8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleri özleriniň hünär baýramçylygyny belleýärler

Bu baýramçylyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Şu gün ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahata hökümet agzalary, pudaklaýyn ministrligiň, ýangyç-energetika toplumynyň iri kärhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz pudagyň işgärleriniň Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna laýyklykda alyp barýan işlerine ýokary baha berip, bu gün tebigy baýlyklaryň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň iri, kuwwatly nebitgaz pudakly döwletleriniň hataryna girýändigini belleýär. Biziň ýurdumyz geosyýasy, ykdysady ýagdaýy, uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna diýseň baýdygy bilen örän ygtybarly hem-da geljegi diýseň uly hyzmatdaş hökmünde hem halkara derejesinde uly abraýa eýedir.

Mälim bolşy ýaly, Döwlet Baştutanymyz Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi döretmek hakyndaky çözgüdini mundan bir ýyl ozal, diňe bir ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän nebitgaz pudagynda däl, eýsem Garaşsyz Türkmenistanyň iň täze taryhynda şanly wakanyň bolup geçen wagtynda beýan etdi. Hut şol günde dünýäniň geljegi uly bazarlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasyna türkmen «mawy ýangyjynyň» iberilmegini üpjün edýän Transaziýa gaz geçirijisi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Şu günki maslahatda bellenilişi ýaly, XXI asyryň ägirt uly taslamasy diýlip atlandyrylan bu giň möçberli halkara taslamasynyň durmuşa geçirilmegi milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň birine öwrüldi. Bu strategiýa nebitgaz pudagynyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we türkmen energiýa serişdeleriniň iri dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir. Şu jähetden üstümizdäki ýyl ähmiýetli wakalara örän baý boldy. Şol wakalar bolsa energetika ulgamynda öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýan türkmen döwletiniň anyk ädimlerine öwrüldi.

Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda öz işini tamamlan «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» sammiti şeýle taryhy ädimleriň biri boldy. Bu sammitde örän uly energetika köprüsiniň-TOPH Transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Bu ýokary derejedäki duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, şeýle hem Hindistan Respublikasynyň nebit we tebigy gaz ministri Murli Deora gatnaşdylar. Sammit tamamlanan soň, Türkmenistanyň Hökümetiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň we Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky Hökümetara Ylalaşyga», şeýle hem «Taslama gatnaşýan ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda gaz geçirijisi hakyndaky Çarçuwaly Ylalaşyga» gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekilen resminamalaryň halkara ähmiýetini teswirläp, täze energetika köprüsiniň döredilmegi täjirçilik we ykdysady peýdadan başga-da, sebitde hem-de onuň çäklerinden daşda umumy ýagdaýy durnuklaşdyryjy täsir etmäge ýardam berer diýip nygtady. Bu gaz geçirijisi her ýylda Aziýa yklymynyň iri ýurtlaryna türkmen gazynyň 33 milliard kub metrini ibermäge mümkinçilik berer.

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportunyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan bu ulgamda göz öňünde tutulan meýilnamalary tapgyrlaýyn durmuşa geçirip, öz «mawy ýangyjyny» Russiýa Federasiýasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasyna iberýär. Özi-de, şu ýyl gaz ulgamynda goňşy Eýran we alysdaky Hytaý bilen hyzmatdaşlyk onuň hemmatarlaýyn durnukly ösdürilýändigini görkezýär.

Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadineżadyň gatnaşmagynda Döwletabat-Sarahs-Hangeran gaz geçirijisi ulanmaga berildi. Noýabr aýynda bolsa iki dostlukly ýurduň liderleri Eýranyň çäginde Hangeran-Sangbast gaz geçirijisiniň açylyşyna gatnaşdylar. Döwletabat-Hangeran turbageçirijiniň dowamyna öwrülen we eýranüsti gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolup durýan bu şaha Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde strategiki ähmiýete eýe bolar. Çünki iki döwletiň çäginde döredilen we eýýäm hereket edýän turbageçiriji infrastruktura Eýranyň esasy gaz geçirijileri boýunça tebigy gazyň 20 milliard kub metrini, zerur bolan halatynda bolsa ýangyjyň has köp möçberdäkisini ibermäge mümkinçilik berer. Eýranyň gaz geçirijisi hem halkara energetika bazarlaryna çykyp bilýär.

Şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hojambaz etrabynda «Bagtyýarlyk» gaz gysyjy stansiýasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu desga Türkmenistan-Hytaý gaz geçiriji ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Taslamada göz öňünde tutulan kuwwaty 70,5 megawata barabar bolan bu desga her gije-gündiziň dowamynda 60 million kub metr gazy turbageçirijä ibermäge ukyplydyr. Munuň özi Transaziýa gaz geçirijisine iberilýän «mawy ýangyjyň» möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Aşgabadyň we Pekiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde Hytaýa iberilýän türkmen gazynyň möçberini artdyrmak boýunça täze şertnamany taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy we Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň ikinji şahasyny gurmagyň meseleleri ylalaşyldy.

Türkmenistan tebigy gazyň eksportynyň möçberini giňeldip, bu strategik görnüşli ýangyjyň serişdeler binýadyny ynamly pugtalandyrýar. «Türkmengeologiýa» döwlet konserniniň hünärmenleri tarapyndan geologiýa-gözleg işleriniň üstünlikli geçirilmegi ägirt uly Günorta Ýolöten ýatagynyň bahalandyrylan gorlaryny 22 trillion kub metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Munuň özi Türkmenistany dünýäniň iň iri gaz döwletleriniň dörtlügine goşýar.

Şu ýatagy çalt ulanmaga bermek boýunça işler hem ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Şu maksat bilen, milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça «Türkmengaz» Döwlet konserni hyzmat etmek şertlerinde çekilen HHR-iň, Koreýa Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalary bilen Günorta Ýolöteni abadanlaşdyrmak boýunça umumy bahasy ABŞ-niň on milliard dollaryna golaý bolan taslamany durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzyň beýleki geljegi uly ýataklaryny özleşdirmek işleri hem netijeli alnyp barylýar. Bütin ýurdumyz boýunça açylan gaz we gazkondensat ýataklary hem muňa şaýatlyk edýär. Mysal üçin, Lebap welaýatynda Agarguýy, Demirgazyk Gazlydepe, Ahal welaýatynda Günorta Gutlyýak, Gäzli, Mary welaýatynda Minara täze ýataklar açyldy. Häzir gözlenilýän ýataklaryň çäklerinde hem gazyň senagat akymy alyndy. Munuň özi gazyň senagat gorlarynyň möçberiniň artdyrylmagyny üpjün edýär. Şeýle netijeler, hususan-da, Lebap welaýatyndaky Demirgazyk Naýyp, Bagaja, Çartak, Ahal welaýatyndaky Garajaowlak, Balkan welaýatyndaky Garadurun we Ajyýap, Mary welaýatyndaky Ýaşlar ýataklarynda alyndy.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralary hormatly Prezidentimiziň eýýäm üsti açylan ýataklary çalt ulanmaga bermek baradaky wezipesini üstünlikli çözýärler. Mysal üçin, «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleri 2009-njy ýyldan bäri Mary welaýatynda Gurrukbil-Garabil ýataklarynyň birnäçesini tejribe – senagat taýdan ulanmak işini alyp barýarlar. Munuň özi ýakyn geljekde şu ýatakda ýangyjyň çykarylyşyny ýylda 4 milliard kub metre çenli ýetirmäge mümkinçilik berer. Şu ýyl, Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Merkezi Garagumda «Zäkli-Derweze-KS Ýylanly» gaz geçirijisi dabaraly ýagdaýda işe girizildi, şeýle hem Merkezi Garagumuň gaz ýataklarynyň birnäçesini senagat taýdan abadanlaşdyrmak işine badalga berildi. Munuň özi Türkmenistanyň ýangyç çykaryş mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmaga saldamly goşant bolar.

«Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň hünärmenleri uzynlygy 1000 kilometre golaý bolan «Gündogar-Gunbatar» gaz geçirijisini gurmak baradaky iri taslamany özbaşdak durmuşa geçirýärler. Ýylda 30 milliard kub metr gazy geçirmäge ukyply bolan bu turbageçiriji ýurdumyzyň ähli iri ýataklaryny «mawy halka» birikdirmäge, şeýle hem ýangyjyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebit pudagy hem uly ösüşe eýe boldy. Soňky ýyllarda günbatar Türkmenistanyň ýataklarynda innowasion inżenerçilik çözgütleri we öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ulanmak bilen häzirki zaman nebitgaz çykarýan düzüm döredildi. «Türkmennebit» döwlet konserni nebit guýularyny burawlamak, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, enjamlary täzelemek, täze turbageçirijileri gurmak ulgamynda daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Häzir Türkmenistan nebit pudagyny dörebaplaşdyrmaga uly maýa serişdelerini çekýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary Germaniýanyň, ABŞ-niň, HHR-iň, Russiýanyň esasy öndürijileriniň iň täze tehnikalary we enjamlary bilen üpjün edilýär. Häzirki zaman enjamlary we täze tehnologiýalar öň ýetip bolmaýan gatlaklarda nebitiň täze çuň gorlarynyň üstüni açmaga mümkinçilik berýär.

