19.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Mukamlar Köşgünde Baýramçylyk Konserti

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan täze möhlete saýlanylmagynyň dört ýyllygyna bagyşlanаn baýramçylyk konserti boldy. 

2012-nji ýylyň 12-nji fewraly- türkmenistanlylaryň milli Liderimize biragyzdan ses beren güni örän uly jemgyýetçilik-syýasy waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetimizde höküm sürýän agzybirligiň we jebisligiň ruhuny nobatdaky gezek dünýä äşgär etdi. Olar ösüşiň täze derejesine ýetilmegini—ýurdumyzyň berkararlyk we bagtyýarlyk döwrüne gadam basmagyny alamatlandyrdy. 

Bu şygar jemgyýetiň ruhy taýdan galkynmagynyň, adamlaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň beýanyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri – bu belent maksatlaryň we giň gerimli meýilnamalaryň, ylham-joşgunyň we anyk işleriň, döredijilik pikiriniň hem-de täze beýik işleriň döwri, iň gowy milli we dünýä tejribesiniň hem-de döwrebap çemeleşmeleriň, aýgytly, parasatly çözgütleriň we işjeň innowasion ösüşiň jemlenmesidir. Çünki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň gazanýan üstünliklerimiz öňe, ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap okgunly hereket etmek üçin şert bolup durýar. 





Häzirki döwürde ägirt uly işler amala aşyrylyp, olar Türkmenistany ösüşiň esasy ugurlary boýunça öňdäki orunlara çykardy. Milli Liderimiziň özgertmeler syýasaty ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan ýurdumyzy, baý medeni we aýawly saklanýan mirasy bolan halkymyzy özi üçin açan tutuş dünýäde ýokary baha we ykrarnama eýe boldy. 

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden Türkmenistanyň syýasy, durmuş – ykdysady we gumanitar meseleleri boýunça dünýä bileleşigi bilen açyk we oňyn gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýar. 

Halkyň öz milli Lideriniň daşynda berk jebisleşmegi biziň oňyn we ösüş özgertmelerimize durnuklylygy çaýýar. Adamlaryň beýik şahsy aýratynlyklara, baý durmuş tejribesine, bilimlere we paýhasa eýe bolan, ruhy güýjüň üsti bilen jemgyýeti ruhlandyrmaga we bir ýere jemlemäge, milli ylalaşygy we mäkäm döwletliligi kemala getirmäge ukyply ynsana ynam bildirmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belent abraýynyň esasyny düzýär. 





Türkmen halkynyň mizemez agzybirligi, onuň öz Arkadagynyň asylly başlangyçlaryny doly goldamagy “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen at bilen geçirilen baýramçylyk konsertiniň baş şygaryna öwrüldi. 

Mukamlar köşgüniň zalynda çeperçilik hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ol türkmen halkynyň bu gün ösýän baý medeni mirasy we çeper däpleri barada düşünje almaga ýardam edýär. 

Zala ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň, ylym-bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary bar. 

Baýramçylyk konserti Döwlet horunyň we “Güneş” çagalar toparynyň ýerine ýetirmeginde “Jan Watanym, Türkmenistan” diýen joşgunly aýdym bilen açylyp, ol şu günki wakanyň dabaraly bölegine öwrüldi. Soňra sahnada şanly sene mynasybetli gutlaglar beýan edildi. Ähli watandaşlarymyzyň adyndan milli Liderimize türkmen topragynda geçirilýän beýik özgertmeler üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Şol özgertmeler netijesinde biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiz çalt depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň hataryna girdi. 

Soňra konsertiň maksatnamasyny ýurdumyzyň meşhur aýdymçylary, saz sahnasynyň ussatlary we zehinli ýaş artistler dowam etdiler. Çykyşlar eziz Watanymyzyň şu günki ajaýyp güni, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän oňyn özgertmeleriniň ajaýyp miweleri, şäherdir obalarymyzyň täze keşbi hakynda gürrüň berýän wideoşekiller bilen utgaşdy. 

Mukamlar köşgüniň sahnasynda estrada we halk aýdymlary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň sözlerine düzülen aýdymlar ýaňlanyp, milli operalardan we gadymy dessanlardan sahnalar we beýlekiler görkezildi. 





Halk döredijiliginiň äheňinde ýerine ýetirilen aýdym özboluşly çykyşa öwrülip, bu dürli öwüşginli sahnada türkmen toýuna mahsus bolan däp-dessurlar—bagşylaryň bäsleşigi, milli tagamlary taýýarlamak ýaly sahnalar görkezildi. Halkyň köp asyrlyk paýhasyny özünde jemleýän ganatly setirler, nakyllardyr atalar sözi dürli öwüşginli çykyşa özboluşly goşundy boldy. Çykyş gadymy, emma häzire çenli öz jadyly täsirini ýitirmedik küşt depdi tansy bilen tamamlandy. 

Eziz Watanymyzyň täze döwürde gülläp ösüşi “Watanym özgerýär Arkadag bilen” diýen aýdymda öz beýanyny tapyp, ol agzybir halkyň Gahryman Arkadagyna bolan söýgi we minnetdarlyk duýgularyny oýardy. Konserte Döwlet simfoniki orkestri, Döwlet tans topary, “Meňli”, “Dehistan”, “Aşgabat” tans toparlary we beýleki döredijilik toparlary gatnaşdylar. 

Konserte gatnaşyjylaryň, aýdymçylaryň hem-de tomaşaçylaryň bilelikde ýerine ýetiren “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymy baýramçylyk konsertiniň jemleýji pursadyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna ýazylan bu joşgunly aýdym biziň millionlarça raýatlarymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap gadam urýan Garaşsyz Bitarap Türkmenistana bolan buýsanjynyň beýanyna öwrüldi.

Degişli makalalar

Gorkut Mirasy we Türki Dünýäsi Atly Medeni Agşam Geçirildi

syrach

Aşgabatda Gülçülik we Bagçylyk Boýunça Halkara Sergisi Geçirilýär

syrach

«Zähmet» Bekedi Gazçylary Arassa Agyz Suwy Bilen Üpjün Edýär