Moskwanyň eteginde ýerleşen Korolýow şäherinde Moskwa oblastynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tehniki uniwersitetde her ýylda geçirilýän Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde gurnaldy we türkmen bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy.
Maslahatyň hormatly myhmanlary hökmünde Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Moskwa oblastynyň Bilim ministrliginiň wekilleri çagyryldy. Wideo-köpri arkaly Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň (Belarus Respublikasy) professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň maslahatyň işine gatnaşmagyna ýardam etdi. Maslahata gaýybana gatnaşmak görnüşini Maliýe akademiýasynyň (Gazagystan Respublikasy) diňleýjileri saýlap aldylar.
Tehniki uniwersitetiň rektory, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor Tatýana Starsewa öz çykyşynda: “Türkmenistanda Bitaraplyk we Parahatçylyk ýylynyň bellenilmegi bize bilimiň hiç bir serhete we syýasy garaýyşlara eýe bolman medeniýetara we milletara gatnaşyklaryň gurulmaly binýady bolup durýandygy hakynda pikirlenmegimiz üçin aýratyn sebäpdir” diýip belledi.
Onuň sözleriniň tassyknamasy ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistandan baran talyplar bilen ýola goýan köp ýyllyk tejribesi bolup durýar. Häzirki wagtda Moskwa oblastynyň öňdebaryjy bu ýokary okuw mekdebinde Türkmenistandan baran talyplaryň dört ýüze golaýy okuwlaryň dürli görnüşleri boýunça bilim alýarlar (bu Russiýanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda mukdar taýdan iň uly görkezijidir).
Maslahatyň geçiriljek gününe ýokary okuw mekdebiniň administrasiýasy Türkmenistanyň RF-ky Ilçihanasy bilen bilelikde talyplaryň zähmetiniň howeslendirilmeginiň özboluşly görnüşini taýýarladylar: Tehniki uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplaryň iň ezberleri Moskwa oblastynyň ajaýyp ýerlerine aýlanmak mümkinçilige eýe boldular.