Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýurdumyzyň ilatyny mugt gaz bilen üpjün etmek, iň çetki obalarda ýaşaýanlar üçin hem «mawy ýangyjyň» elýeterli bolmagyny gazanmak, hususy awtoulag eýelerine mugt benzin bermek ýaly meseleler iňňän wajypdyr.
12-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda, himiýa pudagynda we balyk hojalygynda işleriň barşy barada maslahat geçirdi.
Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň, himiýa senagaty pudagynyň, balyk hojalygynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahatda ilki bilen Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri B.Nedirow Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmagyň barşy hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi.
TOPH-nyň Tehniki toparynyň ýaňy-ýakynda Aşgabatda geçirilen bäşinji mejlisiniň jemleri boýunça bu möhüm infrastruktura taslamasyny ilerletmek boýunça gazanylan öňegidişligi belläp, ol gaz geçirijiniň esasy tehniki we telekeçilik parametrlerini işläp taýýarlamak we gaz geçirijiniň gurluşygy boýunça çarçuwaly ylalaşygy taýýarlamak boýunça işler hakynda hasabat berdi. Bu gaz geçirijiniň taslamasy ony durmuşa geçirmäge gatnaşýan ýurtlaryň hökümetleriniň garamagyna hödürlener.
Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçiriji magistralyň möhüm halkara ähmiýetini belledi, ol diňe bir energiýa serişdelerine islegiň durnukly artýan Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna Türkmenistandan tebigy gazy uzakmöhletleýin ibermegi üpjün etmäge däl-de, eýsem, bu sebitiň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.
Taslama gatnaşyjylaryň ählisi Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan gaz geçirijiniň gurluşygyny geljegi uly we özara bähbitli hasaplaýarlar. Bu gaz geçirijisi diňe bir tutuş sebitde oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine uly goşant bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan üçünji müňýyllygyň global wezipelerini çözmäge hyzmat eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegi güýçlendirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny belläp, türkmen döwletiniň Baştutany täze iri energiýa ugruny çekmek bilen baglylykda ekologiýa meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdi.
Soňra «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy A.Derýaýew nebitgaz pudagyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde maksatlaýyn taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi. Ol hususan-da, ozal döwlet Baştutany tarapyndan berlen, ulanylýan ýataklarda nebitiň çykarylyşyny artdyrmaga, geljegi uly täze meýdançalary abadanlaşdyrmagy güýçlendirmäge we nebit çykarmak ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi boýunça görlen çäreler hakynda habar berdi.
Nebit senagatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda «gara altynyň» öndürilişini çalt depginlerde artdyrmagyň durýandygyny görkezip, hormatly Prezidentimiz pudagyň ýolbaşçylaryndan konserniň nebit çykarýan kärhanalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi talap etdi. Döwlet mundan beýläk-de ýurdumyzyň nebitçilerine önümçilik kuwwatlyklaryny iň öňdebaryjy we ýokary netijeli enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen üpjün etmek üçin goldaw berer, bu bolsa öz gezeginde uly ykdysady netijeleri gazanmaga mümkinçilik döreder diýip, milletiň Lideri aýtdy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy N.Muhammedow 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gaz senagatyny ösdürmegiň esasy görkezijileri barada hasabat bilen çykyş etdi. Ol häzirki wagtda Russiýa, Eýrana we Hytaýa iberilýän türkmen tebigy gazynyň akdyrylýan ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berip, täze gaztransport taslamalarynyň taýýarlanylyşy we Türkmenistanda «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy gazy öndürmegiň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady.
Milletiň Lideri häzir ýurdumyzyň konsernlerine iri möçberli taslamalary, şol sanda Gündogar—Günbatar gaz geçirijini gurmak baradaky taslamany özbaşdak amala aşyrmagyň tabşyrylandygyny nygtap, işleriň ählisini gurluşygyň iň täze tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.
Maslahatda «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň başlygy A.Ýegeleýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol şu ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça esasy önümçilik görkezijileriniň ýokary ösüş depginini belläp, hususan-da, ýurdumyzyň oba ýerleriniň ilatynyň gaz bilen üpjünçiliginiň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy boýunça çäreler, welaýatlarda we etraplarda önümçilik hem-de durmuş-ýaşaýyş maksatly desgalaryň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň gurluşygynyň barşy hakynda habar berdi.
Konserniň işgärleriniň adyndan milletiň Liderine özlerine iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan edip, ol taslamalaryň ählisiniň üstünlikli we öz wagtynda durmuşa geçirilmegi üçin birleşigiň gurluşykçylarynyň ähli tagallalary etjekdiklerine hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.
