«Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň nebit pudagynyň ösmegine düýpli goşant goşmak bilen ýokary önümçilik görkezijilerini gazanýarlar.
2020-nji ýylyň ýanwar aýynda konsern boýunça nebit önümçiligi 318,2 müň tonna «gara altyna», şeýle hem 376 mln kub metr «mawy ýangyja» barabar boldy. Bu sanlar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende düýpli ýokarydyr.
Şol bir wagtda, «Goturdepe» nebit we gaz çykaryş müdirligi tarapyndan hasabat döwründe 110 müň tonnadan gowrak nebit alyndy. Bu görkeziji konsern boýunça «gara altynyň» çykarylyşynyň umumy möçberiniň üçden birine deňdir.
TNGIZT gaýtadan işlemek üçin 305,2 müň tonna çig mal ugradyldy. Ýanwar aýynda ýurdumyzyň günbatar sebitinden alnan tebigy gazyň sarp edijilere ýetirilen möçberi 117,4 göterime deň boldy.
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Körpeje», «Ekerem», «Nebitdag», «Goturdepe» buraw işleri müdirlikleriniň burawçylary uly zähmet üstünliklerini gazandylar. Häzirki zaman ýokary tehnologik enjamlaryň ulanylmagy netijesinde şu ýylyň ýanwar aýynda dag jynslaryndan geçiş 17 müň 186 m-e barabar boldy. Goşmaça 1 müň 72 m çuňluk geçildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ep-esli artykdyr.
Ýerasty baýlyklaryň iň täze enjamlary ulanmak arkaly özleşdirilmegi, nebit konserniniň material-tehniki ýagdaýynyň berkidilmegi gözleg-barlag işleriniň geografiýasyny giňeltmäge, ýokary netijeleri durnukly gazanmaga ýardam eder.