2017-nji ýylyň 10-11-nji maýynda Minskde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belorus toparynyň nobatdaky 8-nji mejlisi geçirildi. Toparyň belarus bölegine Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň Wise-premýeri A.Kalinin ýolbaşçylyk etdi.
Toparyň işine ýurtlaryň ministrtlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem işewürler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde taraplar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri barada maglumatlary alyşdylar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň we Belarusyň gatnaşyklarynyň ösüşiniň yzygiderligine üns çekilip, hyzmatdaşlygyň dowamynda dürli ugurlarda 90 golaý ylalaşyga gol çekilendigini barada aýdyldy.
Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň Wise-premýeri A.Kalinin Türkmenistanyň we Belarusyň arasyndaky söwda dolanşygyny 500 mln dollara çenli köpeltmek meýilleri barada aýtdy. Ol 2016-njy ýylda Türkmenistanyň we Belarusyň arasyndaky daşary söwda dolanşygyny 120 mln dollardan artandygyny, hyzmatlar bilen bolsa 300 mln dollara barabar bolandygyny belledi. «Maksat biraz çylşyrymlyrak, ýöne biz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň şuňa meňzeş derejesine ýetmegi wezipe edinýäris», — diýip, j-p Kalinin belledi.
Mejlisde awtomobil we demirýol ulaglary ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy, hususan hem Türkmenistana demir ýol wagonlaryny eltmek, şeýle hem belarus tarapyna Türkmenistandaky ýollaryň gurluşyklaryna gatnaşmak teklip edildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Minske sapary maýyň 10-12-si aralygynda boldy. Wekiliýetiň agzalary hökümetara toparynyň mejlisine gatnaşdylar, şeýle hem «Ştadler Minsk», «Ýokary tehnologiýalaryň parky», «Minsktrans», «Elektron hyzmatlaryň milli merkezi», «Belarus demor ýollary» DB ýaly kärhanalaryna baryp gördüler.