6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Moldowa Hökümetiniň Wekiliýetiniň Ýurdumyza Saparyna Taýýarlyk

2015-nji ýylyň 2-nji Aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň geçirýän işleri barada hasabat berip, 6-8-nji aprelde Moldowa Respublikasynyň Hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, däp bolan döwletara dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda ýokary derejede geçiriljek türkmen – moldowa gepleşikleriniň ähmiýeti bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň iýulynda Moldowa Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda şol gatnaşyklara täze itergi berildi. Garaşylyşy ýaly, nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekiler. 

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik-Syýasy Durmuşyny Demokratiýalaşdyrmagyň Ýoly Bilen

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi “Ätiýaçlandyryş Hakynda”

Türkmen Dizaýneri Şalar Rahymow Toý-Dabaralar Üçin Eşikleri Görkezdi