9.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Mirasa Sarpa Goýmak, Watany Özgertmek Ýylynda Bedewleriň Sarpasy Belent Tutulýar

Mirasa Sarpa Goýmak, Watany Özgertmek Ýylynda Bedewleriň Sarpasy Belent Tutulýar

Hepdäniň dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, özüniň agtygy bilen ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy.

Milli Liderimiz müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgelerini Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi.

Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan, olaryň hüý-häsiýetine belet döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşmak we atly gezelenç etmek bilen meşgullanmaga wagt tapyp, şöhratly pederlerimizden galan bu asylly ýörelgäniň nesilleriň üsti bilen dowamat bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýär. Şunlukda, ösüşleriň belentliklerine tarap okgunly hereket edýän ýurdumyzyň ynamly gadamy ýelden ýüwrük bedewleriň badyna meňzedilýär.

… Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň agtygy bilen bilelikde bedewler bilen didarlaşyp, olara edilýän ideg, bedewleriň gyş möwsümini geçirişleri we bu ýurde döredilen şertleriň aýratynlyklary bilen gyzyklandylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Adylhan, milli Liderimiziň agtygy Kerimguly bolsa Baýramhan atly bedewleri jylawlap, athanadan çykardylar. Hormatly Prezidentimiz agtygy bilen bedewleri sypaň-sermeň edip, atlandylar-da, çapuw ýodasyna çykdylar. Öz erkine goýberilen bedewler gezim ýörişini etdiler.

Milli Liderimiz özüniň ahalteke bedewlerine bagyşlan eserlerinde milli atşynaslyk ýörelgesiniň rowaçlanýandygyny, ýurdumyzda bu pudagyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigini, şunlukda ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygyny belleýär. Türkmen halkynyň asylly atşynaslyk däpleriniň kämilleşdirilmegi, ahalteke tohum atlarynyň baş sanynyň artdyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atşynaslyk pudagynyň halkara ugurdaş düzümlerine goşulmagy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygnyyň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär.

Milli we dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan behişdi bedewler gözelligi, çeýeligi, wepalylygy hem-de ösen aňy bilen asyrlaryň dowamynda şahyrlar, suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. Çünki şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä beren milli gymmatlygy dünýäniň belli alymlarynyň, atşynaslarynyň ünsüni özüne çekýär.

Güýz paslynyň tamamlanan pursatlarynda türkmen tebigatynda özboluşly gözellik, asyllylyk emele gelýär. Munuň özi ynsan üçin tenekarlygy üpjün edýän ýakymly howadan, türkmen topragynyň aýratynlygyndan ybaratdyr. Milli Liderimiz agtygy bilen at sürüp baryşlaryna milli atşynaslyk däpleri, şöhratly pederlerrmiziň dünýä beren gymmatlygy, onuň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Döwlet Baştutanymyz agtygyna at çapmagyň aýratynlyklary we inçe tilsimleri, bedew batly çapylanda eýerde ykjam oturmalydygy, jylawy tutmagyň usullary, çapyksuwaryň bedew bilen bir hörpden gopmalydygy, dem alşyň hem bedewiňki bilen sazlaşmalydygy barada öwüt-ündewleri berdi.

Soňra olar ajaýyp bedewleri gorgunyna sürdüler. Gorgunlap barýan bedewlere ynamly we ussatlyk bilen erk edýän hormatly Prezidentimiz hem-de onuň agtygy atly ýörişini dowam etdiler. Köpetdagyň eteklerinde ýaýylyp ýatan ajaýyp ýaýla, özüne çekiji baýyrlaryň özboluşlylygy bu künjegiň görnüşine ajaýyp gözellik çaýýar.

Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda arassa ganly atlaryň baş sanynyň artdyrylmagy, bedewler, seýisler, çapyksuwarlar we atşynaslar üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi, milli atçylyk sportunyň halkara derejesindäki abraýynyň ýokary göterilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa özüniň oňyn netijesini berýär.

Soňra bedewli gezelenjini dowam edýän hormatly Prezidentimiz we onuň agtygy atlary öňatdy ýörişine geçirdiler. Bedewleriň bu hereketi ösüşleriň we täze ýeňişleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň okgunly hereketini ýatladýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy bilen, ajaýyp bedewler bilen didarlaşmagyny, atly gezelenç etmegini täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan türkmen halkynyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda amala aşyrylan beýik işleriň, ýagşy dessurlaryň we nurana arzuwlaryň dabaralanýandygyny alamatlandyran ýagdaýa öwrüldi. Çünki, ahalteke bedewi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplyklaryny, döwrüň döredijilikli ruhy göterilişini özünde jemleýär.

Milli Liderimiz agtygy bilen bolan söhbetdeşlikde geçmişde ahalteke bedewleriniň gazanan şöhraty, halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny barada gyzykly rowaýatlaryň üsti bilen gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ahalteke bedewleri ata – babalarymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň has möhümleriniň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň guwanjyna öwrülen türkmen atlarynyň şöhratynyň dünýä dolmagy babatda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklarynyň guralmagy ýola goýuldy. Munuň özi ýaş ýetginjekleriň bedew münmäge, at çapmaga bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak bilen bir hatarda, milli çapyksuwarlyk däpleriniň üstünlikli dowam etdirilmegini we ol ýörelgeleriň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýär. Ýetginjekleriň arasynda geçirilen ilkinji çapyşykda hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimgulynyň ýeňiş gazanandygyny aýratyn bellemeli.

At çapmaga uly höwesi bolan agtygynyň hereketine syn etmek ata üçin örän buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiz agtygynyň bedewe erk edişini, ony çapyşyny synlap, onuň erjelligine, yhlasyna guwandy. Bu duýgular ençeme asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda nesilleriň arabaglanyşygyny alamatlandyryp, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewe bolan söýginiň türkmeniň ganynda bolup, bu belent sarpanyň nesilden-nesle geçip, olar üçin durmuş mekdebiniň möhüm sapaklarynyň birine öwrülýändigini aňladýar.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilmegi netijesinde, milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýy barha belende galýar. Ahalteke bedewiniň tebigy gözelligi we syratlylygy, wepalylygy, ösen aňy we täsin zehini şahyrlar hem-de suratkeşler üçin asyrlarboýy ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Biz milli Liderimiziň tagallasy netijesinde behişdi bedewleriň öçmejek şöhratynyň ýer ýüzünde barha belende galýandygyny buýsanç bilen belläp bileris.

Hormaly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we agtygynyň nobatdaky bilelikde atly gezelenji nesilleriň dowamatlylygynyň nyşanyna öwrüldi, şunda bedewe sarpa goýmak uly nesilden ýaş nesle geçirilýär hem-de durmuşyň örän möhüm sapaklarynyň biri bolup durýar.

Degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowa Ykdysady Ylymlaryň Doktory Alymlyk Derejesiniň Berilmegi Mynasybetli Gutlaglar

syrach

Gyzykly Täze Ýyl Sirk Çykyşlary Tomaşaçylary Özüne Çekdi

turkmenhabargullugy

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Wekiliýeti Bilen Geçirilen Gepleşikler

syrach