýarlamak we oňa daşary ýurtly hünärmenleri çekmek, Olimpiýa desgalarynda halkara synag ýaryşlaryny geçirmek, Baş meýilnamanyň ugurlary boýunça işleri dessin meýilnamalaşdyrmak we ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt kompaniýasyny çekmek hem-de beýleki ugurlar boýunça işleri alyp barmak babatda düýpli çäreler görülýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 25-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, 5-nji aprel -5-nji maý aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň meýilnamasyny ýerine ýetirmek, şol sanda 7-nji aprelde welosiped boýunça köpçülikleýin ýörişleri geçirmek, 5-nji maýda bolsa V Aziýa oýunlaryna 500 gün galanda dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda jemi 34 içerki ýaryşyň we 19 köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilendigi habar berildi. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 19-syna gatnaşdylar we jemi 43 medal, şol sanda 16 altyn, 13 kümüş we 14 bürünç medal gazandylar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň hem-de ýurdumyzda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmegiň, pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurlarda yzygiderli hem-de toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny aýdyp, bu meselede hem halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň möhümdigini belledi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýuzlenip, milli ykdysadyýeti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň aýry-aýry edaralaryň gurluşyny döwrebaplaşdyrmagyny talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylsykda döwlet Baştutanymyz Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini M.Ýazmuhammedowanyň gözegçilik edýän ulgamynyň düzümine geçirmek baradaky çözgüde gelnendigini aýtdy. Medeniýet ministrligi bilen Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bir ulgamyň düzüminde işlär. Bu bolsa, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin oňyn şertleri döreder. Ýurdumyzda ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärliklere barýan syýahatçylaryň sanyny has-da artdyrmaga ýardam eder. Beýleki tarapdan bolsa, munuň özi türkmen halkynyň medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we degişli Karara gol çekdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hasabat döwründe döwlet baýramçylyklaryna, milli senenamamyzyň şanly senelerine hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyşyna bagyşlanan dürli medeni çäreleriň 7 müňden gowragynyň geçirilendigini bellenildi. 

Hasabatda halkara ähmiýetli wakalaryň birnäçesi, şol sanda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde geçirilen çäreler, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet günleri barada aýdyldy. Medeniýet ulgamlarynyň işgärleri dürli çäreler gatnaşmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, Birleşen Arap Emirliklerinde, Hindistanda, Gazagystanda, Belarusda we beýleki ýurtlarda iş saparlarynda boldular. 

Häzirki wagtda birnäçe döwletde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini we şeýle çäreleri ýurdumyzda guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, teatrlaryň, kitaphanalaryň we beýleki medeni edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär. Ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşmak üçin muzeýlere gelip görýänleriň sany ep-esli artdy. 

Neşirýat-çaphana işi kämilleşdirilýär. Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň umumy sany 1 million 171 müň 399 nusgalykdaky 61 görnüşi çap edildi. Meýilnama 130,2 göterim ýerine ýetirildi. 

Ýapyk binalarlda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde syýahatçylyk kitapçalaryny, ýolgörkezijileri we dürli sözlükleri çap etmek işleri alnyp barylýar. 

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda geçirilýän dabaralar, çäreler baradaky habarlary öz wagtynda halka ýetirmek hem-de ýaýlyma goýberilýän gepleşikleriň ýokary hilli bolmagy ugrunda işler alnyp barylýar. Türkmen telewideniýesiniň hünärmenleri halkara maslahatlara gatnaşmak, täze tehnologiýalar babatda iş tejribesini öwrenmek maksady bilen daşary ýurtlarda bolup geldiler, şeýle hem olar türkmen türgenleriniň gatnaşmagyndaky ýaryşlary milli telewideniýede beýan etmek üçin daşary döwletlerde iş saparlarynda boldular. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyklykda hem-de bu ulgamlarda dünýäde gazanylanlary nazara almak bilen, medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu barada birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew 2016-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Tutuşlygyna alnanda, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 102,6 göterime deň boldy. Şunda, Oba se suw hojalygy ministrligi boýunça bu görkeziji 101,2 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça ösüş depgini 107,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 107,1 göterime, şeýle hem “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 125,1 göterime deň boldy. 

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, unuň öndürilişi 3,4 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 1,4 göterim, süýdüň öndürilişi 2,9 göterim, etiň öndürilişi bolsa 2,3 göterim artdy. Obasenagat toplumynyň ministrlikleri we pudak edaralary maýa goýumlary özleşdirmek baradaky meýilnamany 164,5 göterim ýerine ýetirdiler. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, pudaklarda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, obasenagat toplumynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, gaýtadan işleýänleriň we hyzmat düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. 

Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ak ekinlere zerur bolan agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi, ösüş suwunyň tutulyşy, şeýle hem ak ekinleri iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, gowaçanyň we gök ekinleriň ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik we ýurdumyzyň eksport harytlarynyň mukdaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu maksatnamalaryň çäklerinde her welaýatda dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanalaryň gurluşygy üçin ýer böleklerini bermek hakyndaky çözgüdiň kabul edilendigini aýdyp, bu ugurda ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat bermek üçin welaýatlaryň häkimlerine we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna söz berdi. 

Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, ýylyň ähli paslynda dürli görnüşli gök önümleri ösdürip ýetişdirmekde möhüm ähmiýeti bolan ýyladyşhanalaryň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde ýyladyşhanalar toplumynyň gurluşygyna dahylly düzümler bilen bilelikde sazlaşykly işleri ýerine ýetirmek boýunça ýörite maksatnama taýýarlanyldy. 

