Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, öňde boljak çäreleriň maksatnamasyna garaldy, şeýle hem birnäçe resminama kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny üpjün etmek babatda işleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu Tertibe laýyklykda, dürli çäreleriň geçirilmegi, şol sanda zähmetiň goralmagyna gözegçilik etmek, betbagtçylykly hadysalaryň öňüniň alynmagyna gözegçiligi üpjün etmek boýunça çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, zähmetiň goralmagyny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň, işde işgärleriň saglygyny goramaga gönükdirilen öňüni alyş çäreler ulgamyny döwrüň talabyna we halkara ölçeglerine laýyk getirmegiň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz önümçilikde adamyň zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meseläniň möhümdigini belläp, Karara gol çekdi hem-de wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatda her ýylyň iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde dabaraly bellenilýän ýurdumyzyň Dokma senagatynyň işgärleriniň gününe taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Baýramçylyk günleri, 4—5-nji iýun aralygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagatynyň innowasion ösüşine bagyşlanan halkara sergi guralar. Sergide Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň öndürýän dürli önümleri görkeziler, şeýle hem daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň — dünýäniň 11 ýurdundan kompaniýalaryň 50-ä golaýy bu ulgamda täze işlerini we hyzmatlaryny hödürlär.
Sergi biziň myhmanlarymyzy bu pudakda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrar, hyzmatdaşlar bilen möhüm işewür duşuşyklary geçirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berer. Forumyň maksatnamasynda türkmen we daşary ýurtly bezegçileriň taýýarlan lybaslarynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutuldy. Şeýle hem ýurdumyzyň dizaýnerleriniň arasynda “Çeper eller” atly bäsleşik geçiriler. Bäsleşige dokma kärhanalarynyň dizaýnerlerinden başga, ýurdumyzyň modalar öýleriniň tikinçi dizaýnerleri hem gatnaşar. Bäsleşigiň ýeňijisine “Ýylyň dizaýneri” diýen ady dakmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ägirt uly eksport kuwwatyna eýe bolan dokma senagatynyň ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň üstünlikli senagatlaşdyrylmagy netijesinde pudagyň önümçilik düzümi düýpli döwrebaplaşdyryldy. Bu işler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2016-njy ýyla çenli we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin döwlet maksatnamalarynda, welaýatlary senagat taýdan ösdürmegiň meýilnamalarynda göz öňünde tutulan pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipelerine laýyklykda amala aşyryldy.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen we ýokary hilli önümleri çykarýan täze dokma toplumlary hem-de kärhanalar guruldy, täze tehnologiýalaryň esasynda hereket edýän fabrikleriň durky toplumlaýyn täzelendi hem-de gaýtadan enjamlaşdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, milli dokma harytlarynyň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak üçin häzir olary döwlet derejesinde goldamak boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini üpjün edýär diýip, milli Liderimiz bu ugurda gazanylan ösüş depginlerini saklamagyň möhümdigini belledi. Bu işler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de türkmen harytlaryny daşary ýurtlara ugratmak boýunça döwlet maksatnamalarynda geljegi uly bolan ugurlary yzygiderli ösdürmek we giňeltmek bilen şertlendirilendir.
Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli bu şanly senäniň nyşany ýerleşdirilen dokma önümlerini çykarmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Dokma senagatynyň işgärleriniň hormatyna geçiriljek baýramçylyk dabaralary barada aýtmak bilen, pudagyň işgärleriniň ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmäge, bazary ýokary hilli dokma önümleri bilen doldurmaga uly goşant goşýandygyny aýratyn belledi hem-de baýramçylyga gabatlanan ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, häzirki wagtda gögeriş gazanylan gowaçanyň hatar aralaryny bejermek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, galla kabul ediş bölümleri hem-de tehnikalar däne oragy möwsümine taýýarlanylýar.
Wise-premýer şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şol mejlis Türkmenistanyň 2015—2016-njy ýyllarda bu komissiýa ýolbaşçylyk etmeginiň çäklerinde 24—26-njy maýda Aşgabatda geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyň döwrüň wajyp wezipelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny döredijileriň biri bolmak bilen, bu babatda sebitiň döwletleriniň hem-de iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ekologiýa we suw-energetika meselelerine, ählumumy durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin şertleri üpjün etmäge degişli halkara başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şol başlangyçlaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi — işlemegi üçin türkmen tarapynyň Aşgabatda zerur bolan düzümi döretmäge taýýar bolan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň suw strategiýasyny işläp düzmek başlangyçlary bar.
