Döwlet köşki Akordada žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Nazarbaýew Ukrainadaky dartgynlykdan soň Russiýa goýulan sanksiýalaryň we sebitleýin turbulentligiň täsiriniň uzak dowam edip biljekdigini duýdurdy.
Walýuta kurslaryndaky durnuksyzlygyň elmydama bolup biljekdigini, banklardaky hasaplaryň bolsa kepillendirilendigini nygtan Nazarbaýew tygşytlylyk syýasatyna garamazdan hökümetiň sosial borçlaryny ünsden düşürmejekdigini, ykdysady çökgünligi başdan geçirýändiklerine seretmezden döwlet gullukçylarynyň we hormatly dynç alyşdakylaryň aýlyklarynyň aşakladylmajakdygyny aýtdy.
Nursoltan Nazarbaýew nebitden daşgary önümçiligi artdyrmak maksady bilen sebitleýin senagat taslamalarynyň möhümdigini nygtady.