9.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Miras” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň her çärýekde çap edilýän ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň dördünji sany şu neşiriň 2012-nji ýyla degişli sanlarynyň tapgyryny jemleýär, bu neşiriň sahypalarynda türkmen halkynyň baý ruhy we taryhy-medeni mirasy beýan edilýär. “Miras” žurnalynda türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýän makalalarda Türkmenistanda häzirki döwürde taryhy ylmyň ösüşiniň umymy kanunalaýyklyklary we muňa mahsus ýagdaýlar, dünýäniň ylmy tejribesiniň filosofiýa, filologiýa, sungaty we medeniýeti öwreniş hem-de gumanitar ylymlaryň beýleki ugurlary bilen baglylykda gazananlary äşgär edilýär.

Neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumymilli baýramçylyk – Bitaraplyk güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna ýüzlenmesi, şeýle hem milli Liderimiziň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanda guralan “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag haty bilen açylýar. Neşiriň şu sanynyň sahypalarynda döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça çagyrylan we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan maslahata gatnaşyjylaryň makalalary hem ýerleşdirildi.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde bolgariýaly alym, professor L.Simeonowanyň “Orta Aziýanyň üstünden geçen Ýüpek ýoly: gadymy döwürlerden orta asyrlara çenli” atly makalasy ýerleşdirilip, şonda Gündogaryň we Günbataryň arasynda söwda ýollarynyň giň ulgamynyň kemala gelşine we ösüşine degişli möhüm ähmiýetli taryhy döwürler, häzirki Türkmenistanyň çägindäki iri medeni-syýasy we söwda merkezleriniň orny we ähmiýeti barada gürrüň edilýär. Tanymal arheolog W.Sarianidiniň “Gadymy ýollaryň çatrygynda” atly makalasynda Orta Aziýa sebitinde medeniýetleriň ysnyşykly gatnaşyklaryna, maddy we ruhy gymmatlyklaryň alyş-çalyş edilmegine degişli täsin galdyrýan subutnamalar barada aýdylýar, bu iş alymyň Baktriýa – Margiana arheologik toplumynyň meşhur ýadygärligi bolan Goňurdepede geçiren ylmy-barlaglarynyň netijeleri boýunça taýýarlanypdyr.

Şol bölümde okyjylar russiýaly alym N. Ýekeýewiň “Oguznama” we Altaý eposy: deňeşdirilip öwrenilişi we taryhy derňewde ulanylyşy” atly makalasy bilen tanşyp bilerler, bu makala gadymy ýazuw ýadygärliklerini deňeşdirip seljermegiň meselelerine bagyşlanýar.

“Täze açyşlar we işläp düzmeler” atly bölümde Türkiýäniň Nigde uniwersitetiniň taryh ylymlary boýunça professory R.Kylyçyň “Türkmenler tarapyndan gurlan beýik seljuklar döwleti we Türkmenistanyň strategiki ähmiýeti” atly makalasy ýerleşdirilip, şonda türkmenleriň taryhyndaky iň kuwwatly we nesilden-nesle geçen imperiýalaryň biriniň taryhy orny we ähmiýeti boýunça geçirilen ylmy-barlaglaryň netijeleri barada gürrüň edilýär. Tatar döwlet gumanitar-mugallymçylyk uniwersitetiniň professory A.Burhanowyň “Gündogar Türkmenistandaky irki orta asyrlara degişli tegelek şekilli ybadathana” atly makalasy Lebap welaýatyndaky taryhy-arhologiki ýadygärlikleri öwrenmegiň käbir netijelerine we geljekki mümkinçiliklerine bagyşlanýar.

Žurnalyň şu sanyndaky “Ylmy we medeni durmuş habarlary” atly bölümde Birleşen Arap Emirliklerinden alym Fahd Aly Muhammed Al-Muammariniň edebiýaty öwrenişe degişli “Magtymgulynyň goşgularynda millilik duýgusy” atly işi bilen tanyşdyrylýar, bu iş ajaýyp türkmen şahyrynyň arap diline terjime edilen goşgularynyň derňewine esaslanýar.

Žurnalyň bu sany geçen ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyndaky wakalara degişli adaty syn bilen jemlenýär.

Žurnal ýokary hilli derejede çap edilip, häzirki zaman sungat ussatlarynyň çeken suratlary we fotosuratlary, arhiwde saklanýan seýrek materiallar we kartografiki suratlar bilen göwnejaý bezelipdir.

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

syrach

Türkmenistanda Portugaliýanyň ilçisi işe başlady.

syrach

Mihail Saakaşwili Azerbaýjana bardy.

syrach