Döwlet Baştutanymyz Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň häzirki mejlisiniň gün tertibine çykarylan meseleleriň wajypdygyny belläp, forumyň zerur bolan guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, bugdaý oragyny öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek boýunça çäreleriň tutuş toplumyny üpjün etmegi talap etdi. Milli Liderimiz şeýle hem bereketli hasyl almak maksady bilen, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine hemme agrotehniki çäreleri öz möhletinde ýerine ýetirmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Germaniýa Federatiw Respublikasynda «Türkmenistan—Germaniýa: innowasiýa tehnologiýalarynyň güni» atly çäräni geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
31-nji maýda geçiriljek işewür duşuşygyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda, şol sanda resminamalar dolanyşygyny we buhgalter hasabyny ýöretmegi awtomatlaşdyrmak, önümleri satyn almagy, önümçilik amallaryny, ylmy-barlag taslamalaryny dolandyrmak boýunça ulgamlarda dünýäniň kompýuter programmalar üpjünçiligi boýunça öňdebaryjy “SAP SE” german kompaniýasynyň işi bilen tanyşmak göz öňünde tutulýar.
Türkmen tarapyndan bu çärä önüm öndüriji pudaklaryň, ulag we aragatnaşyk, ykdysadyýet, bank ulgamlarynyň wekilleri, ylym we bilim ulgamynyň hünärmenleri hem-de Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşar. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu çäräniň iş meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki Innowasiýa tehnologiýalar gününi ýokary derejede guramak barada anyk görkezmeleri berip, bu ikitaraplaýyn işewür duşuşygyň esasy maksadynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdan hem-de önümçiligi ösdürmäge, ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň işini hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýän işläp taýýarlamalar ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ybaratdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle halkara ähmiýetli çäreleriň wajypdygy barada aýdyp, olaryň ýurdumyzyň pudaklarynyň we kärhanalarynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, olaryň türkmen ykdysadyýeti üçin ileri tutulýan ugurlarda eksport we innowasion kuwwatyny artdyrmaga ýardam etmelidigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Hyundai New Super Aero City» kysymly awtobuslary satyn almak hakyndaky» kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwründe raýatlarymyza we myhmanlara jemgyýetçilik ulaglarynyň täze görnüşleri bilen ýokary hilli awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan Ýewro-4 ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän şäheriçi awtobuslaryň 500-sini satyn almak boýunça işleriň geçirilendigini habar berdi. Şol awtobuslaryň 4-si mümkinçiligi çäkli adamlary gatnatmak üçin niýetlenendir.
Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Balkan welaýatynda gurulýan dürli maksatly binalary ulanmaga bermek hem-de täze desgalaryň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Gatnaşyklaryň toplanan uly tejribesi hem-de köpugurly kuwwaty şol hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň bu gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady we «Hyundai New Super Aero City» kysymly awtobuslary satyn almak hakyndaky» Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyny ösdürmek baradaky meselelere ünsi çekip, desgalary gurmagyň ähli tapgyrlarynda, taslamalary seljermekden başlap, binagärlik-gurluşyk we inženerçilik çözgütlerine tehniki gözegçilige çenli gurluşyk işleriniň hilini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa 24—27-nji maýda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly ýurda düzüminde medeniýet işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungat ussatlary ugradylýar. Buharestde hem-de Ýassy şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti we duşuşyklar, şol sanda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginde duşuşyk geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günlerini, onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görkezmeleri berip, milli ruhy mirasy, täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmakda bu çäräniň ähmiýetine ünsi çekdi.
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen öz gatnaşyklaryny ynsanperwer gymmatlyklarynyň esasynda guraýar. Döwlet Baştutanymyz hut şol gymmatlyklaryň syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy üçin amatly ýagdaýy döretmekde, döwletimiziň bütin dünýädäki abraýyny belende galdyrmakda kesgitleýji orun eýeleýändigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 25-nji maýda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň guraljakdygyny habar berdi. Dabaralar paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna wekilçilik etjek uçurymlaryň gatnaşmagynda Aşgabatda Garaşsyzlyk we Konstitusiýa binalaryna gül desselerini goýmak çäresinden başlanar.