Täze nebitgaz ýataklaryny abadanlaşdyrmak konserniň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Golaýda abadanlaşdyrylan we ulanmaga berlen ýataklaryň hataryna ýurdumyzyň günbatarynda ýerleşýän Çekiçler, Günorta Gamyşlyja, Nebitlije ýataklaryny goşmak bolar. 2010-njy ýylyň fewralynda döwlet konserni Hazaryň kenarynda bölekleýin ýerleşen Demirgazyk Goturdepe ýatagyny özleşdirmäge ilkinji gezek girişdi. Aprel aýynda konserniň hünärmenleri şu sebitde ýerleşen, öň diňe gaz ýatagy diýlip hasaplanan Altyguýy ýatagynda täze, geljegi uly nebit gorlarynyň üstüni açdy.

«Türkmennebit» döwlet konserni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suwuk uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny gözlemek işleriniň depginini çaltlandyrmak boýunça öňde goýan strategik wezipesini çözmek bilen, täze ýataklaryň birnäçesinde, şol sanda ýurdumyzyň günbatar böleginde ýerleşen Kemer, Miýesser, Garadaşly, Günbatar Körpeje, Simler, Şaýyrdy, Akeser ýataklarynda gözleg işlerini alyp barýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem nebit çykarmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Mysal üçin, geçen ýyl Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Merkezi Garagumda «gara altyn» çykarylyp başlandy. «Türkmennebit» konserni şol ýerde täze Ýylakly we Mydar ýataklaryny özleşdirýär.

Günorta Ýolöten ýatagynyň özleşdirilmegi hem nebit çykarmak babatda uly ähmiýete eýedir. Şol ýerde tebigy gazyň ägirt uly gorlary bilen birlikde geljegi uly nebit gorlary hem bar. Amyderýanyň sag kenaryndaky Ýaşyldepe ýatagynda hem «gara altyn» çykarylýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýataklaryň nebiti Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna gelip gowuşýan çig malyň esasy bölegini düzýär.

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan gunbatar Türkmenistanyň ýataklaryndan alynýan çig malyň möçberlerini durnukly artdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn iş özüniň oňyn netijesini berýär. Mysal üçin, Goturdepe, Nebitdag, Gumdag, Barsagelmez, Ekerem, Çeleken we beýleki iri ýataklarda çykaryjy we gaz gysyjy stansiýalary guruldy, täze guýularyň köp sanlysy burawlandy, turbageçirijileriň ýüzlerçe kilometri we nebit ýygnaýjy ulgamlar guruldy. Bularyň ählisi täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň ulanylmagy bilen birlikde ýataklardan çykarylýan «gara altynyň» möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ägirt uly mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmagyň uly geljegi energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglydyr. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmek, energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň täze ulag ugurlaryny kesgitlemek, gury ýerde ýangyç serişdelerini çykarmak babatda önümçilige häzirki zaman enjamlaryny we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça möhüm taslamalary belledi.

Her ýyl Aşgabatda geçirilýän we däbe öwrülen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly pudaklaýyn sergiler we maslahatlar, Gaz kongresi, halkara maýa goýum forumlary dünýäniň işewürleriniň Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär. Bu duşuşyklar dünýäniň ýöriteleşdirilen iri kompaniýalarynyň türkmen nebitgaz kärhanalarynyň wekilleri bilen göni gepleşikleri geçirmäge, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny çalt depginler bilen ösdürmäge we baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmäge gönükdirilen täze pikirleri we anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Şu gün geçirilen ylmy maslahatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hünär baýramçylygy mynasybetli nebitgaz we geologiýa pudaklarynyň has tapawutlanyp zähmet çeken işgärlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Maslahat tamamlanan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar döwlet tarapyndan nebitgaz senagatyna we geologiýa ulgamyna uly üns we goldaw berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milletiň Liderini «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudagyň işgärleriniň ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdylar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Jemi Içerki Önüminiň Ösüş Depgini Şu Ýylyň Dört Aýynda 6 Göterimden Geçdi

Gresiýa 5-nji gezek ÝB-nin döwürleýin ýolbaşçysy.

syrach

«Deryaplastik» HJ: Ýerli Çig Mal, Çeýe Marketing Ulanyp, Önümiň Eksporty Artdyrylýar