Minskide Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karary bilen toparyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasynyň ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi, bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlyk iki tarapyň bähbitlerine we toplanylan tejribelere daýanýar.
Lebap welaýatynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurmak boýunça iri möçberli bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşygyň anyk mysalydyr.