Şu ýyl Watanymyzyň ähli mekdeplerinde “Soňky jaň” dabarasy “Berkarar döwletimizde mirasyma sarpa bar, nesilleriň buýsanjy, şöhrat Size, Arkadag!” şygary astynda geçiriler. Şol gün mekdep uçurymlary üçin paýtagtymyzyň ajaýyp ýerlerine we medeni merkezlerine — “Arkadag”, “Ak şäherim Aşgabat” binalaryna hem-de “Nusaý” taryhy-medeni döwlet goraghanasyna we beýleki ýerlere gezelençler guralar.
Agşam “Arkadag” seýilgähinde Aşgabat şäheriniň güni hem-de 2015—2016-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçiriler. Dabarada hormatly Prezidentimiziň Gutlagy okalar. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan dabara gatnaşýan göreldeli uçurymlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşurylar. Şanly waka mynasybetli sungat ussatlarynyň konsertlerini hem-de Magtymguly şaýolunyň ugrunda baýramçylyk gezelenjini guramak meýilleşdirilýär. Şol gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde hem uly dabaralar geçiriler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow orta mekdepleriň uçurymlary üçin “Soňky jaň” gününiň täze, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny alamatlandyrýandygyny belledi. Häzirki döwürde biziň ýaşlarymyz, olaryň ukyplaryny we zehinlerini ýüze çykarmagy, geljekki hünärini seçip almagy, döwrebap bilime eýe bolmagy, dünýägaraýşyny yzygiderli giňeltmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn bilim almaga hem-de diňe bir Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde däl, eýsem, dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde hem dürli hünärlere eýe bolmaga mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çärelerini guramaga we geçirmäge döredijilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz ajaýyp pursatlara hem-de iň nurana umytlara beslenen bu baýramçylyk gününiň uçurymlaryň ýadynda hemişelik galmagy, ýaşlarymyzy durmuşyň täze möhüm tapgyryna ynamly gadam basmaga, seçip alan hünärlerine eýe bolmaga hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrmagy üçin ähli tagallalary etmegiň wajypdygyny aýtdy we wise-premýere ähli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren görkezmeleri we tabşyryklary bilen baglylykda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda işlenip taýýarlanylan kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady has-da abadanlaşdyrmaga örän uly üns berilýändigini ýene-de bir gezek nygtap, paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň esasy ileri tutulýan ugrunyň geljek üçin niýetlenen şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, adamlaryň oňaýly ýaşaýyş-durmuşy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin hemme zerur şertleri döretmek bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleriň çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy talap edip, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, bu resminamanyň ýerine ýetirilmegi babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen, Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogaryň döwletleri, şol sanda BAE bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu strategiýa umumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklara ilkibaşdan okgunly, birek-birege hormat goýmak we netijeli häsiýet mahsus bolup durýar.
Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän saparlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwletara gatnaşyklar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär, geçen ýyllaryň içinde işlenip taýýarlanan kadalaşdyryjy-hukuk namalary munuň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Şeýle hem Türkmenistan we BAE abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde işjeň gatnaşyklary saklaýarlar.
2011-nji ýylda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitet döredildi. Ol netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täsirli guraly bolup durýar. Häzirki wagtda bu komitetiň 1—2-nji iýunda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär. Duşuşygyň gün tertibine ýangyç-energetika toplumy, senagat we ulag ulgamlary, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, maliýe-bank ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri girizildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, BAE Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar, munuň özi ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagy bilen tassyklanýar.
Biziň ýurdumyz geljekde hem Birleşen Arap Emirlikleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň mejlisine taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berip, degişli düzümiň işleri häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljegi uly bolan täze ugurlara çykarmaga ýardam etmelidir hem-de anyk netijäni ugur edinmelidir diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň türkmen tarapynyň düzümini tassyklady. Ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri baradaky habar bilen Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş etdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda täze Kanunlaryň taslamalarynyň 20-ä golaýyny hem-de ilatdan gelip gowuşýan teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk gurluşyny tertipleşdirmek we kämilleşdirmek babatda teklipleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, tutuş milli kanunçykaryjylyk ulgamynyň işini gowulandyrmak, demokratik institutlary kämilleşdirmek biziň ösüşimiziň möhüm şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işlerinde hukuk ulgamynda halkara tejribä hem-de umumy kabul edilen dünýä ölçeglerine bolşy ýaly, milli aýratynlyklara hem-de häzirki zaman türkmen döwletini we jemgyýetini ösdürmegiň esasy wezipelerine daýanmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz kanunçykaryjylyk işinde giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň zerurdygyny nygtap, parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigine ünsi çekdi. Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.