Nebitgaz toplumynyň gurluşyk bölümleriniň iňňän möhüm halk-hojalyk we durmuş taslamalaryny amala aşyrmakdaky barha artýan ornuny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenilen desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmegi we halkara standartlarynyň ýokary talaplaryna laýyk gelmeli işleriň hilini has ýokary derejä galdyrmagy tabşyrdy.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy T.Ýagşymyradow geologiýa-gözleg işleri ulgamynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, ol geçirilen seýsmobarlag we gidrogeologiýa barlaglarynyň netijesinde Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň we beýleki birnäçe gazylyp alynýan baýlyklarynyň hem-de suw serişdeleriniň gorlary artdy diýip belledi.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy A.Sahadow balyk senagatyny ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, balyklary ösdürip ýetişdirmek üçin täze howdanlaryň gurluşygy, köp dürli balyk önümlerini öndürmegiň ýola goýluşy, olary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerlemek boýunça ýöriteleşdirilen dükanlaryň ulgamynyň ösdürilişi barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen balygy köpeltmek we balyk önümlerini öndürmek barada telekeçilere ygtyýarnamalaryň berlip başlanandygy bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň balyk hojalyklarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak, bu işe telekeçileri has işjeň çekmek boýunça wezipeleri goýdy. Şunda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň şäherleriniň ilatynyň täze önümler, şeýle hem dürli taýýar balyk önümleri bilen üpjün edilişini gowulandyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Soňra «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy M.Kuraýew himiýa senagatyny ösdürmegiň depginleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýedi aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende himiýa önümleriniň öndürilişi artdy. M.Kuraýew himiýa dökünleriniň öndürilişiniň artandygyny belläp, öz önümçiligimiziň hasabyna ýurdumyzyň oba hojalygynyň gallaçylyk we pagtaçylyk pudaklarynyň fosfor dökünlerine bolan islegleriniň, esasan, kanagatlandyrylandygyny aýtdy. Himiýa senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak üçin täze kärhanalaryň birnäçesi, şol sanda Lebap welaýatynyň Garlyk obasynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag magdanlaryny baýlaşdyryjy toplum, Mary şäherinde karbamid we ammiak öndürýän zawodlar gurulýar.
Soňra Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň direktory M.Keýmirow çykyş edip, esasy nebit önümleriniň, şol sanda ýokary oktanly benziniň öndürilişi, taýýar önümleriň eksportunyň möçberleriniň artdyrylyşy boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçysyna ýokary hilli nebit önümlerini öndürmek we olaryň eksportunyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň direktory M.Hydyrow institutyň işgärleriniň gatnaşýan nebitgaz pudagynyň desgalaryň birnäçesiniň taslamasyny düzmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ý.Kakaýew «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň nebitgaz, himiýa toplumynyň we balyk hojalygynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň binýatlaýyn pudagy bolan nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar diýip nygtady. Şonuň bilen birlikde milletiň Lideri ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli işleriň ahyrky netijede halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip belledi.
Ýurdumyzyň ilatyny mugt gaz bilen üpjün etmek, iň çetki obalarda ýaşaýanlar üçin hem «mawy ýangyjyň» elýeterli bolmagyny gazanmak, hususy awtoulag eýelerine mugt benzin bermek ýaly meseleleriň iňňän wajypdygyny nygtap, döwlet Baştutany bu babatda hiç bir ownuk-uşak işiň bolmaly däldigini aýratyn nygtady.
Soňra ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýy we döwlet tarapyndan nebitgaz pudagyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin bölünip berilýän esasy maýa goýumlaryny özleşdirmegiň barşy hakyndaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Japarow çykyş etdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň ilatyna mugt tebigy gazdan peýdalanmak we hususy awtoulaglaryň eýelerine mugt benzin bermek dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, özüniň jemleýji çykyşynda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça pudaga degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň amala aşyrmaly işleriniň örän köpdügini belledi we bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin olaryň ýerine ýetirmeli işleri barada durup geçdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň pudagyň önümçilik meýilnamalarynda bellenen görkezijileri doly ýerine ýetirmelidigini belläp, pudaklaryň edara-kärhanalarynyň we guramalarynyň maliýe-ykdysady görkezijileriniň ýokary bolmagyny gazanyp, olaryň düşewüntli işlemeklerini üpjün etmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty tamamlap, ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty, himiýa we balyk hojalygy pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
referans: www.zamantm.com