Oba we suw hojalyk ministri N.Sapardurdyýew ýurdumyzda ekerançylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, ýyladyşhanalaryň gurluşygynyň barşy, ýer böleklerini bermek meseleleriniň çözülişi, desgalaryň suw üpjünçiligi barada hasabat berdi. 

Ýyladyşhana hojalygynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň innowasion pudaklarynyň biri bolmalydyr, çünki işiň şu görnüşiniň amala aşyrylmagy netijesinde pudakda importuň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýetişdirilýän gök önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ekerançylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we düşewüntliligini ýokarlandyrmak maksady bilen ýyladyşhanalary gurmaga degişli hökümet tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi babatda olaryň işine düýpli nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu mesele boýunça bar bolan ähli materiallary Baş prokuratura geçirýändigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewe bu maglumatlary seljermegi hem-de olar boýunça hasabat bermegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýakyn wagtda welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleriniň ýerine ýetirilen işler, ilkinji nobatda bolsa, Oba milli maksatnamasynyň, şeýle hem ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berjekdiklerini aýtdy. Milli Liderimiz welaýat hem-de etrap häkimlerine bu ugurda alyp baran işleriniň netijelerine görä baha beriljekdigini belledi. 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet Baştutanymyza şu ýylyň başyndan bäri milli parlament tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler hem-de welaýatlara amala aşyrylan iş saparlarynyň jemleri barada habar berdi. 

Degişli döwürde Mejlisiň bir maslahatynyň geçirilendigi, onda Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna hem-de türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen kanunçylyk taslamalarynyň 17-sine garalandygyny we kabul edilendigi hem-de Mejlisiň kararlarynyň 21-sine garalandygy hem-de kabul edilendigi bellenildi. Häzirki wagtda pudak edaralarynyň hünärmenleriniň we wekilleriniň gatnaşmagynda işçi toparlarynda birnäçe kanunçylyk taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýr. 

Mejlisiň deputatlary sebitlerde iş saparlarynda bolup, durmuş ähmiýetli döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, adamlaryň durmuşy bilen tanyşdylar. Olar ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hem-de öz saýlawçylary bilen hemişelik aragatnaşyk saklap, köp sanly durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine ýardam berýärler, şeýle hem dürli jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýarlar. Ilaty kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmuny bilen habardar etmek çäreleri yzygiderli geçirilýär. 

Mejlisiň halkara derejesinde alyp barýan işleri barada aýtmak bilen, parlamentiň ýolbaşçysy ýylyň başyndan bäri daşary döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklaryň geçirilendigini, Mejlisiň agzalarynyň kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen, halkara okuw maslahatlaryna gatnaşandyklaryny, şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýän iş saparlarynyň guralandygyny belledi. 

Türkmen wekiliýeti Awstriýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisiniň 15-nji duşuşygyna gatnaşdy. Saparyň çäklerinde Awstriýanyň Milli Geňeşiniň ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Ilkka Kanerwa bilen duşuşyklary geçirildi. Türkmen wekiliýeti Syýasy we howpsuzlyk meseleleri, ykdysady, ylym, tehnologiýa hem-de daşky gurşaw we demokratiýa, adam hukuklary hem-de ynsanperwer meseleleri boýunça komitetleriň bilelikdäki mejlisine gatnaşdy. Ykdysady meseleler, ylym, tehnologiýa we daşky gurşaw boýunça umumy komitetiň mejlisinde edilen çykyşda Türkmenistanyň Assambleýanyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary beýan edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylygy kämilleşdirilmeginiň demokratik hukuk we dünýewi döwleti kemala getirmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň, jemgyýetiň hem-de döwletiň has möhüm ulgamlarynyň ösdürilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de goramak babatynda işleriň amala aşyrylmagy üçin zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, deputatlaryň ýerlerde işjeň çäreleri geçirmeginiň zerurdygy bellenildi. 

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Amannepesowa ýüzlenip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi we bu ulgamyň ösüşine Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, döwlet derejesinde ähmiýet berlendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň, täze “Saglyk” döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ilata ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, ýaş lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda daşary ýurtlarda iş tejribesini geçmek arkaly olaryň hünär derejesini kämilleşdirmek, kesellemegiň öňüni almak maksady bilen netijeli çäreleri geçirmek, şeýle hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy we amaly binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy G.Mezilowa ýüzlenip, oba hojalyk, energetika, seýsmologiýa, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak boýunça işjeň ylmy-barlag işleri geçirmek, daşary ýurt ylmy merkezleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy işleri, şol sanda tejribe-amaly çärelerini işjeňleşdirmegiň ähmiýetini belläp, olaryň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmekde, häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz milli ylmyň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagynyň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Tehnologiýalar merkeziniň iri halkara ylmy merkezleri, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna we jemgyýetiň durmuşyna täzeçil usullary ornaşdyrmakda öňde barýandyklaryny belläp,Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysynyň ýakyn wagtda Ýaponiýa boljak iş saparynyň türkmen alymlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen barha işjeňleşýän gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde, öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak ulgamynda tejribe alyşmakda ähmiýetli boljakdygyny aýtdy. 

Degişli makalalar

Ýaşajyk Zehinleriň 56-sy Gulbaba Adyndaky Baýraga Mynasyp Boldular

turkmenhabargullugy

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy

syrach

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra Güni Mynasybetli Çärelere Gatnaşdy

turkmenhabargullugy