Belarusuň paýtagtynda üstünlikli geçen Türkmenistanyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady. Mälim bolşy ýaly, serginiň açylyş dabarasy Belarus Respublikasynda resmi saparda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 9-njy oktýabrda boldy.
Özara bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki derejesi gazanylanlar bilen tanyşmaga giň mümkinçilikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin oňaýly şertleri döretmek arkaly, biziň ýurtlarymyzyň ykdysady ösüşine, dostlukly iki halkyň ýaşaýşynyň derejesiniň we maddy-hal ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.
Ýokary derejeli myhmanlar we sergi-ýarmarkasyna gatnaşanlar şunuň ýaly çäreleriň geçirilmeginiň işjeňligiň artdyrylmagyna ýardam berip, anyk netijeleriň gazanylmagyna getirilýändigini bellediler. Bu çärä gatnaşanlaryň, şol sanda Belarus Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň hem-de Minsk şäherinde ýaşaýanlaryň umumy pikirine görä, türkmen harytlarynyň sergisi Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty barada aýdyň düşünje berip, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga oňaýly mümkinçilik berýär. Belarusuň metbugatynyň we Internet neşirleriniň sahypalarynda çap edilen makalalarda-da milli serginiň üstünlikli geçirilendigi bellenilýär.
Umuman alanyňda, “Çižowka-Arena” atly köpugurly medeni-sport we dynç alyş toplumynda geçirilen forum ýurdumyzyň soňky ýyllarda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda uly üstünliklere eýe bolandygyny äşgär etdi.
Mälim boşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşary ýurt işewürligi bilen hyzmatdaşlgy ösdürmek milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde üstünlikli amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen birlikde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geografiýasynyň giňeldilmegine, täze bazarlaryň özleşdirilmegine hem-de Türkmenistanyň beýleki ýurtlaryň daşarky söwda dolanyşygynda eýeleýän orunlarynyň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, netijeli türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we biziň döwletlerimiziň işewür toparolarynyň arasynda özara arkalaşykly hereket edilmegini işjeňleşdirmek maksady bilen guralan bu sergi-ýarmarka möhüm ähmiýetlidigini görkezdi. Çünki bu sergi belarusly hyzmatdaşlary türkmen ykdysadyýetinde gazanylan ýokary netijeler, Türkmenistanyň halk hojalygynyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly kuwwata eýe bolup durýan pudaklarynyň we döwlete dahylsyz ulgamynyň maýa goýumlary we eksport babatdaky giň mümkinçilikleri barada aýdyň düşünje bermek bilen çäklenmän, geljegine uly umyt baglanýan täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna-da ýardam etdi.
Sergi-ýarmarkanyň işlän günleriniň ählisinde ýurdumuzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, şeýle hem Döwlet balyk hojalygy komitetiniň bölümine gelip görenler has köp boldy. Bular miwe-gök ekin, gaplanan, balykdan taýýarlanan önümleri, unaşyň, ýagyň, çakyr-arak we alkogolsyz önümleriň dürli görnüşlerini görkezdiler.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy bölegine degişli bolup, azyk önümlerini işläp taýýarlaýan kärhanalaryň bölümlerine-de gyzyklanma bildirilmegi kanunalaýyk ýagdaýa öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, “Hasar” hojalyk jemgyýetiniň süýji önümleriniň, “Ak daş”, “8-ÝAP”, “Parahat” kärhanalarynyň elin şireleri we dürli görnüşdäki içgileri sergi-ýarmarkasyna gelenleri biperwaý gadyrmady.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň diwarlygy foruma gatnaşan köp sanly adamlaryň we myhmanlaryň ünsüni çekdi. Şunda ýygnanan otlardan taýýarlanan çaýyň dürli görnüşleri hödürlenildi. Bularyň düzüminde buýan köki, ýandagyň gülleri, narpyzyň ýapaklary, itburunyň miweleri we türkmen topragynda bitýän başga-da köp sanly dermanlyk ösümlikler bar.
Türkmenistanyň Dokma senagatyň ministrliginiň bölümi aýratyn gyzyklanma döretdi. Şonda “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgyly taýyn trikotaž, jinsi, tüýjjümek önümleriň, matalaryň dürli görnüşleri, ýorgan-düşek üçin pagtadan edilen daşlyklary we beýlekiler görkezildi. Ýeri gelende aýtsak, ýarmarka gelenler bu pudagyň ISO 9001 we 9002, şeýle hem ISO 14001 sertifikatlara eýe bolan kärhanalarynda işlenip taýýarlanylan türkmen dokma önümleriniň ýokary hillidigini bellediler.
Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýöriteleşdirilen pawilonyna gelenler syýahatçylyk ulgamynyň örän uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri we tebigy goraghanalary bilen tanyşdyrýan we syýahatçylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolan ugurlar barada jikme-jik maglumatlar berildi.
Sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçiligiň döredilmegi bu çäräniň ýene-de bir aýratynlygyna öwrüldi. Sergä gelenler özboluşlylygy, dürli öwüşginlere baý bolmagy, nepisligi we ýüpek ýaly ýumşaklygy bilen tapawutlanýan türkmen halylylaryny uly gyzyklanma bilen synladylar. Olar amaly-haşam sungatynyň milli özboluşylylygy we oňat hilliligi bilen tapawutlanýan önümlerine-de içgin üns berdiler.
Forumyň geçirilen günlerinde oňa gatnaşyjylar ykdysady üstünlikleriň bu gözden geçirilişini Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrülendigini bellediler. Umuman alanyňda, türkmen harytlarynyň sergisi Belarusuň döwlet düzümleriniň, şeýle hem bu ýurduň işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döredip, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hem-de Türkmenistanyň edaralarynyň we kärhanalarynyň dürli ugurlar boýunça hödürleýän hyzmatlarynyň örän köp görnüşlerini görkezmek üçin özboluşly binýada öwrüldi. Şunuň bilen birlikde bu forumda iki ýurduň wekillerine täze tehnologiýalarw ulanmak babatda-da tejribe alyşmaga, şeýle hem hünärmenleriň arasynda täze gatnaşyklary ýola goýmaga we dostlukly iki ýurduň bazarlaryndaky ýagdaýy öwrenmäge oňaýly mümkinçilikler döredildi.